Download as docx, pdf, or txt
Download as docx, pdf, or txt
You are on page 1of 1

2011-2012-nji okuw ýyly

Tűrkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-njy synp okuwçylarynyň arasynda Informatika dersiniň welaýat
tapgyrynyň ýumuşlary. (1-tapgyr)
1. Bölüjileri diňe 2,3 we 5 sanlar bolan ilkinji n natural sanlary tapmaly.

2. Kwadrat matritsa setirler boýunça bir ölçegli massiw görnüşinde berlen. Matritsanyň baş
diaganalynyň elementlerini we onuň ýokarsynda ýerleşen elementleriň setirler boýunça çap
etmeli.

3. Noldan n-e çenli ähli natural sanlaryň kwadratlaryny çap etmeli. Arifmetiki alamatlardan diňe
goşmak we aýyrmak alamatlaryny ulanmaly.

4. Iki sportsmen bir nokatdan şol bir wagtda hereket başlaýarlar. Birinji sportsmen hereketini
10km/sag tizlik bilen başlaýar. Her indiki sagatdan tizligini bir km/sag deň ölçegli (çyzykly)
artdyrýar. Ikinji sportsmen hereketini 9 km/sag tizlik bilen başlaýar. Her indiki sagatdan tizligini
1,6 km/sag-da deň ölçegli artdyrýar
a) 4 sagatdan soň sportsmenleriň haýsysynyň uzak ýol geçendigini kesgitlemeli.
b) Ikinji sportsmenleriň birinjiniň yzyndan haçan ýetjekdigini kesgitlemeli.

5. 1,2,...,n sanlardan k uzynlykly ähli artýan yzygiderlikleri leksikografik tertipde görkezmeli.


(eger käbir s üçin a we b yzygiderlikleriň s uzynlykly başlangyç bölekleri deň we a
yzygiderligiň(s+1)-nji agzasy kiçi bolsa, onda a yzygiderlik b yzygiderligiň öňünden gelýär )
Meselem: n=5 k=2 üçin 1.2;1.3;1.4;1.5;2.3;2.4;2.5;3.4;3.5;4.5 alarys

You might also like