Download as doc, pdf, or txt
Download as doc, pdf, or txt
You are on page 1of 137

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI

HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETI

Kafedra: „Nebit we gaz ojaklaryny özleşdirmek“

˝Nebit çykarmagyň tehnikiasy we tehnologiýasy˝


dersi boýunça umumy sapaklaryň ýazgylary

Hünär: ˝Nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak˝

Taýýarlan: uly mugallym O.Garaýewa

Aşgabat
1-nji sapak
Giriş

Türkmen halkynyň howandary Hormatly Prezidentimiziň pähimli


ýolbaşçylygy netijesinde türkmen haky täze galkynyş zamanasynda ýaşaýar.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
„Nebitgaz pudagy ösdürmegiň ýurdumyzyň beýleki pudaklaryň ösüşi üçin uly
ähmiýeti bardyr“ diýip belläp geçýär. Dogrudan hyem, Nebitgaz ulgamy ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň kerwenbaşysydyr.
Mälim bolşy ýaly „Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla
çenli milli maksatnamasy“ kabul edildi.
Watanymyz üçin taryhy ähmiýedi bolan bu maksatnamada nebit-gaz
toplumyny ösdürmegiň meseleleri hem öz çözgüdini tapdy. 2030-njy ýyla çenli
nebitiň çykarylyşy 100 mln. tonna, gazyň çykarylyşy 240 mlrd. kub metre çenli
artmaly. Biziň hünärmenlerimiziň daşary ýurtlaryň ady belli kompaniýalary bilen
bilelikde geçiren barlaglarynyň netijesi Türkmenistanda nebitiň we gazyň ägirt uly
potensial gorlarynyň bardygyna güwä geçýär.
Bu hem maksatnamada goýulan wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik
berýär.
Nebit-gaz toplumynyň işgärleri daşary ýurt firmalary we kompaniýalary bilen
bilelikde okgunly işleýärler we nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmakda oňat
netijeler gazanýarlar.
Häzirki wagtda nebit çykarmak çykarylyşynyň tilsimatyny amala aşyrmak,
Günbatar Türkmenistanyň nebit-gaz känlerini özleşdirmek, ulanmak işlerini ýola
goýmak, olara ýolbaşçylyk etmek, esasan türkmen hünärmenleriniň paýyna düşýär.
Nebitgaz pudagynda zähmet çekýän hünärmenler ylmyň soňky
gazananlaryndan habarly bolmaly we özüniň işlerine ylmy taýdan çemeleşmeli. Hut
şonuň üçin hem hünärmenleri türkmen dilindäki kitaplary bilen üpjün etmek
zerurlygy ýüze çykdy.
Şu zerurçylygy aradan aýyrmak we nebitçileriň işleriniň has netijeli bolmagyna
ýardam eder diýen maksat bilen kitap taýýarlanyldy.
Kitap Türkmenistanyň nebit känlerinden nebit çykarmagyň tilsimatyna
bagyşlanyp, dört bölümden ybaratdyr:
1) Türkmenistanyň nebit känlerini ulanmagyň geologik-energetik esaslary;
2) Nebit çykarmagyň usullary;
3) Guýular ulanylanda ýüze çykýan kynçylyklara garşy göreşiň ýollary;
4) Guýynyň düýbüniň töweregindäki gatlagyň meýdanyna täsir etmek.

Tema. Guýulary ulanylyşa taýýarlamak.

Soraglar:
1. Guýulary ulanylyşa taýýarlamak.
2. Guýularyň düýplerindäki enjamlaryň gurluşy.
1
Burawlanan nebit alyjy guýular adatça birnäçe gezek onlarça ýyllap ulanylýar.
Şu wagtyň içinde kände işlenilip bejerilmäň dürli tapgyrlary bolup geçýär – haçanda
düzgün boýunça, çüwdürimli usul bilen suwsyz nebit alynýan başlangyçdan, haçanda
mehanizirlenen usul bilen güýçli suw basan önümiň uly mukdarda alynmagyndaky
soňky tapgyra çenli. Işlenilip bejerilme prosesinde gatlak basyşy hem peselýär, we
şonuň üçinem indiki tapgyrlarda pes dinamiki derejede suwuklyklary uly
göwrümlerde çykarmaly bolýar. Ýagdaýlaryň aglabasynda gatlagyň birmeňzeş dälligi
we onuň özbaşdak gutlak böleklerine bölünmegi baradaky habarlaryň
ýygnalmagynyň netijesinde olaryň aýry ulanylmagynyň ýa-da şol bir guýunyň
üstünden dürli gatlak böleklerine suwuň aýry sorulmasynyň zerurlygy ýüze çykýar.
Bu guýularyň ulanylyş şertlerini onuň işiniň tutuş döwründe ygtybarly kesgitlemek
mümkin bolmaýar. Emma guýularyň gurluşy olaryň gelejekde iş şertleriniň tutuş
mümkin bolan dürli görnüşliligine näçe gowy gabat gelse, ulanylşyň oňaýly şertleri
üçin enjamlaryň saýlanylmasy aýry guýularda-da, we känlerde tutuşlygyna onuň
işlenilip bejerilmesiniň dürli tapgyrlarynda-da şonça-da ýeňildir. Şunuň bilen
baglylykda ulanylyş kolonnalarynyň diametri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Hut şol
köplenç uly göwrümlerdäki suwuklyklary sormak üçin nasos enjamynyň ýa-da
gatlaklaryň aýry ulanylmasy üçin ýörite enjamyň berilşini çäklendirýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýagdaýlaryň hatarynda kiçi ýa-da kiçeldilen
diametrleri guýularyň burawlanylmagynda ýetilýän, tygşytlylygyň, känleri işläp
bejermekligiň indiki tapgyrlarynda şeýle guýularyň oňaýly ulanylmagynyň mümkin
däldiginiň netijesinde çykdaýjylara getirýanligini bellemän geçmeklik bolmaz.
Guýulary berkitmekligiň gurluşy onuň uzak wagtlap ulanylşynyň hasaby bilen
geologiki we tehniki faktorlar bilen kesgitlenilýär. Guýularyň gurluşynyň wajyp
elementi düýbiň gapdal böleginiň gurluşy bolup durýar.

Guýularyň düýplerindäki enjamlaryň gurluşy

Islendik ýagdaýda guýularyň düýbiniň gurluşy üpjün etmelidir:


- gatlagyň düýp gapdaly böleginiň mehaniki durnuklylygyny, enjam
goýberilýän guýularyň düýbine barmaklygy, dag jynslarynyň
ýykylmasynyň öňüni almaklygy;
- nebit bilen doýgunlaşan gatlak bilen guýularyň düýbiniň täsirli
gidrodinamiki aragatnaşygyny;
- nebite doýgun gatlak bölekleriniň saýlawly açylmak we suwa ýa-da gaza
doýgun gatlak bölekleriniň izolýasiýasy mümkinçiliklerini, ýagny eger
soňkyda önümleriň alynmagy bellige alynmasa;
- dürli gatlak böleklerine ýa-da monolitli gatlagyň aýry böleklerine saýlawly
täsirlenmäň mümkinçiliklerini;
- gatlagyň ähli nebite doýgun galyňlyklaryny deşmeklik mümkinçiliklerini.
Känleri işläp bejermekligiň geologiki we tilsimatly şertleri dürlidir, şonuň
üçinem guýularyň düýpleriniň birnäçe mahsus bolan görnuşleri bardyr.
1. Açyk düýpde (surat 1, a) oturtma kolonnalarynyň başmagy gatlagyň
üçeginiň öňünde sementleşdirilýär. Soňra gatlak kiçi diametrli dolota bilen açylýar,
2
üstýesinde guýularyň boýy önümli gatlagy garşysyna açyk galdyrylýar. Şeýle gurluş
ýeterlikli durnukly dag jynslarynda mümkindir;
toýunlar bilen otl gatlaklaşmaýan, gaz we suw göteriji gatkalarsyz çişmeklige
we bozulma tabyn, degerlikli birmeňzeş gatlakda; gatlagyň açylmagyna çenli üçegiň
we önümli gatlagyň okjesiniň belgisi barada ýeterlikli takyk berilenleriň bolmagyndal
berkidilmän galdyrylýan, gatlagyň degerlikli az galyňlygynda, şeýle-de şeyle
guýunyň ulanylmagynda aýry gatlak böleklerine saýlawly täsirlenmäň zerurlygy ýüze
çykmadyk ýagdaýynda.

1-nji surat. Gatlagy açmaklygyň usullary


a – açyk düýp; b – kolonnanyň hwostowigi bilen ýapylan, onuň
goýberilmeginden öňürti deşilen, düýp; w – filtrli düýp; g – deşilen düýp

Açyk düýbiň düýpli gowy tarapy onuň gidrodinamiki täsirlenmesi bolup


durýar.
Açyk düýpli guy etalonyň aňyrsynda kabul edilýär we onuň gidrodinamiki
kämilleşme koeffisiýenti birlige deň kabul edilýär. Şunuň bilen birlikde, gerek bolan
gatlak bölekleriniň saýlawly açylmagynyň mümkin dälligi we düýbiň gapdalyndaky
zonada gorp atmalaryň mydamalyk howpunyň mümkinciligi bilen bilelikde saýlawly
täsirlenmäň mümkin bolmazlygy uly depressiýalaryň döredilmeginde açyk düýbi
ulanmaklyk mümkinçiligi güýçli çäklendirýär. Şonuň üçinem guýunyň tutuş
fondunyň 5% azyna açyk düýp eýedir.
2. Eger guýunyň düýbi filtr bilen enjamlaşdyrylan bolsa, onda gurluşyň iki
warianty mümkindir.
Birinji wariant (surat 1, b): guýu dessine gatlagyň ökjesine çenli burawlanýar,
oturtma kolonnasy bilen gatlagyň önümli gatlagynyň garşysyna geçýän, aşaky
bölekde öňünden deşilen deşikler bilen berkidilýär, soňra gatlagyň üçeginiň
ýokarsynda kolonna epinli guýum usuly boýunça sementleşdirilýär. Kolonnanyň
deşilen böleginiň we gatlagyň açylan üstüniň arasyndaky giňişlik açyklygyna galýar.
Şeýle gurluşyň ulanylyş şerti manysy boýunça açyk düýbi ulanmaklyk üçin
şertler bilen birmeňzeşdir. Emma bu ýagdaýda düýbiň berkidilmesi has ygtybarlydyr
we hat-da düýbiň gapdalyndaky bölekde dag jynslarynyň bölekleýin gorp atmasy
ýagdaýynda-da iň düýbe çenli kolonnanyň doly diametrleriniň saklanylmasyna güwä
geçilýär.

3
Ikinji wariant (surat 1, w): oturtma kolonnasynyň başmagy gatlagyň üçegine
çenli goýberilýär we sementleşdirilýär. Gatlagyň açyk böleginde ownuk tegelek ýa-
da deşik görnüşdäki deşikli filtr bolýar. Filtriň aşaky böleginiň we oturtma
kolonnasynyň aşagynyň arasynda halkalaýyn giňişlik ýörite salnik ýa-da paker bilen
derňewlenýär. Filtrleriň esasy bellenilşi – guýulara çägäniň düşmeginiň öňüni
almakdyr. Bir wagtlar 50-80 mm uzynlykly we 0,8-1,5 mm inli boýuna seredilýän
deşikli filtrler ulanylşa eýe boldular. Mundan başga-da, deşilen turba geýdirilýän,
metal halkalaryň torslarynyň arasynda deşikler döredilýän, halkasy filtrler ulanyldy.
Halkalaryň torslarynyň arasynda perimeter boýunça birnäçe nokatlarda halkaly
deşikleriň inini kesgitleýji, kalibrlenen metal lentadan gysdyrmalar ornaşdyryldy
ýagdaýlaryň hatarynda özünde iki sany ownuk deşilen deşikli konsentriki ýerleşen
turbalary saklaýan, grawiýnli filtrler ulanyldy. Halkalaýyn giňişlikde turbalaryň
arasynda gatlak çägäni saklaýjy, esasy filtrleýji element bolup durian, 4-6 mm
diametrleri hilleşdirilen çagyl tapbatlanýar. Keramiki böleklere bölmek basyşyň
aşagynda ýapmaklygyň ýoly bilen ýasalýan, metalkeramiki filtrler hem mälimdir.
Şeýle materialdan bolan halka deşilen turba geýdirilýär we onda berkidilýär.
Metalkeramiki filtrler az gidrawliki garşylyga eýedirler we çägäniň iň ownuk
fraksiýalaryny saklaýarlar. Mundan başga-da filtrleriň ulanylşa eýe bolmadyk,
beýleki gurluşlary hem mälimdir.
Düýbiň filtrli gurluşy seýrek ulanylýar we diňe cage çykmaklyga tabyn,
sementleşdirilmedik netije deýgun çägeli gatlaklary açyjy, guýularda çägeli
dykylaryň döremegi bilen göreşmek serişdesi höküminde ulanylýar.
3. Düýbi deşilen guýular (surat 1, g) has giň gerime eýe boldular. Bu ýagdaýda
guýunyň boýy taslama belgisine çenli burawlanylýar. Oturtma kolonnasyny
goýbermezden öňürti guýunyň boýy we aýratyndan onuň önümli gatlaklaryň
üstünden geçýän, aşaky bölegi, geofiziki serişdeler bilen derňelýär. Şeýle derňewleriň
netijeleri nebite-, suwa- we gaza doýgun interwallary takyk ornaşdyrmaklyga we
ulanylyş obýektlerini bellige almaklyga mümkinçilik berýär. Şondan soň guýa
düýpden gerek bolan bellige çenli sementleşdirilýän, oturtma kolonnasy goýberilýär,
soňra bolsa bellige alynan interwallarda deşilýär.
Düýbi deşilen guýy indiki artykmaçlyklara eýedir.
Guýulary geçirmekligiň tilsimatynyň we geologiki kesimiň toplumlaýyn
geofiziki derňewlerini ýerine ýetirilmeginiň ýönekeýligi.
Deşilme bilen açylmadyk, dürli gatlak bölekleriniň ygtybarly izolýasiýasy.
Goýberilen ýa-da wagtlaýyn nebite doýgun interwallaryň açylmaklyk
mümkinçiligi.
Gatlagyň düýbiň gapdalyndaky zonasyna aralykly täsirlenme mümkinçiligi
(dürli işlenilip bekermeler, gidroüzülme, aýry sorulma ýa-da ýygnalma we
beýlekiler).
Guýunyň düýbiniň durnuklylygy we uzak wagtlap ulanylyş döwründe onuň
geçiş kesiminiň saklanmagy. Deşilen düýp cage döremeklige tabyn, gatlagy
açmaklykda guýunyň cage gelmekden we düýpde cage dykylmasynyň emele
gelmeginden ygtybarly gorawyny üpjün etmeýär. Şonuň üçinem köwülen
kollektorlary açmaklykda çägeden goramaklyk üçin deşilen interwalyň garşylyna

4
çägäni saklamaklyk üçin goşmaça filtri ýerleşdirýärler. Emma bu ýagdaýda filtrasion
garşylyk gatlak suwuklygynyň akymyna gönümel ösýär.
Mundan başga-da, deşilen düýp, deşilen deşikde toguň liniýasynyň
goýulanmasyna getirýär, bu açyk düýp bilen deňeşdirlende filtrasion garşylygyň
ulalmagyna getirýär.
2-nji sapak
Tema. Guýulary deşmeklik tehnikasy.

Soraglar:
1. Guýulary deşmeklik tehnikasy.
2. Perforatorlar.

Deşmekligiň dört sany usuly bardyr: okly, torpedaly, kumulýatiwly, çäge


akymly.
Deşmekligiň birinji üç usuly senagatda geofiziki partiýalar bilen olaryň
ygtyýarynda bolan enjamlaryň kömeginde amala aşyrylýar. Şonuň üçinem
deşmekligiň bu görnüşleriniň tehnikasy we tilsimaty birinji üç usulda önümçilik
geofizikasy kursunda ülüşleýin öwrenilýär. Çäge akymly deşmeklik nebit
senagatanyň tehniki serişdeleri we gulluklary bilen amala aşyrylýar. Ok bilen
deşmeklikde guýa elektriki kabelde, 12,5 mm diametrli oklar bilen zarýadlanan,
birnäçe (8-10) kamor-stwollardan durýan, atyjy okly apparatyny goýberýärler.
Kamorlar partlaýjy madda (PM) we detonatorlar bilen zarýadlanylýar. Elektriki
impulsyň berilmeginde gümmürdi bolup geçýär. Oklar kolonnany, sementi deşýärler
we dag jynsyna ornaşýarlar. Okly deşmekligiň iki görnüşi bardyr:
kese nilli perforatorlar (deşijiler). Bu ýagdaýda nilleriň uzynlygy kiçi we
perforatoryň radial gabaritleri bilen çäklenendir;
dik nilli gyşardyjyly oky guýunyň okuna gatnaşyk boýunça boýa ýakyn bolan,
ugura onuň uçuşyny bermek üçin ujda bolan perforatorlar.
ПБ-2 okly perforator birnäçe seksiýalardan ýygnalýar. Seksiýalaryň
gapdalynda nilleri oklar bilen zarýadlanan we germewleýji dykylar bilen ýapylan
partlaýjy madda bilen kamorlary kesişip geçýän, iki ýa-da dört dik kanallar
deşilendir. Ýokarky seksiýa – pelteli iki pelteli gurnama eýedir. Kabel boýunça toguň
berilmeginde birinji pelteli gurnama işleýär we detonasiýa dik kanallar boýunça bu
kanallar bilen kesişip gecýän, ähli kamorlara ýaýraýar. PM şol pursatda ýanmagynyň
netijesinde diýen ýaly kamorda gazlaryň basyşy 2 müň MPa ýetýär we şonyň
täsirinde ok atylyp çykýar.
Ähli nilleriň ýarymyndan şol bir wagtdaky atylyş bolup geçýär. Atylyşlaryň
sanyny goşalandyrmagyň zerurlygynda käbeliň ikinji žilasy boýunça ikinji impuls
berilýär we ikinji pelteli gurnamadan nilleriň ikinji ýarymy işleýär. Bu perforatorda
bir kamoryň PM zarýadynyň agramy az we 4-5g düzýär, şonuň üçinem onuň deşijilik
ukyby ýokary däl.
Emele gelýän deşilme kanallarynyň uzynlygy 65-145 mm düzýär. Kanalyň
diametri 12 mm.
2-nji suratda ПВН-90 dik-gyşyk liniýaly nilli okly perforator görkezilendir.
Nilleriň dik ýerleşmeginde kamoryň göwrümi we nilleriň uzynlygy ulydyr.
5
Bir kamora partlamaň energiýasyny dessine iki nile beryär. PM agramy bir
kamorda 90 g ýetýär. Kamorlardaky gazlaryň basyşy bu ýerde pesdir we 0,6-0,8 müň
MPa düzýär, emma olaryň täsiri has dowamlydyr. Bu onuň uçusynyň başdaky
tizligini we perforatoryň deşijilik ukybyny ulaltmaga mümkinçilik beryär. Deşiji
kanallaryň uzynlygy dag jynsynda 20 mm töweregi diametrde 145-350 mm bolýar.
Perforatoryň her seksiýasynda ujynda ýüzgüçli ternawlar-gyşardyjylar edilen, dört
sany dik nil bardyr. Legirlenen polatdan ýasalan oklar, gyşardyjylarda sürtülmäni
kemeltmeklik üçin med ýa-da swins bilen örtelýärler. Ähli nillerden atylyş şol bir
wagtda diýen ýaly bolup geçýär, sebäbi ähli kamorlar PM bilen ot geçiriji kanal
arkaly habarlaşýarlar.

2-njy surat. Dik gyşyk liniýaly nilli okly perforator

Her seksiýada iki nil ýokary we ikisi aşak ugrukdyrlandyr. Bu perforatora täsir
edýän, reaktiw güýçleriň öwezini dolmaklyga mümkinçilik beryär.
Torpedaly deşiliş kabele goýberilýän we 22 mm diametrli partlaýjy snarýadlar
bilen atýan, apparatlar arkaly amala aşyrylýar. Bir snarýadyň PM içki zarýady 5 g
deň. Apparat hersinde iki sany kese nili bolan, seksiýalardan durýar. Snarýad
sançmak görnüşli detonator bilen üpjün edilendir. Snarýadyň togtamagynda içki
zarýadyň partlamasy we gurşap alan dag jynsynyň çatlamasy bolup geçýär. Bir
kameranyň PM agramy – 27 g. Kanallaryň çuňlugy synaglaryň netijeleri boýunça
100-160 mm düzýär, kanalyň diametri – 22 m. Filtriň 1 m uzynlygyna adatça dörtden
köр bolmadyk deşik edilýär, sebäbi torpedli deşilmede oturtma kolonnalarynyň
bozulma ýagdaýy bolýar.
Okly we torpedli deşilme çäklendirilip ulanylýar, sebäbi kumulýatiw
deşmeklik tarapyndan köplenç gyra çykarylýar.
Kumulýatiw deşmeklik oky ýa-da snarýadlary bolmaýan, atyjy perforatorlar
bilen amala aşyrylýar. Böwetlikleriň atylmasyna fokusirlenen partlamaň hasabyna
ýetilýär. Şeýle fokusirleme inçe metal örtük bilen örtelen, PM zarýadynyň üstüniň
6
köniçeskli görnüşine esaslanandyr. Gazlaryň-ortmeklik önümleriniň inçe dessesi
görnüşinde partlama energiýasy kanaly deşýär. Kumulýatiw akymlar kelleli bölekde
6-8 km/s çenli tizlige eýe bolýarlar we böwede 0,15-0,3 mln.MPa çenli basyşy
döredýärler. Kumulýatiw zarýad bilen atmaklykda böwetde 350 mm çenli çuňlukly
we orta bölekde 8-14 mm diametrli dar deşiji kanal emele gelýär. Kanallaryň
ölçegleri dag jynsynyň berkliginden we perforatorlaryň görnüşlerinden baglydyr.
Kummulýatiw perforatorlaryň ählisi kese ýerleşen zarýadlara eýedirler we
korpusly we korpussyzlara bölünýärler. Korpusly perforatorlar olaryň gaýtadan
zarýadlanmasyndan soňra köp gezekleýin ulanýarlar. Korpussyzlar – bir gezek
ulanylýanlardyr. Emma bir gezek ulanylýan korpusly perforatorlar hem işlenilip
düzüldi, ýagny olaryň adaty polatdan bolan ýeňil korpusy diňe olaryň guýa
çümdirilmesinde zarýadlaryň germewligi üçin ulanylýar. Perforatorlar kabelde
goýberilýär, şeýle-de nasosly – kompressorly turbalarda goýberilýän, perforatorlar
bardyr. Soňky ýagdaýda partlamaň inisirlenmesi elektriki impuls bilen däl-de , NKT
partlaýjy gurnama porşen ýaly täsir edýän, rezinli şaryň taşlanmagy bilen geçirilýär.
Bir kumulýatiw zarýadyň PM agramy 25-50 g düzýär.
Kumulýatiw perforator bilen açylýan aralygyň uly galyňlygy 30 m, torpedli
bilen – 1 m, okly bilen – 2,5 m çenli ýetýär. Bu bolsa kumulýatiw perforatorlaryň
giňden ýaýramagynyň sebäpleriniň biri bolup durýar.

3-nji surat. ПК105ДУ korpusly kumulýatiw perforatoryň gurluşy:


1 – partlama oky; 2 – detonirleýji şnur; 3 – kumulýatiw zarýad; 4 – elektrogeçiriji.

4-nji surat. ПКС105 lentaly kumulýatiw perforator:


КН – kabel uçlygy; 1 – perforatoryň kellesi; 2 – polat lenta;
3 – detonirleýji şnur; 4 – kumulýatiw zarýad; 5 – partlaýjy ok; 6 –ýük
7
Giň gerime eýe bolan, ПК105ДУ korpusly kumulýatiw perforatoryň
gurulmasyna seredeliň (surat 3). Elektriki impuls perforatoryň aşaky böleginde bolan,
partlama patronyna 1 berilýär. Partlamada detonasiýa ýokary bir zarýaddan
beýlekisine ähli zarýadlary yzygiderlilikde saraýan, detonirleýji şnur 2 boýunça
geçirilýär.
Korpusly perforatorlar bir goýberilişde 3,5 m çenli aralygy atmaklyga,
korpusly bir gezek hereket biler – 10 m çenli we korpussyz ýa-da lentaly diýilip
atlandyrylýanlar – 30 m çenli aralygy atmaklyga mümkinçilik berýärler.
Lentaly perforatorlar (4-nji surat) korpuslylardan has ýeňildirler, emma olaryň
ulanylmasy guýunyň düýbinde basyşyň we temperaturanyň ululyklary bilen
çäklendirler, sebäbi olaryň partlaýjy patrony, we detonirleýji, şnury guýy suwuklygy
bilen göniden göni kontraktda bolýarlar. Lentaly perforatorda zarýadlar. Şonunda ýük
bilen uzyn polat lentanyň deşiklerinde ýerleşen, aýna, derňewli jamlarda ýerleşwndir.
Tutuş girlýanda kabelde goýberilýär. Adatça gümmüldide lenta doly bozulmaýar,
emma gaýtadan ulanmaklyk üçin ulanylmaýar. Kelle, ýük, lenta atylyşdan soň üste
kabel bilen bilelkde çykarylýar. Korpussyz perforatorlaryň kemçiliklerine, korpusly
perforatorlarda guýudan çykarylan korpusa seretmekde gözegçiligi amala aşyrmaklyk
ýeňil bolşy ýaly, olarda bozulmalaryň sanyna gözegçiliginiň mümkin däldigini
degişli etmek gerekdir.
Kumulýatiw perforatorlar has giň gerine eýe boldular. Zerur bolan PM saýlap
almak bilen, giň diapazonlarda olaryň termodurnuklylygyny we basyşa duýgurlygyny
sazlamak we şeýtmek bilen anomal ýokary temperaturaly we başyşly guýularda
deşikleriň mümkinçiligini giňeltmek mümkin. Emma filtrasiýa nukdaý nazary bilen
ýeterlikli arassa we çuň kanallaryň dag jynsynda alynmasy şu wagta çenli işjeň
mesele bolup galýar. Bu gatnaşykda, gatlakda ýeterlikli arassa we çuň deşiji kanallary
almaklyga mümkinçilik berýän çäge akymly deşmekligiň amala aşyrylmasy öňe
kesgitli ädim boldy.
3-nji sapak
Tema. Çäge akymly deşmeklik.
Soraglar:
1. Çäge akymly deşmeklik.

Gidro çäge akymly deşilmede böwetligiň bozulmasy, nasosly-kompressorly


turbalaryň aşaky ujyna berkidilen, ýörite apparatyň – çäge akymly perforatoryň
nasadkasyndan uçýan, ýokary tizligi çäge-suwuklykly akymlaryň abraziw we
gidromonitorly täsirlenmeleriniň ulanylmasynyň netijesinde bolup geçýär. Çäge –
suwuklykly garyndy NKT agyr awtomaşynlaryň şassisinde gurnalan, ýokary basyşly
nasos agregaty bilen sorulýar, guýudan üste halkalaýyn giňişlik boýunça galdyrylýar.
Bu gatlagy açmaklygyň degerlikli täze usulydyr. Häzirki wagtda bu usul bilen
her ýyl guýularyň 1500 töweregi işlenilip bejerilýär. Guýulary işläp bejermekligiň
gidro çäge akymly usulynyň ulanylyş oblasty we masştablary mydama giňeýär, we ol
gatlagy açmakdan başga-da düýpli bejerişde kolonnalary kesmeklikde we täsirlenmäň
beýleki usullary bilen utgaşmada ulanylşa eýe boldy.
Gidro çäge akymly deşmeklikde (GÇD) kolonnada, sementli daşda we dag
jynsyndaky kanalda deşikleriň döredilmegine, sekunda birnäçe ýüz metrlere ýetýän,
8
örän uly tizlikde çäge suwuklykly akymy bermeklik bilen ýetilýär. Şol wagtda
basyşyň düşmesi 15-30 MPa düzýär. Dag jynsynda, kolonnadaky deşilen deşige dar
konus bilen ýüzlenen, armyt görnüşli köwek ýuwulýar. Köwekleriň ölçegleri dag
jynslarynyň berkliginden, täsirlenmäň dowamlylygyndan we çäge-suwuklyk
akymynyň kuwwatlylygyndan baglydyr. Diwarly synaglarda 0,5 m çenli kanallar
alyndy.
Kanalyň ölçegleri ilki çalt ulalýar we soňra kanalda akymyň tizliginiň
kemelmeginiň we deşilen deşigiň üstünden kanaldan çykýan, suwuklygyň garşylykly
akymy bilen energiýanyň ýuwudylmagynyň netijesinde durnuklaşýar.
WNII geçirilen, GÇD diwarly synaglary, presesiň parametrleriniň arasynda
onuň taslamasy üçin gerek bolan gatnaşygy ornaşdyrmaklyga mümkinçilik berdiler.
5-nji suratda getirilen, netijeler, suwçäge garyndysynyň akymy bilen
suwuklygyň derejesiniň aşagynda suw basdyrylan, sementli bloklaryň bozulmasynda
alyndy.
Böwede täsirlenme wagty 15-20 minutdan geçmeli däldir, sebäbi has dowamly
täsirlenmede kanallar ulalmaýarlar.
Deşmeklik nasosly-kompressorly turbalarda goýberilýän, çäge akymly apparat
bilen geçirilýär. AП-6M apparat alty sany gapdal deşige eýedir, ýagny olara alty
deşikli kanallary şol bir wagtda döretmeklik üçin alty sany nasadka towlanylýar.
Nasos agregatlarynyň az bermeginde deşigiň bölegi dyky bilen dykylyp biliner. Polat
aýnadaky nasadkalar 3; 4; 5 we 6 mm üç standartly diametrli, suw çäge
garyndysynyň könelmeginiň garşysyna durnukly, gaty erginlerden ýasalýarlar.
3 mm diametrli nasadkalar oturdylan guýuda kesmekligiň çuňlugy kiçi bolmaly
bolanda tutulan turbalary kesmeklik üçin ulanylýar. 4,5 mm diametrli nasadkalar
oturtma kolonnalaryny deşmeklik üçin, şeýle-de haçanda suwuklygyň mümkin bolan
çykdaýjysy çäklenende, beýlekli işlerde ulanylýar. 6 mm diametrli nasadkalary

kanallaryň uly çuňlugyny almaklyk üçin we basyş boýunça prosesiň


çäklendirilmesinde ulanýarlar.

5-njy surat. Suwçäge garyndysynyň çykdaýjysynyň baglylygy we nasadkada


basyşyň düşmeginden emele gelen kanallaryň çuňlugy onuň üç diametrleri üçin
3; 4; 5 we 6 mm: mm üçin; mm üçin;

9
mm üçin; mm üçin; mm
üçin; mm üçin.

Çäge akymly apparaty haýalk aýlap ýa-da ony dikligine süýşirip, kese ýa-da
dik kesimleri we kanallary almak mümkin. Bu ýagdaýda suwuklygyň ters akymyna
garşylyk kemelýär we kanallar takmyndan 2,5 esse çuň bolýarlar.
Çäge akymly apparatda üste taşlanylýan, iki sany şarly klapan göz öňünde
tutulandyr. Aşaky klapanyň diametri ýokarky klapanyň eýerine seredende kiçidir.
Şonuň üçinem aşaky şar ýokarky klapanyň eýeriniň üstünden erkin geçýär.
Apparat goýberilenden, guýunyň agzy daňylandan we oňa nasos
agregatlarynyň birleşdirilmeginden soň ulgam işçiden 1,5 esse geçýän, basyş bilen
preslenýär. Preslenmezden öňürti NKT 50 mm diametrli şar ýokarky klapandan
ulgamy gernewleşdirmek üçin taşlanylýar. Ters ýuwulma bilen proseslemeden soň,
ýagny suwuklygyň halkalaýyn giňişlige sorulmagyndan soň, ýokarky şar üste
çykarylýar. Soňra NKT kiçi-aşaky şar taşlanylýar, we onuň eýere baryp düşmeginden
gysylyp ýygnalýan suwuklyk diňe nasadkanyň üstünden çykalgany alýar. Şondan soň
NKT suwçägeli garyndynyň sorulmagy bilen deşmeklik geçirilýär. Çägäniň
konsentrasiýasy suwuklykda adatça 80-100 kg/m3 düzýär. Çäge akymly deşilmede
NKT uly guýujenmä synag edýärler.
NKT muftaly birleşmede güýçlenmesi ýokarkyda – NKT kolonnasynyň
agramyndan has howply kesimde we suwuklygyň basyşy muftanyň rezbaly
birleşmesini filtleýän, güýçlenmeden geçmeli däldir, .
Bu şertden deňlemäni düzmek mümkin
(2)
bu ýerde berlik ätiýaçlygy. Adatça ; - NKT kesişme meýdany;
- Arhimed güýjiniň hasabyna suwuklykda turbalaryň agramynyň
ýitgisine düzediş; - howada muftaly birleşmeleriň hasaby bilen 1 m NKT agramy;
- turbalary goýbermekligiň çuňlugy.

6-njy surat. AП-6M çäge akymly deşmeklik


üçin apparat:
1 – korpus; 2 – presleýji klapanyň şary;
3 – nasadkanyň düwüni;
10
4 – dyky; 5 – klapanyň şary; 6 – hwostowik;
7 – sentrator
(2) deňlemäni degişlilikde çözmek bilen, berilen bolmagynda NKT
goýbermegiň çäkli çuňlugyny alarys

(3)

ýa-da, degişlilikde çožup, guýunyň agzynda çäkli goýberilýän basyşy olarys

(4)

Eger (3) we (4) iki şerti hem ýerine ýetirilse, prosesiň amala aşyryljakdygy
ähtimaldyr. Garşylykly ýagdaýda orta ähmiýeti turbalaryň bir ölçegli kolonnalary
üçin kiçi bolan, NKT basgançakly kolonnasy ulanylmalydyr, ýa-da bolmasa
suwuklygyň çykdaýjysy kemeldilmelidir, şol wagtda sürtülmä bolan ýitgiler mana
eýedirler, ýa-da uly diametrli nasadkalar ulanylmalydyr.
Gözdaýjy güýçlenme dürli markaly polatlardan ýasalan, dürli NKT üçin,
turbalaryň sorag-jogap kitabynda berilýär ýa-da Ýakowlewiň formulasy boýunça
kesgitlenilýär

; (5)

bu ýerde - ilişmede duran, rezbanyň birinji doly ýüpüniňçukury boýunça


turbalaryň diwarynyň galyňlygy; - ilişmede duran, birinji doly ýüp boýunça
turbalaryň orta diametri; - turbalaryň materialynyň berklik çägi; - rezbanyň
esasy tekizlige çenli uzynlygy; - rezbanyň ýüpüniň depesinde ölçenilýän,
konuslylyk burçy, gradus; - sürtülme burçy, ; - turbalaryň göwreleriniň
galyňlygy.
Umumy gidrawliki ýitgiler gidroçägeli akymly deşilmede indikilerden
jemlenýär: - çägeli –suwuklykly garyndynyň agyzdan çäge akymly apparata çenli
hereketinde NKT-de sürtülmede basyşyň ýitgisi; - nasadkalarda basyşyň ýitgisi,
çyzgyt boýunça ýa-da hasaplama ýaly bilen kesgitlenilýän; - turbaň aňyrsyndaky
halkalaýyn giňişlikde suwuklygyň batýan akymynyň sürtülmä ýitgileri; - utgaşan
ulgam boýunça işlemekde turbaň aňyrsyndaky giňişlikde guýunyň agzyndaky basyşa
garşylyk.
Suwuklygyň gidrostatiki basyşynyň NKT-de we halkalaýyn giňişlikde
deňagramlaşan bolanlygynda, onda agyzda gysyp ýygnama basyşy ähli ýitgileriň
jemine deň bolar:
(6)
Ululyk turbaly gidrawlikanyň formulasy boýunça kesgitlenilýär.
(7)
bu ýerde sütyülme koeffisiýenti adatça bolşy ýaly, Re sanyň üsti bilen
kesgitlenilýär, emma suwuklykda çägäniň bolmagynyň netijesinde 15-20 % ulalýar.
- NKT uzynlygy; - NKT içki diametri; - NKT-de akymyň liniýaly tizligi,

11
; - çägeli-suwuklykly garyndyň dykyzlygy. Ululyk çyzgyt boýunça
kesgitlenilýär. Ululyk hem halkalaýyn giňişlik boýunça suwuklygyň hereketi üçin
turbaly gidrawlikanyň formulasy boýunça kesgitlenilýär
(8)
bu ýerde - oturtma kolonnasynyň içki diametri, - NKT daşky diametri.
- halkalaýyn giňişlikde suwuklygyň batýan akymynyň liniýaly
tizligi, ýagny ol çägäniň doly çykmagy we turbalaryň garbasmasynyň öňünden
duýdurmak üçin 0,5 m/s kiçi bolmaly däldir.

7-nji surat. Her 100 m uzynlyga suw çägeli garyndyny formakda turba aralyk
giňişliginde we turbalarda basyşyň ýitgileri:
1 – 140 mm kolonnalar we 73-mm NKT üçin;
2 – 140 mm kolonnalar we 89-mm NKT üçin;
3 – 168 mm kolonnalar we 73-mm NKT üçin;
1 – 168 mm kolonnalar we 89-mm NKT üçin.
WNII-de hakyky guýularda suwçägeli garyndylary formakda sürtülmä
jemleýji ýittgiler kesgitlenildi (7-nji surat). Suwuklygyň jemleýji çykdaýjysy bir
nasadkanyň üstünden suwuklygyň çykdaýjysyna hereket edýän nasadkalaryň sanynyň
öndürijiligine deňdir:
(9)
Meselem, atly sany nasadkada we 4 l/s bir nasadkanyň üstünden çykdaýjyda
umumy çykdaýjy 24 l/s düzer, 1700 m çuňlukly guýuda sürtülmä ýitgiler bolsa 168-
mm kolonnada we 73-mm NKT 8,2 MPa töweregini düzer. 4 l/s deň, 4,5-mm
nasadkanyň üstünden çykdaýjyda, nasadkada basyş düşmesi 40,0 MPa töweregi
düzer.
Nasadkalarda basyşyň pese düşmegini saýlamakda, ýol berilýän pese
düşmeleriň aşaky çägäniň kolonnalaryň, sementli daşyň we dag jynslarynyň täsirli
12
bozulmasyny üpjün etmelidigini göz öňünde tutmak gerekdir, şonuň üçinem bolsa 6
mm nasadkalar üçin 12,0 – 14,0 MPa we 4,5 hem-de 3 mm nasadkalar üçin 18,0-
20,0 MPa kiçi bolmaly däldirler. Dag jynslarynyň örän uly berkliginde
aşaky çäkleri, synaglaryň görkezijisi ýaly, 6 mm nasadkalar
üçin 18,0-20,0 MPa çenli we 4,5 hem-de 3-mm nasadkalar üçin 25,0-30,0 çenli
ulaltmaklyk maksada laýykdyr.
Nasadkalarda basyşyň pese düşmegini saýlamakda, ýol berilýän pese
düşmeleriň aşaky çägäniň kolonnalaryň, sementli daşyň we dag jynslarynyň täsirli
bozulmasyny üpjün etmelidigini göz öňünde tutmak gerekdir, şonuň üçinem bolsa 6
mm nasadkalar üçin 12,0 – 14,0 MPa we 4,5 hem-de 3 mm nasadkalar üçin 18,0-
20,0 MPa kiçi bolmaly däldirler. Dag jynslarynyň örän uly berkliginde
aşaky çäkleri, synaglaryň görkezijisi ýaly, 6 mm nasadkalar
üçin 18,0-20,0 MPa çenli we 4,5 hem-de 3-mm nasadkalar üçin 25,0-30,0 çenli
ulaltmaklyk maksada laýykdyr.
Perforatoryň gerek bolan aralyga garşy takyk ornaşdyrylmagy üçin NKT
kolonnasynda mufta-reperi ulanylýar. Bu galyň edilen diwarly (15-20 mm) gyşga
(0,5-0,7 m) patrubkalardyr, ony perforatoryň ýokarsynda bir ýa-da iki turbanyň
aralygynda ornaşdyrýarlar. Kolonnanyň NKT goýberilmeginden soň oňa kabelde az
gabaritli geofiziki, metalyň galyňlygyna sazlanylýan, indukatory goýberýärler. Şeýle
ýagdaýda mufta-reperiň belgisini almak bilen, önümli gatlagyň kesimine gatnaşyk
boýunça perforatoryň ýagdaýyny kesgitleýärler. Emma şol wagtda NKT goşmaça
uzaldylmasyny onda basyşyň döredilmeginde hasaba almaklyk gerekdir. Ýüklenmä
göni baglanşykly bolan, bu uzadylma, Gukaň formulasy boýunça kesgitlenilýär
(10)
bu ýerde - guýunyň agzyndaky basyş; - NKT kesişme meýdany; - NKT
uzynlygy; - ýungaň moduly, Pa (adatça 20 104 MPa);
.
- turbalaryň metallynyň
kesişme meýdany, m ; - oturtma kolonnasynyň diwaryna turbalaryň sürtülmesini
2

hasaba alyjy, koeffisiýent (1,5-2 kabul edilýär).


Bu goşmaça uzadylma ujyply we 1 m ýetip hem biler.
Gidroçägeakymly deşilmede gatlagyň gidroüzülmesindäki ýaly, enjam
ulanylýar.
Guýunyň agyzy 70,0 MPa işçi basyş üçin göz öňünde tutulan, 1 AУ-700
görnüşli standartly armatura bilen enjamlaşdyrylýar. Çägeli-suwuklykly garyndyny
sormaklyk üçin 50 we 70 MPa degişlikde uly basyşa ösýän, 4AH-700 ýa-da 2AH-
500* agyr ýük awtomobilleriniň platformasynda gurnalýan, nasos agregatlary
ulanylýar. Kiçi basyşlarda burawlamakda sementleme işleri üçin niýetlenen,
sementleýji agregatlary ulanylýarlar. Agregatlaryň sany hususy ýaly umumy
gidrawliki gerek bolan kuwwatlygy bir agregatyň gidrawliki kuwwatlygyna
bölmekden kesgitlenilýär, üstýesinede ätiýaçlyk üçin ýenede bir nasos agregaty
alynýar,
(11)
bu ýerde - suwuklygyň hasaplama jemleýji çykdaýjysy; - guýunyň agzyndaky
basyş; - bir agregatyň hasaplama režiminde berişi; - agregat tarapyndan
13
ösýän, basyş; - nasos agregatlarynyň tehniki ýagdaýyny we olaryň könelmesini
hasaba alyjy koeffisiýent.
4AH-700 agregat plunžerleri 100 ýa-da 120 mm diametrli 4P-700 üç plunžerli
nasosly 2000 ob/min bolmagyndaky 588 kWt kuwwatlykly dizel bilen üpjün
edilendir. Plunžeriň ýöreýşi 200 km. Geçiriji guty dört tizlige eýedir.
Agregatyň häsiýetnamasy 1-nji tablisada getirilendir. 4AH-700 nasos
agregatynyň häsiýetnamasy.
1-nji tablisa
Aýlaw Teoretiki beriliş, l/s, wtulkada Basyş, MPa
Tizlik
ýygylygy,1/min 100 mm 120 mm 100 mm 120 mm
1 80 6,3 9 71,9 50,0
2 109 8,5 12,3 52,9 36,6
3 153 12,0 17,3 34,7 26,0
4 192 15,0 22,0 29,8 20,7

Bellik: agregatyň p.t.k. – 0,83; doluş koeffisiýenti – 1; hereketlendirijiň aýlaw


ýygylygy – 1800 1/min.
Çäge suwuklykly garyndy düýbi köniçeskli 10 m3 sygymly çäge üçin bunkeri
özünde saklaýan, çäge garyjyda taýyarlanylýar (2ПА; 3ПА we beýlekiler). Bunkeriň
aşaky böleginde boýuna okuň gapdalynsa şnek ornaşdyrylandyr. Şnegiň aýlaw tizligi
baglançakly 13,5 den 267 ob/min çenli üýtgeýär. Şonuň bilen degişlilikde çägäniň
berilmegi 3,4 den 676 kg/min çenli üytgeýär. Mundan başga-da, agregat çageli –
suwuklykly garyndyny formaklyk üçin pes basyşly 4 НП nasosy bilen
enjamlaşdyrylandyr. Bunker ähli enjamlary bilen bilelikde agyr awtomobililiň
şasisinde gurnalandyr.
Ýörite işçi suwuklyklary guýular awtosisternalar bilen getirýärler we
salazkalarda ornaşdyrylan, uly bolmadyk sygymlarda (10-15 m 3) taýýarlaýarlar.
Üstleýin enjamyň daňysynda ýokary basyşly filtrleri – nasadkalaryň dag jynslarynyň
iri bölekleri bilen dykylmasynyň öňüni alyjy galyndy tutujylary gurnaýarlar. Çägeli –
suwuklykly garyndy üç usul bilen taýýarlanylýar:
- çägäniň we suwuklygyň gaýtadan ulanylmagy bilen (halkalaşdyrylan
çatgy);
- işlenilen çägäni suwuklygyň gaýtadan ulanylmasy bilen taşlamak arkaly;
- suwuklygy we çägäni taşlamak arkaly.
Halkalaşdyrylan çatgy has tygşytlydyr, sebäbi şol wagtda suwuklygy we
çägäniň çykdaýjylary azdyr. Mundan başga-da, ýörite suwuklyklaryň ulanylmagynda
(nebit, kislota ergini, toýun ergini we beýlekiler) territoriýa hasaplanmaýar.
Deňeşdirmeklik üçin Yzenskiý käninde alynan, hakykat ýüzündäki berilenleri
getirmek mümkin. Halkalaýyn çatgy boýunça işlemekde 20 m3 suw we 4,1 t çäge
harçlanyldy, suwuň we çägäniň taşlamagy bilen işlemekde bolsa 275 m3 suw we 14 t
çäge garçlanyldy.
Şeýle-de çatgy (8-nji surat) guýularyň NKT kolonnalarynyň üstünden we
halkalaýyn giňişligiň üstünden hem ýuwulmasyna seredýär. Daňylyş çatgysynyň
hökmany elementi agregatlaryň we lubrikataryň serpilme liniýalarynda ters

14
klapanlaryň ýa-da çäge akymly apparatyň şarlaryny – klapanlaryny girizmek üçin
baýpasyň ornaşdyrylmasy bolup durýar.

8-nji surat. Zaýasyz sikl boýunça


işlemekde üstki enjamyň birleşdiriji
shemasy:
1 – AH-700; 2 – ЦА-320; 3 – galyndy
tutujy; 4 – çäge garyjy;
5 – sygym; 6 – guýy; 7 – ters klapan;
8 – açyk kranlar; 9 – ýapyk kranlar

Işçi höküminde dürli suwuklyklar, onuň degişli arzanlyk şerinden, açyk


çüwdürilmäň we gatlagyň kollektor häsiýetnamalarynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni
almak şertinden salgylanyp ulanylýarlar. Suwuklygyň düzümi tejribehanalarda
ornaşdyrylýar. GPP maksatlary üçin suwy, ingibirlenen duz kislotasynyň 5-6%-li
erginini, degazirlenen nebiti, gatlak akymly ýa-da PAW-ly duzly suwy, ýuwujy ergini
ulanýarlar. Eger işci suwuklygyň dykyzlygy guýunyň goýylaşmasyny üpjün etmese,
dykyzlaýjylary goşýarlar: hek, bentonit we beýlekiler.
Işçi suwuklygyň göwrümi utgaşan sikl boýunça işlemekde guýularyň 1,3-1,5
göwrümine deň kabul edilýär. Taslama bilen işlemekde suwuklygyň göwrümini
ýönekeý gatnaşykdan kesgitleýärler
(12)
bu ýerde - bir nasadkanyň üstünden suwuklygyň kabul edilen çykdaýjysy; - şol
bir wagtda hereket edýän nasadkalaryň sany; - bir aralyga deşmekligiň
dowamlylygy (15-20 min); - deşilen aralyklaryň sany.
Çägäniň mukdary 1 m suwuklyga 500-100 kg çägäniň hasabyndan kabul
3

edilýär.
GPP prosesi ýokary basyşy ösdürýän, nasos agregatlaryň işleri bilen, we käbir
ýagdaýda gyzgyn suwuklyklaryň ulanylmasy bilen baglanşyklydyr. Şonuň üçinem bu
işleriň geçirilmegi zähmeti goramak we gözegçiligi örän agyr netijelere getirip biljek
ýangyn howpsyzlygy boýunça esasy düzgünler reglamentirlenýär. Işe başlamazdan
öňürti işçi basyşdan 1,5 esse geçýän, basyşa ähli kommunikasiýalaryň preslenmesi
hökmanydyr. GPP aşaky aralykdan başlap amala aşyrýarlar.
Çäge akymly deşilme, kumulýatiw ýa-da okly deşilmeden tapawutlylykda
arassa üstli kanallary almaklyga we gatlagyň ýalaňaç üstüniň syzdyryjlygyny
saklamaga mümkinçilik berýar.
Operasiýalaryň äpetligi, kuwwatly tehniki serişdeleriň karz alynmasy we
hyzmat ediji işgäriň sany deşmekligiň bu usulynyň gaty ýokary bahasyny kesgitleýär
we kumulýatiw deşmeklik bilen deňeşdirlende onuň giňden ulanylmasyny saklaýar.

15
4-nji sapak
Tema. Nebit guýularyny özleşdirmegiň usullary.
Soraglar:
1. Nebit guýularyny özleşdirmegiň usullary.
2. Guýy nasoslary bilen özleşdirmek.

Guýulary özleşdirmek – dökülmäni çagyrmak we gatlagyň belli bir ýere


jemlenen mümkinçiliklerine degişlilikde, onuň onümliligini üpjün etmek boýunça
tilsimatly operasiýalaryň toplumydyr. Guýular geçirilenden, gatlak açylandan we
kähalatda gatlagyň ikinji açylmasy diýilip atlandyrylýan, oturtma kolonnalarynyň
deşilmesinden soň düýbiň zonasy we aýratynam açylan gatlagyň üsti inçe toýunly
çekim ýa-da toýunly gabyk bilen hapalanýar. Mundan başga-da, dag jynsyna
ýygylyklary giň diapazonly ugry tolkunlarynyň täsirlenmesi deşilmede kähalatda
öýjükleriniň ölçegleri anomal häsiýetli araçäkli gatlaklaryň ölçegleri bilen ölçenilýän,
16
iňçe dispersli öýjükli sredanyň araçäkli gatlaklarynda ýüzlenip bolmaýan fiziki-
himiki proseslere getirýär. Netijede pes syzdyryjyly ýa-da onuň doly ýoklugy bilen
zona emele gelýär.
Özleşdirmekligiň maksady – deşiji kanallaryň gatlagynyň ýolaňaçlanan üstüne
çenli tutuş dowamlylykda kollektorlaryň tebigy syzdyryjylygyny kaddyna getirmek
we guýularyň önümlerini onuň ösüşli mümkinçiliklerine gabat getirip almakdyr.
Dökülişi çagyrmak we guýulary özleşdirmek boýunça ähli operasiýalar onuň
düýbinde depressiýany döretmeklige getirilýär, ýagny basyş gatlakdakydan pes,
üstýesinde durnukly kollektorlarda bu depressiýa ýeterlikli uly bolmalydyr we çalt
ýetmelidir, köwülen kollektorlarda, tersine, uly bolmadyk we birsydyrgyn.
Haçanda çüwdürimli döremelere garaşylanda, ýokary başlangyç basyşly
gatlaklaryň özleşdirilmesiniň, we haçanda açyk çüwdürilme howpy bolmanda we
ulanylyşyň mehanizirlenen usuly göz öňünde tutulanda, az basyşly özleşdirmäň
usullaryny tapawutlandyrýarlar. Nebiti almak tejribesinde, guýulary özleşdirmegiň
we gatlagy açmagyň tilsimatynyň bozulmagynyň netijesinde uzak wagtlaýyn
ýangynlar bilen guýularyň açyk sazlanylmaýan çüwdirilmesiniň köp ýagdaýlary
mälimdir. Şeýle hadysa diňe bir guýunyň özüni hatardan çykarman, eýsem käniň
özüniň hem horlanmasyna getirýär.
Dökülmäni çagyrmaklygyň alty sany esasy usullaryny tapawutlandyrmak
mümkin: tartanly, porşenleme, guýy suwuklygy has ýeňil çalyşmaklyk, kompressorly
usul, gazsuwuklaýyn garyndynyň sorulmasy, çuňluk nasoslary bilen sormak.
Özleşdirmezden öňürti guýunyň agzynda armatura ornaşdyrylýar ýa-da onuň
bölegi ulanylýan usul we guýulary ulanmaklygyň hödürlenilýän usuly bilen
degişlilikde ornaşdyrylýar. Islendik ýagdaýda oturtma kolonnasynyň flansynda zerur
bolan halatda guýunyň stwolyny ýapmaklyk üçin ýokary basyşly sürgüç
ornaşdyrylandyr.
Tartanlama – bu lebýodkanyň kömegi bilen inçe kanatda (16mm)
goýberilýän, želonka bilen suwuklygy guýudan çykarmaklykdyr. Želonka aşaky
böleginde ştoga daýalanda açylýan, ştokly klapana eýe bolan, 8 m uzynlykly
turbalardan ýasalýar. Želonkanyň ýokarky böleginde kanaty berkitmeklik üçin skoba
ulanylýar. Želonkanyň diametri adatça oturtma kolonnasynyň 0,7 diametrinden
geçmeýär. Želonka bir goýberişde 60 litrden geçmeýän, göwrümli suwuklygy
çykarýar.
Tartanlama – ulanylşyň örän çäklendirilen mümkinçilikleri bilen az
öndürijilikli, köp zähmeti talap edýän usuldyr, sebäbi agyz sürme kildi
çüwdürimlemäň döremeginde guýudan želonkanyň we kanatyň çykarylmagyna çenli
ýapyk bolup bilmeýär.
Emma çökündini we toýunly ergini düýpden çykarmaklyk we guýuda
suwuklygyň derejesiniň ýagdaýyna gözegçilik etmek mümkinçiligi bu usulda käbir
artykmaçlyklary berýär.
Porşenleme. Porşenlemede (swabirlemede) porşen ýa-da swab kanatda NKT-e
goýberilýär. Porşen özünde, aşaky böleginde ýokary açylýan, klapanly kiçi diametrli
(25-37,5 mm) turbany aňladýar. Turbanyň daşky üstüne simli setka bilen armirlenen
elastiki rezin manžetler berkidilendir (3-4 sany). Porşeniň derejäň aşagyna
goýberilmeginde suwuklyk klapanyň üstünden porşeniň üstündäki giňişlige akýar.
17
Ýokary galyşda klapan ýapylýar, olaryň üstünde suwuklygyň sütüniniň basyşy bilen
gysylyp, manžetler bolsa NKT diwarlaryna gysylýarlar we dykyzlanýarlar. Bir
galyşda porşen suwuklygyň derejesiniň aşagynda onuň çümmeginiň çuňlugyna deň
bolan, suwuklygyň sütünini çykarýar. Çümmekligiň çuňlugy tartal kanatyň berkligi
bilen çäklenendir we adatça 75-150 m geçmeýär. Porşenleme tartanlamadan 10-15
esse öndürijiliklidir. Guýynyň üstsakasy hem porşenlemede açyklygyna galýar, bu
duýdansyz nebitgazyň zyňyndysynyň howplylygy bilen baglanşyklydyr.
Guýy suwuklygyny çalyşmak. Çalyşmaklyk guýy goýberilen NKT-de we
jebislenen üstsakada amala aşyrylýar, bu zyňyndynyň we çüwdürim döremeleriň
öňüni alýar. Burawlamadan çykýan guýy adatça toýunly ergin bilen dolydyr.
Guýunyň suw ýa-da degazirlanan nebit bilen ýuwulmagyny geçirmekden soň, düýp
basyşyň aşaky ululyga kemelmesini almak mümkin
(13)
bu ýerde - toýunly erginiň dykyzlygy; - ýuwujy suwuklygyň dykyzlygy; -
NKT-niň goýberilen çuňlugy; - guýularyň egriliginiň ortaça burçy.
Şeýle usul bilen, özleşdirilmä gowy tabyn bolýan kollektorlaryň bolmagynda
we uly gatlak basyşly guýular özleşdirilýär. (13) formuladan görnüşi
ýaly, toýunly erginiň ( = 1200 kg/m3) nebite ( = 900 kg/m3) çalyşmasynda
basyşyň ulydan peselmesi toýunly erginiň sütüni bilen döredilýän, basyşdan bary
ýogy diňe 25 % düzer.
Şu bilen manysy boýunça usulyň mümkinçilikleri çäklenýär.
Guýuda suwuklygyň çalyşmasy nasos agregatlarynyň, kähalatda bolsa buraw
nasoslarynyň kömegi bilen geçirilýär. Käbir ýagdaýlarda, haçanda şol käniň
guýularyny özleşdirmegiň tejribesi boýunça howpsyzlyga ynam bolanda, guýudan
suwuklygyň bölegini seçip almak we düýp basyşy geljekde peseltmek üçin goşmaça
porşenleme ulanýarlar.
Özleşdirmekligiň kompressorly usuly. Bu usul çüwdürimli, ýarym
çüwdürimli we az-kem mehanizirlenen guýulary özleşdirmekde has giň gerime eýe
boldy. Guýa NKT kolonnasy goýberilýär, üstsaka bolsa çüwdürim armaturasy bilen
enjamlaşdyrylýar. Turba aralyk giňişlige hereketli kompressordan gysyp ýygnaýjy
turbageçiriji birleşdirilýär.
Gazyň gysylyp ýygnalmagynda suwuklyk turba aralyk giňişliginde, NKT
başmagyna çenli gysyp çykarylýar ýa-da öňünden degişli çuňlukda edilen, NKT-de
goýberiş deşigine çenli gysylýar. Gaz NKT-e düşmek bilen, olarda suwuklygy
gazlaşdyrýar. Netijede basyş düýpde güýçli peselýär. Gazyň çykdaýjysyny sazlamak
bilen, turbada gazsuwuklyk garyndynyň dykyzlygyny, yz ýanyndan bolsa, düýpde
basyşy üýtgemek mümkin. bolmagynda akym başlaýar, we guýy
çüwdürimli ýa-da gazliftli režimde işlemäge geçýär. Synap görmeden we durnukly
akym alynandan soň guýy işiň stasionar režimine geçirilýär.
Özleşdirilme guýunyň jebislenen üstsakasynda prosesiň parametrlerine
üznüksiz gözegçilik etmek bilen alynyp barylýar. Şonuň üçinem bu usul has
howpsuzdyr we gatlaga uly depressiýany çalt almaklyga mümkinçilik berýär, bu
guýunyň düýpýaka zolagyny has netijeli arassalamaklyk üçin aýratyn wajypdyr.
Emma özleşdirmekligiň kompressorly usulynyň ulanylmagy ýumşak ýa-da durnuksyz
kollektorlarda burawlanan guýularda çäklendirlendir. Käbir etraplarda 4500-5500 m
18
çuňlukly guýulary özleşdirmekligiň zerurlygy ýüze çykýar, şeýle-de çuňluklaryň
ulalmagy hem kompressorly usulyň ulanylmasyny çäklendirýär.
Gatlak energiýasynyň has doly ulanylmasy, suwuklygyň düýpden çykarmagy
we guýularyň doly ýuwulmasy üçin NKT-niň başmagy ýokarky perforasion deşiklere
çenli goýberilýär. Suwuklygyň derejesini NKT-niň başmagyna çenli gysmaklyk üçin,
aýratynam uly çuňluklarda, basyşy birnäçe onlarça megapaskallara ösdürýän,
kompressorlar gerekdir. Bu özleşdirilmäni çylşyrymlaşdyrýar. Şonuň üçinem
turbalaryň kolonnasynda öňünden kesgitli çuňlukda goýberiş deşigi diýilip
atlandyrylýan deşigi edýärler. Aşak düşýän turba aralykdaky giňişlikde suwuklygyň
derejesi bu deşigi boşadýar, gysylyp ýygnalýan gaz onuň üstünden NKT düşýär we
deşigiň ýokarsynda suwuklygyň sütünini gazlaşdyrýar. Eger basyşy NKT içinde
gazlaşdyrmadan soň deşigiň derejesinde bilen bellesek, onda düýp basyş deň
bolar
(14)
bu ýerde - düýbiň çuňlugy; - goýberiş deşiginiň çuňlugy; - guýydaky
suwuklygyň dykyzlygy; - guýunyň egriliginiň ortaça burçy.
Düýbiň şy gazy gysyp ýygnamaklyga çenli basyşy
deň (15)
(15) den (14) aýyryp, gatlaga depressiýany tapýarys
(16)
Kompressor tarapyndan osýän basyş näçe uly bolsa, şonça-da uly çuňlukda
goýberiş deşigine ýa-da NKT-niň başmagyna seredilip biliner, yz ýanyndan bolsa
beýleki deň şertlerde uly bolýar.
Emma ulalmagy bilen, başgaça aýdylanda, gazyň çykdaýjysyna bagly
bolan, ulalýar, ýöne ol (16)-de birinji goşulýan bilen kesgitlenilýän, gidrostatiki
basyşdan 7-10 % çenliden az peseldilip bilinmez. Şonuň üçinem çuň guýulary
özleşdirmek üçin ýokary basyşy ösdürýän, kompressorlar gerek bolýar. NKT-niň
başmagyna ýa-da goýberiş deşigine suwuklygyň derejesiniň gysylmagy pursatynda
basyş turba aralygyndaky giňişlikde, yz ýanyndan bolsa kompressoryň çykalgasynda
ulydyr: suwuklygyň NKT-de gazlaşdyrylmagyça basyş peseler we düýbiň basyşy
aşak düşer.
Şonuň üçinem özleşdirme prosesini şu kritiki pursatda göz öňünde tutýarlar.
Guýularyň gazlaşdyrylan suwuklygyň sorulmasy bilen özleşdirilmesi.
Guýulary gazlaşdyrylan suwuklygyň sorulmasy bilen özleşdirmek arassa gazyň ýa-da
howanyň ýerine turba aralyk giňişliginde gazyň suwuklyk bilen garyndysynyň
sorulýanlygynda jemlenýär. Şeýle gazsuwuklyk garyndynyň dykyzlygy sorulýan
gazyň we suwuklygyň çykdaýjylarynyň gatnaşygyndan baglydyr. Bu özleşdirme
prosesiniň parametrlerini sazlamaklyga mümkinçilik berýär. Gazsuwuklyk
garyndynyň dykyzlygynyň arassa gazyň dykyzlygyndan uly bolanlygy sebäpli, bu az
basyşy dörediji kompressorlar bilen has çuň guýulary özleşdirmeklige mümkinçilik
berýär.
Şeýle özleşdirilme üçin guýa hereketli kompressory, kompressor ýaly basyşy
dörediji nasos agregatyny, suwuklyk üçin sygymlary we gazyň gysylyp ýygnalýan
suwuklyga dispergirlenmesi üçin garyjyny getirýärler. Gysylyp ýygnalmada
gazsuwuklyk garyndy ýokardan aşak üznüksiz üýtgeýän basyşda we temperaturada
19
hereket edýär. Bu proses çylşyrymlydyr. Emma garyndynyň we çykdaýjynyň
ortalaşdyrylan parametrleri bilen basyşyň balansynyň deňlemesini ýazmak mümkin.
Gazsuwuklyk garyndynyň (GSG) sorulmagynda howanyň köpürjiklerine
Arhimediň güýji täşir edýär, ýagny şol güýjiň täsiriniň aşagynda olar suwuklygyň
akymynda ýüzýärler. Ýüzmeklik tizligi tebigy gaz köpürjikleriniň ölçeglerinden,
suwuklygyň şepbeşikliginden we dykyzlyklaryň tapawudyndan baglydyr: köpürjikler
näçe ownuk bolsa, olaryň ýüzüş tizligi şonça-da kiçidir. Adatça bu tizlik suwuklyga
degişlilikde 0,3-0,5 m/s bolýar. Şonuň üçinem suwuklygyň aşak hereketiniň tizligi
gazyň köpürjikleriniň ýüzüş tizliginden uly bolmalydyr. Ýogşa gaz NKT-niň
başmagyna ýetmez we basyş düýpde peselmez. Suwuklygyň ýeterlikli uly tizliklerini
döretmeklik üçin uly çykdaýjylar gerekdir. Şonuň üçinem GSG sorulmagynda muny
halkalaýyn giňişligiň üstünden däl-de, NKT-niň içinden etmek göwnejaýdyr, sebäbi
olaryň kiçi kesimi suwuklygyň aram göwrümli çykdaýjylarynda ýeterlikli uly
tizlikleri almaklyga mümkinçilik beryär. Prosesiň üstünlikli amal aşyrylmagy üçin
suwuklygyň 0,8-1 m/s barabar aşak akdyrylýan tizligine eýe bolmak ýeterlikli hasap
edilýär.
Düýpden agyr galyndylary çykarmaklyk üçin adatça ters ýuwulma ulanylýar.
Şonuň üçinem ýuwulmadan soň amala aşyrylýan GSG sorulmasy guýularyň
daňysyny üýtgetmezden ters ýuwmak çatgysy boýunça geçirilýär.
Haçanda basyş nasosda uly bolan pursatda, halkalaýyn giňişlikde GSG
sorulmagynda basyşyň balansyny ýazaly. Haçanda NKT başmaga çenli suwuklyk
bilen doldurylanda turbanyň aňyrsyndaky giňişlik bolsa GSG bilen doldurylan
ýagdaýa seredeliň; üstesinede iki ulgam hem GSG gysylyp ýygnalma depginine gabat
gelýän, tizlik bilen hereket edýär.
Bellikler:
- suwuklygyň m sütüni aňladylan, suwuklygyň olar boýunça hereketinde
NKT-de sürtülmä udel ýitgileri;
- GSG m sütüni aňladylan, halkalaýyn giňişlikde sürtülmä udel ýitgiler.
Ters ýuwulmada NKT-niň başmagyndaky basyş halkalaýyn giňişlik
tarapyndan deň
(7)
Basyş başmakda NKT tarapyndan deň
(8)
bu ýerde - halkalaýyn giňişlikde GSG dykyzlygynyň orta integral ähmiýeti;
- guýyly suwuklygyň dykyzlygy; - NKT uzynlygy; - guýunyň boýunyň
diklikden gyşarmasynyň orta burçy; - halkalaýyn giňişlikde guýunyň agzynda
gysyp ýygnama basyşy; - serpilmede basyşa garşylyk; - erkin pese düşmäň
çaltlaşmagy.
, ähtimaldyr, şonuňüçinem (17) we (18) deňeşdirip we degişlilikde
çožup, olarys
(19)
Formula (19) prosesiň berilen parametrlerinde NKT başmaga goýbermegiň
çäkli çuňlugyny kesgitleýär . (19) formulany degişlilikde

20
çözmek bilan, NKT goýbermegiň berilen çuňlugynda GSG sormaklyk üçin gerek
bolan, guýunyň agzyndaky basyşy olarys:
(20)
Ululyklar adatça mälimdirler. Ululyklar we
kesgitlenilýär: - gidrwalikanyň adaty formulasy boýunça; we bolsa –
GSG hereketiniň differensial deňlemesini sanly integrirlemek üçin EHM ulanmaklyk
bilen çylşyrymly hasaplamalar bilen.
Gazlaşdyrylan suwuklyk bilen guýulary özleşdirmekde guýynyň üstsakasyna
garyjynyň üstünden nasosly agregatdan liniýa, garyjynyň ikinji äkidijisine –
kompressoryň serpilme liniýaly birleşdirilýär. Ilki nasos işe goýberilýär we aýlanma
ornaşdyrylýar. Guýy suwuklygy toprak ambaryna ýa-da beýleki sygyma taşlanylýar.
Üstsakada gysylyp ýygnalýan arassa suwuklygyň döremeginde kompressor işe
goýberilýär we gysylan gaz inçe dispersli GSG emele gelmegi üçin garyja berilýär.
Suwuklygyň gazsuwuklyk garyndy bilen garyşma çägi boýunça gysyp
ýygnama basyşy ulalýar we haçanda GSG NKT-niň başmagyna ýetende, ululyga
ýetýär. GSG NKT-ä düşmeginde gysyp ýygnama basyşy peselýär.
Guýy nasoslary bilen özleşdirmek. Pes gatlak basyşly horlanan känlerde,
haçanda çüwdürimli döremelere garaşylmasa, guýular göz öňunde tutulýan debit we
dinamiki derejeler bilen degişlilikde taslama çuňlugyna goýberilýän, guýy nasoslary
(ШСН ýa-da ПЦЭН) arkaly özlerinden suwuklygyň sorulmasy bilen özleşdirilip
biliner. Guýulardan suwuklygy nasoslar bilen sormakda, gatlakdan akym kadalaşýan,
ululyga ýetýänçä, düýbüň basyşy kemelýär. Şeýle usul tejribeden mälim
bolşy ýaly, haçanda guýy düýpýaka zolagyny erginden we toplumly gabygyň
bozulmasyndan arassalamak üçin çuň we uzak wagtlaýyn depressiýa mätäç bolmadyk
ýagdaýda täsirlidir.
Guýy nasos goýberilmezden öňünçä düýbüne çenli suw bilen ýa-da gowusy
nebit bilen ýuwulýar, bu bolsa guýa ýuwujy suwuklygyň – nebitiň getirilmeginiň we
nasos agregatyny hem-de sygymy ýerleşdirmegiň zerurlygyna getirýär. Gyş
şertlerinde suw bilen ýuwmaklykda doňmaklygyň öňüni almaklyk üçin suwuklygy
gyzdyrmak meselesi ýüze çykýar.
Şoňunda dürli nebit etraplarynda şol ýa-da beýleki bir käniň aýratynlyklary
bilen degişlilikde guýulary özleşdirmegiň beýleki tejribe usullarynyň hem işlenilip
çykarylanlygyny belläp geçmeklik gerekdir. Mysal hökmünde, haçanda kompressorly
usulda gysylyp ýygnalan howa bilen doldurylan, turba aňyrsyndaky giňişlikde,
garyndyň dykyzlygyny ulaltmak we kompressordaky basyşy peseltmek üçin suwuň
käbir mukdarynyň sorulýanlygyndaky usuly görkezmek mümkin. Bu NKT-ni uly
çuňluga goýbermeklikde guýularyň maşşartmasyny amala aşyrmaklyga mümkinçilik
beryär.

21
5-nji sapak
Tema. Guýulary suwuklygyň sorulmasy bilen özleşdirmegiň
gidrawliki hasaplamasy 119 sah
Soraglar:
1. Guýulary suwuklygyň sorulmasy bilen özleşdirmegiň gidrawliki
hasaplamasy.
2. Turbaly gidrawlikanyň kanunlary.
Belleýäris: - suwuklygyň dykyzlygy we şepbeşikligi, guýuny
özleşdirmezden öňüni dolduryjy; - düýpde basyşy peseltmek üçin guýa gysylyp
ýygnalýan, suwuklygyň dykyzlygy we şepbeşikligi; - agyzda gysylyp ýygnalýan
suwuklygyň basyşy; - guýunyň çykalgasynda suwuklygyň basyşy.
Ters ýuwmaklygyň ýagdaýyna seredeliň, ýagny haçanda has ýeňil suwuklyk
turbaň arasyndaky giňişlikde gysylyp ýygnalýar, agyr suwuklyk bolsa (ergin)
NKT üstünden gysylyp çykýar.
1-nji suratda wagtyň käbir pursatynda iki suwuklyklaryň bölüminiň
araçäginiň ýagdaýy görkezilendir.
Tutuş proses iki etapa bölünýär: guýunyň agzyndan NKT başmagyna çenli
bölümiň araçäkleriniň halkalaýyn giňişlik boýunça süýşmesi - , başmakdan
NKT içindäki agyza çenli bölümiň araçäkleriniň süýşmesi: .
Basyş balansynyň deňlemesi
22
(21)
bu ýerde - uzynlykda halkalaýyn giňişlikde gysylyp ýygnalýan
suwuklygyň sürtülmesine ýitgiler; - uçastokda halkalaýyn giňişlikde
guýy suwuklygynyň sürtülmesine ýitgiler; - NKT tutuş uzynlygyna
NKT-de guýy suwuklygynyň sürtülmesine ýitgiler; - turba aralyk giňişliginde has
ýeňil suwuklygyň we NKT-de has agyr suwuklygyň bolmagyna, şeýle-de
gyşyk guýunyň bolmagyna (gyşyklyk burçy ) bolmagyna esaslanan, uçastokda
gidrostatiki basyşyň tapawudynyň deňagramlaşmasy üçin gerek bolan, basyş.

1-nji surat. Guýuda iki suwuklyklaryň


bölümleriniň araçäkleriniň nobatdaky
ýagdaýy

Guýudan suwuklygyň çykmagynda (NKT-den) basyşa garşylyk taşlama


ulgamyna esaslanandyr
(22)
Ululyklar , , turbanyň 1 m uzynlygyna sürtülmä ýa-da uçastogyň
uzynlygyna, suwuklygyň m akymynda aňladylan, turba aralyk giňişliginde sürtülmä
öndürijilik ýaly kesgitlenilip biliner, ýagny
(23)
(24)
(25)
bu ýerde - turbanyň 1 m uzynlygyna ýa-da turba aralyk giňişligine degişli
suwuklygyň m akymynda aňladylan, sürtülmä basyşyň ýitguleri.
Turbaly gidrawlikanyň kanunlaryna laýyklykda
(26)
bu ýerde - halkalaýyn giňişligiň ekwiwalentli diametri, m; -
suwuklygyň hereketiniň liniýaly tizligi, m/s.
Guýularyň gyşardylanlygyny we olarda NKT eksentriki ýerleşýänligini hasaba
almak bilen, (26) formula eksentrikilige düzediş girizilýär
(27)
bu ýerde eksentrisitet
23
(28)
bu ýerde - NKT muftasynyň daşky diametri; - NKT daşky diametri; -
kolonnalaryň içki diametri.
Mundan başga-da, akymyň halkalaýyn giňişlik boýunça bolup geçýänligini
hasaba almaklyk üçin, (26) formula Dewişiň anyklaýjy düzedişi girizilýär

(29)

Düzelişleriň hasaby bilen


(30)
- we den suwuklyk üçin sürtülme koeffisiýenti, parametrlerden bagly
bolan.
üçin birnäçe formulalar hödürlenildi: laminar akym üçin
(31)
geçişli we turbulentli akymlar we daşary ýurt çeşmeleri boýunça 6
dan 100 mm çenli diametrler üçin
(32)
Şeýlelik bilen, halkalaýyn giňişlik üçin bolmagynda (32) formula indiki
görnüşde ýazylar:

(33)

Tizlik nasos agregatynyň berilmeginiň üstünden kesgitlenilýär , m3/s:


(34)
(34) boýunça kesgitläp, sany halkalaýyn giňişlik üçin tapýarys
(35)
Eger tapylan (laminar akym), onda (31) formula boýunça, eger
(turbulentli akym), onda (33) formula boýunça kesgitleýäris.
Soňra (38) boýunça eksentrisitlti we (37) boýunça düzedişi hasaplaýarys.
(39) formula boýunça tapýarys, sonra kesgitleýäris. Onda (33) formula
boýunça islendik ähmiýet üçin sürtülmä ýitgileri tapýarys. Hasaplama we
çyzgydy gurmaklyk üçin 0 den çenli çäklerde üç-bäş ähmiýetlere
ýüzlenmek ýeterlikdir.
Halkalaýyn giňişligiň uçastogynda guýy suwuklygy hereket edýär
(toýunly ergin ýa-da suw ). Bu uçastok üçin meňzeş formulalary ulanýarys:
(36)
bu ýerde
24
(37)

we (37) we (36)-dan bilmek bilen, - guýy suwuklygy bilen


eýelenen, uçastok üçin halkalaýyn giňişlikde sürtülmä ýitgileri, formulany ulanyp
kesgitleýäris. Üstesinede 0 dan çenli öňki üç-bäş ähmiýetleri kabul edýäris.
Ululyk islendik ähmiýet üçin 0 dan çenli, ýagny birinji etap üçin,
mydamalyk. Ol (25) formula boýunça kesgitlenilýär. tutuş birinji etapyň
dowamynda guýy suwuklygy hereket edyän, NKT-de sürtülmä ýitgileri
kesgitleýänliginde, onda tegelek turbada akmaklyk üçin formula boýunça
kesgitlenilýär. Şonuň üçinem
(38)

bu ýerde - NKT-de suwuklygyň akymynyň liniýaly tizligi, bolsa –


NKT kesiminiň meýdany.

(39)

Şeýlelik bilen, nasos agregatynyň berilşini bilmek we dürli


ähmiýetlere ýüzlenmek bilen, (21) formula boýunça birinji etap üçin guýunyň
agzynda gysyp ýygnama basyşynyň dinamikasyny kesgitlemek mümkin.
Ikinji etap wagtynda iki suwuklyklaryň bölümleriniň araçägi NKT-de
başmakdan agyza çenli süýşýär. Gysylyp ýygnalan suwuklyk bilen bilen
doldurylan, turba aralykdaky giňişlikdäki sürtülmä ýitgiler, mydamalyk bolarlar,
NKT-de ýitgiler bolsa guýuly suwuklygyň gysylyp ýygnalýan bilen garyşmagynyň
netijesinde üýtgärler. Ikinji etap üçin hasaplama NKT başmagyndan alyp bararys.
Basyşyň balansynyň deňlemesini (21) meňzeşlikde ýazmak mümkin, emma
goşulýanlar başgaça formulalar boýunça kesgitlenmelidirler, esasanda:
(40)
bu ýerde - 1 m NKT-a gysylyp ýygnalýan suwuklygyň m akymynda
NKT-de sürtülmä basyşyň ýitgisi.
(41)

(42)

Iki soňky deňleme boýunça hasaplama üçin gerek bolan, ähli ululyklar,
öňkilerden mälimdirler.

25
Ikinji etap üçin NKT-de suwuklygyň gidrostatiki deňagramlaşmadyk akymyn
diklik boýunça beýiklige eýe bolar. Şonuň üçinem degişli basyş deň
bolar
(43)
ulalmagynyň çägi boýunça ululyk kiçeler we bolmagynda nola
ýüzlener. çäklerde birnäçe ýüzlenip, ikinji etap üçin gysylyp ýygnama
basyşynyň dinamikasyny alarys.
Sorulmaň birinji we ikinji etaplarynda dürli üçin ähmiýete eýe bolmak
bilenç wagtyň her aralygynda nasos agregatynyň mälim bolan berilmesinde sorulmaň
wagtynda üýtgeme çyzgydyny gurmak mümkinü
Birinji etap üçin eýe bolýarys
(44)
bu ýerde - wagtyň pursatyna, gysyp ýygnalan suwuklyk bilen doldurylan,
halkalaýyn giňişligiň göwrümi; - beriliş bilen nasos agregaty bilen berilen,
suwuklygyň göwrümi, sorulmaň başyndan şol bir wagtda.
(24)-den
(45)
Şeýlelik bilen, (25) boýunça birinji etapyň gidrawliki hasaplamasy üçin dürli
ýüzlenip, wagtyň degişli ähmiýetini tapýarys. Gysyp ýygnamaň birinji etabynda
suwuklyk NKT boýunça hereket edýär. Şonuň üçinem
ýa-da (46)
Degişli ähmiýet ikinji etap üçin (46) formula boýunça berilen boýunça
kesgitlenmelidir.
Suwuklygy çalyşmaklyk bilen özleşdirmeklik prosesiniň gidrawliki
hasaplamasynda guýuda düýp basyşyň dinamikasy gyzyklanma döredýär.
ululygy halkalaýyn giňişlikdäki basyşyň ýitgisiniň üstünden we
turbalardaky ýitgileriň üstünden hasaplamak mümkin, sebäbi NKT başmagynda bu
basyşlar deňdirler.
Eger guýunyň düýbi NKT başmagyndan çuň bolsa , onda
(47)
bu ýerde - basyş başmakda deň:
birinji etap üçin
(48)
ikinji etap üçin
(49)

Bu ýagdaýda ikinji etap üçin formula boýunça kesgitlenilýär

funksiýany bilip, , üstünden aňlatmak we - iki etaplar üçin


wagtdan gysyp ýygnama basyşynyň baglylygyny bilmek we iki etaplar üçin hem
şoňunda kesgitlemek mümkin. Soňra (47) formula boýunça wagtda
düýbiň basyşynyň dinamikasyny kesgitlemeli.

26
gatlak basyşyny bilip we ony alynan ähmiýetler bilen goýup,
haçanda özleşdirilýän guýuda düýbiň basyşy gatlak basyşy bilen deňleşende ýa-da
ondan kiçi bolanda, sorulmaň başyndan wagtyň porsatyny tapýarys. Wagtyň bu
pursatyna gatlagyň döremeginiň başynda garaşmak mümkin.
Eger guýuda dykyzlykdan kiçi suwuklygyň doly garyşmagynda ýetilýän,
kiçi ähmiýetden kiçi bolsa, onda bu usulda guýuny özleşdirmek mümkin
bolmaýar we geljekde başga usul bilen peseltmegiň zerurlygy ýüze çykýar.
Şol bir hasaplama formulalary ulanmaklyk bilen meňzeş hasaplama, NKT has
ýeňil suwuklygy sormakda we guýy suwuklygyny turbaň aňyrsyndaky giňişligiň
üstünden gysmakda geçirilip biliner. Turbaň aňyrsyndaky giňişligiň kesim meýdany
, düzgün boýunça, NKT kesiminden takmyndan 4 esse ulydyr, şonuň üçinem
turbaň aňyrsyndaky giňişlikde sürtülmä ýitgiler NKT seredende azdyr. Bu düýbiň
basyşynyň turbaň aňyrsyndaky giňişligiň üsti bilen sorulmada beýleki deň
şertlerde, NKT üstünden sorulmakdaka seredende uly boljakdygyna getirýär, sebäbi
düýbiň basyşyna NKT-de sürtülmä basyşyň ýitgisi goşulýar.

27
6-njy sapak
Tema. Göçme kompressor desgalar.

Guýyny özleşdirmek we akym almak üçin dürli göçme kompressor desgalary


ulanylýar. Olaryň iň köp ulanylýanlarynyň biri UKP-80. Ol zynjyrly TGT-20
“Wostok” araba berkidilen we umumy ramada B2-300 dizeli, reduktory we standart
şertlerde 8 m3/min berijilikli KP-80 kompressory bar.
UKP-80 kompressoryň tehniki häsiýeti
Işçi basyş, MPa -8
Berijilik, m /min
3
-8
Ýangyç harjy, kg/sag. - 43
Desganyň agramy, kg - 16100
Yzynlygy, mm - 6615
Beýikligi, mm - 2870
Ini, mm - 2650
Dizeliň kuwwaty, kWt - 173

UKP-80 guýularyň ýanyna týagaç-traktor bilen transportirlenýär. Göçmesi


ýeňil bolmagy üçin UKP-80-i KrAZ-257 agyr ýük maşynyň şassisinde oturdylan.
Bu ugurda öňegidişligiň biri DK-10. Bu ýeňil we kiçi göwrümli erkinporşenli
dizel-kompressor. Bu maşynda şatun kriwoşip mehanizm ýok, şonuň üçin oňat
deňagramlykly. Erkinporşenli dizel kompressor (EPDK) iki taktly dizel we 4
basgançakly porşen kompressorly (erkin porşenli), deň uzynlykda biri-birine gapma-
garşy hereket edýär. Ol dizel we kompressor üçin umumy goýberijili, ýaglaýjyly we
sowadyjylydyr. Porşen toparlary gidip-gelip, bir-birine ters hereket edýärler.
Maşynda beriji mehanizm (reduktor, transmissiýa) mahowik, sepleniýa mufta ýok.
DK-10-a esaslanyp AK-7/200 düzülen (2 sany DK-10-dan ybarat). AK-7/200
wertolýet bilen hem göçürilip bilinýär. 6,8 tonnalyk agregat 7 m3/min berijilikli we
20 MPa basyşly. Soňky basgançakdaky çykyş temperatura 35 oC. Ýangyç harjy 34
kg/sagat. Gysylan howaly ballon bilen, öňden gyzdyrylmasyz işe girizilýär. Maşinist
üçin izolirlenen kabina bar. Bu bolsa agregady dürli sowyk we başga ýagdaýlarda we
ýerlerde ylanşyna mümkinçilik döredýär. Şunuň ýaly hem (DKC 7/100 A) KrAZ-
255B awtoulagyň şassisine berkidileni bar.

28
Kowyjy guýularyň işe girizilmegi 133 sah
Eger maksat ulanma guýydan gatlagyň parametrlerine laýyklykda uly
önümberijilik koeffisiýenti almak bolsa, onda nagnetatel (kowyjy) guýynyň maksady
– uly siňdirme ýa-da kabul etme koeffisiýentdir. Muny kowylýan suwuň göwrüminiň
ýütgemeginiň, kowma basyşynyň ýütgemeginiň gatnaşygynda kesgitläp bolýar

ýa-da differensal görnüşde

Uly Kp-de gatlaga hasaplanan suwy pes basyşda kowyp bolar. Bu bolsa
energiýa sarpy we kowyjy guýularyň sanynyň azalmagy diýmeklikdir. Kowyjy
guýular suwdoly we nebitdoly (zakontur, konturly) gatlaklarda burawlanýar. Olaryň
işleme usullary dürli-dürlidir.
Eger ýokarkylaryň birinjisi suw bilen işe girizilýän bolsa, onda ikinjisi başda
nebit bilen nebiti almak we guýynyň töwereginde basyşy düşürmek üçin nebit
ulanylýar. Eger kontur içi (внутриконтурный) usul ulanylýan bolsa, onda guýularyň
bir hatary kowyjy, beýleki hatary nebitli ulanma hatar bolýar. Şeýle yzygiderlikde
dowam edýär.
Nebit almagyň göwrümi, alynýan nebitiň düzüminde süýji suw çykýança
ulaldylýar. Bu suw kowyjy guýynyňky.
Kowyjy guýulary olaryň ulanyş kynçylygyna görä 3-e bölüp bolar.
I topar. Monolit, birjyns çägesow gowy geçirijilikli [(0,5-0,7)10-12 m2],
galyňlygy 10 m-den köp gatlakda burawlanan guýular. Iň ýeňil we ýönekeý
işledilýär. 700-1000 m3/sut suw harjy.
II topar. Palçyk gatlajykly, erbet geçirijilikli çägesow gatlaklarda
burawlanylan. Umumy çäge gatlajyklaryň galyňlygy 6-12 m. Bularyň orta udel
siňdirme koeffisiýenti iki esse I toparyňkydan pes. Bu toparyň guýulary bilen
işlemek kyn we ýorite usullar bilen işlemäni talap edýär.
III topar. Palçykly gatlajykly, yzly-yzynaçelýän geçirijilikli çäge, geçirmeýän
gatlakda burawlanan. Udel geçirijilik koeffisiýenti 0,1 m3/(sut MPa).
Bu guýularyň işe girizmegi bir näçe az çekýär we dürli usullary ulanmaly
bolýar. Olar düýpýaka zology interwal boýunça gidroýarmak, kislota bilen işlemek
we uly kowma basyşy. III topar guýularda kabul edijilik çalt ýapylýar we 2-3 aýdan
ony dikeltmeli bolýar. Munuň ýaly guýularda kowylýan suwa uly üns berilýär, olarda
hek ýa-da demriň gidrookisi bolmaly däl.
Nagnetatel guýulary işe girizmek üçin aşakdaky usullar ulanylýar.
1. 1200-1300 m3/sut harçly göni we yza intensiw uwmak. Munuň
yzygiderliligi 1-3 sutka. Suwy bolsa kowyjy suwgöterijilerden ýa-da ýörite
durlaýjylarda saklanyp, nasos arkaly tegelek gaýtalanşa shemada berýärler.
Guýularda dürli siňdirijilik ykybyny ylaldýan işleri geçirilenden soň
hökman ýuwylýar.
2. Guýynyň düýp ýka zolagyny arassalamak üçin intensiw drenažlamak.
29
Drenaž dürli usullarda alnyp barylýar.
a) Porşenli. Bu ýagdaýda halkara giňişligi izolirleýän paker goýmaly. Şeýle
edilse gatlaga uly depressiýa alynýar (12 MPa);
b) Kompressor usuly. Guýudan suwuklyk göçme kompressor arkaly
çykarylýar;
c) Nasosly usul;
d) Intensiw suw akymynda özi dökülme. Guýudan çykýan suw kanalizasiýa
gidýär.
3. Karbonatly, karbonat sementleýji materially gatlakda ýa-da okalini eretmek
üçin guýynyň düýpýaka zolagyny duz kislotasy bilen işlemek. Munuň üçin
1 m galyňlykdaky gatlaga 0,8-1,5 m3 10-15 % duz kislotanyň ingibitoryny
guýa guýup 1 sutka goýarlar. Ondan soň drenirlemeden soň guýyny ýuwyp,
guýyny kowyjy edýärler.
4. Gatlagy gidrawliki ýarmak (GGÝa) III topar guýulary köplenç bu işleri
geçirip işe girizýärler. Ýöne palçyk we çägeli yzygiderlikli gatlaklarda
GGÝa gowy netije bermeýär. Şonuň üçin her gatlajygy aýratyn ýarmaly. Bu
ýagdaýda iki paker ulanmaly bolýar (işlenmeli ýerden öň we soň).
5. NKT-ni we suwduryjyny suwçäge garym bilen ýuwmak.
6. Eger kollektorda tebigy jaýryklar bar bolsa, guýa normal basyşdan hem
ýokary basyşda birnäçe sagatlap suw kowmak.
7. Nebit guýularynda, guýyny kowyjy etmek üçin onuň düýp ýaka zolagynyň
parafin we smola galyndylaryndan arassalamak üçin gyzgyn suw ýa-da
nebit bilen işlemek.
Kowylýan suwuň harjy kowma basyşyň ösüşine görä çalt galýar. Bu diýildigi
siňdirme koeffisiýenti kowma basyşyň ösmegi bilen ösýär.

30
7-nji sapak
Tema. Guýynyň düýp ýaka zolagynda iş geçirmegiň usullary.
Soraglar:
1. Usul bellemek we olaryň häsiýetleri.
2. Guýyny duzkislota bilen işlemek.

Usul bellemek we olaryň häsiýetleri


Gatlakdan nebit almak we onuň bilen iş geçirmek diňe guýy arkaly ýerine
ýetirilýär. Düýp ýaka zolak (DÝZ) – akym prosesiniň intensiw geçýän ýeri. Bu ýerde
hemme akymlar birleşýärler, akymyň tizligi, basyş gradiýenti, energiýa ýitgisi,
filtrasiýa garşylygy maksimaldyr.
Käniň özleşdirilmeginiň amatlylygy DÝZ-ň ýagdaýna bagly. Nebit alnanda
gatlakdan çykýan hemme suwuklyk – nebit, suw we gaz guýynyň DÝZ-dan geçýär.
Bu hereketler olaryň öňki ýagdaýdaky (gatlakda, üstde) temperatura we basyşyndan
üýtgeşiklikde bolup geçýär. Şonuň üçin guýynyň DÝZ-da dürli uglewodorod
komponentler (smola, parafin) we duz galyndylar galýarlar. Sebäbi bu
termodinamiki deňligiň bozulmagyndan ýüze çykýar.
Filtrasion garşylygy peseltmek üçin guýynyň DÝZ-da täsir etmek işlerini
geçirmeli. Bu işleri 3 uly topara bölýärler:
Himiki, tehniki, ýylylyk.
Himiki usuly, galan galyndyny ýa-da dag jynsyny eretmek üçin ulanylýar
(guýynyň DÝZ-ny kislota bilen işlemek).
Mehaniki usuly, gaty gatlakda ulanylýar (guýyny gidroýarmak).
Ýylylyk usuly DÝZ-da gaty ýa-da örän goýy süzülýän uglewodorod galyndylar
(smola, parafin, asfaltenler) bar bolsa ulanylýar (DÝZ-y elektrogyzdyryja bilen
gyzdyrmak).
Kä bir ýagdaýlarda kombinirlenen usullar hem ulanylýar. Mysal üçin guýynyň
DÝZ-ny termokislota usuly bilen işlemek.
Şunlukda usul saýlamak üçin DÝZ-ň termodinamiki şertini, DÝZ-ň ýagdaýyny
dag jynsynyň we suwuklyklaryň düzümini örän gowy öwrenmeli.

Guýyny duz kislota bilen işlemek


Bu usulyň köp ulanylmagynyň sebäbi bu usulyň ýönekeýligi, arzanlygy we
şunuň bilen işlenmeli gatlagyň köp duş gelýändigidir.
Özünde nebit saklaýan dag jynslarynda az-kem hek daşy, dolomit ýa-da
karbonat sementleýji zatlar hem bolýar. Bulary duzkislotasy gowy eredýär we indiki
reaksiýalar bolup geçýär.
Heke täsirlenmede
2HCl + CaCO3 = CaCl2 + H2O + CO2
Dolomite täsirlenmede
4HCl + CaMg(CO3) = CaCl2 + MgCl2 + 2H2O + 2CO2
Hlorly kalsiý (CaCl2) we hlorly magniý (MagCl2) – bu suwda- reaksiýanyň
netijesinde emele gelýän, kislota göterijisinde gowy eremeýän, duzlardyr.

31
Kömürturşy gaz (CO2) hem guýudan ýeňil aýrylýar, degişli basyşda (7,6 MPa
ýokary) şol suwda ereýär.
Mukdarlaýyn gatnaşykda hekli duz kislotasynyň reaksiýasy indiki görnüşde
ýazylýar:
2HCl + CaCO3 = CaCl2 + H2O + CO2
2(1 + 35,5) + 40 + 12 + 3 . 16 = 40 + 2 . 35,5 + 2 . 1 + 16 + 12 + 2 . 16
Şeýlelik bilen, hek bilen 73 g arssa HCl özara gatnaşygynda onuň doly
neýtrallaşmagynda 100 g hek ereýär. Şol wagtda 111 g hlorly kalsiýanyň ereýän
duzlary, 18 suw we 44 g kömürturşy gaz emele gelýär. Şeýlelikde, 1 kg heke arassa
HCl indiki mukdaryny harçlamak gerekdir:
g
Kislotanyň 1 l 15%-li ergininiň 161,2 g arassa HCl saklaýanlygy mälimdir. Yz
ýanyndan, 1 kg hekiň eremekligi üçin gezek bolýar
ergin
HCl dolomite täsirlenmesiniň ikinji reaksiýasy üçin meňzeşlikde
146 g + 184,3 g = 111 g + 95,3 g + 36 g + 88 g
Şeýlelik bilen, 146 g arassa HCl 184,3 g dolomite bilen özara gatnaşygynda
[CaMg(CO3)2] doly neýtralizasiýada 111g hlorly kalsiýanyň öreýän duzlary; 95,3g
MgCl2; 36g suw (H2O) we 88g kömür kislotasy emele gelýär.
1 kg dolomitiň eremegi üçin kislota gerek bolýar
g (HCl)
ýa-da
l HCl 15%-li ergini
Emma kislotada mydama özi bilen özara gatnaşygynda neýtrallaşýan kislotaly
erginde eremeýän çökündiniň emele gelmegi mümkin bolan, garyndular bardyr. Bu
çökündileriň gatlagyň öýjüklerine düşmegi guýunyň düýbiniň gapdal zonasynyň
syzdyryjygyny peseldýär.
Şeýle garyndylaryň sanyna indikiler degişlidir:
1. Göwrümli çökündi görnüşinde düşýän, demir okisiniň gidratynyň
gidroliziniň [Fe(OH)3] netijesinde döreýän, hlorly demir (FeCl3).
2. Kükürt kislotasy H4SO2 erginde onuň CaCl2 hlorly kalsiýa bilen özara
gatnaşygynda erginde diňe ujypsyz mukdarda saklanýan, gipsi (CaSO 4 .
2H2O) emele getirýär. Gipsiň esasy massasy çökündä iňňeli kristallaryň
süýümli massasy görnüşinde düşýär.
3. Kislota erginine antiposlama goşundylary höküminde salynýan, käbir
reagentler (meselem, PB-5 ingibitory).
4. Ftorly wodorod we fosforly kislota, ýagny duz kislotasy önümçiliginiň
käbir tilsimatly çatgylarynda onda bolýar we karbonatlar bilen reagirlemede
gatlakda ftorly kalsiýanyň (CaF2) we fosforly turşy kalsiýanyň [Ca3(PO4)2]
eremeýän çökündilerini emele getirýär.
Guýulary işläp bejermeklik üçin adatça 10-15% çäklerde arassa HCl
saklamakly duz kislotasynyň ergini taýýarlanylýar, sebäbi onuň ulydan
32
saklanmasynda neýtrallaşan ergin örän şepbeşikli bolýar, bu bolsa onuň gatlagyň
öýjüklerinden çykmasyny kynlaşdyrýar. HCl 15%-li ergininiň deňmaklyk
temperaturasy minus 32,8 oS deňdir.
Ergini taýýarlamak resepturasyny ýa-da senagat tejribehanasynda, ýa-da
derňew institutlarynda işläp taýýarlaýarlar.
HCl erginine indiki reagentleri goşýarlar:
1. Ingibitorlar – enjama kislotanyň poslama täsirini peseldiji, madda, ýagny
şonuň kömegi bilen HCl erginini daşaýarlar, akdyrýarlar we saklaýarlar. Adatça
ingibitorlary 1% çenli mukdarda ingibitoryň görnüşinden we onuň başlangyç
konsentrasiýasyna baglylykda goşýarlar.
Ingibitorlar hökmünde ulanýarlar:
- poslama işjeňligini 7-8 esse peseldiji, formalin (0,6%);
- unikol – ýelmeşýän garamtyl-goňur suwuklyk (meselem, unikol PB-
5) (0,25-0,5%), poslama işjeňligini 30-42 esse peseldiji. Emma
unikolyň suwda eremeýänligi sebäpli, ol neýtrallaşan kislotadan
çökündä düşýär. Şonuň üçinem onuň konsentrasiýasyny 0,1% çenli
peselsýärler, bu poslama işjeňligini diňe 15 essä çenli peseldýär.
- ýokary temperaturalar we basyşlar üçin poslama işjeňligini 20 essä
çenli peseldiji (t = 87 oS we p = 38 MPa bolmagynda), urotropin bilen
garyndyda (0,8%) ingibitor-reagent U-1-A (0,4%) işlenilip
taýýarlanyldy. Ingibitor katapin A iň gowularyň biri hasaplanylýar.
Ol işçi kislotaly erginiň göwrüminden 0,1% kadalaşdyrylmada
erginiň poslama işjiňligini 55-65 esse, 0,025% (0,25 kg 1 m 3 ergine)
– 45 esse peseldýär. Emma onuň göraw häsiýetnamasy ýokary
temperaturada güýçli ýaramazlaşýar. Şonuň üçinem t = 80-100 oS-da
onuň kadalaşmasy 0,2% urotropini goşmakly 0,2% 90 çenli ulalýar.
Mundan başga-da, katapin A gowy kationoişjeň PAW bolup durýar.
HCl ergininiň poslama işjeňligini peseldiji, beýleki reagentler hem
bardyr.
2. Intensifikatorlar – üstleýin – işjeň madda (ÜIM), nebit-neýtrallaşan kislota
araçäginde ültleýin çekilmäni 3-5 esse peseldiji, düýbiň gapdalyndaky zonany
reaksiýa önümlerinden we reagirlenen kislotadan arassalamaklygy ýeňilleşdirýän we
çaltlandyrýan. ÜIM goşundysy kislotaly işläp bejermeleriň täsirliligini ulaldýar.
Katapin A, katamin A, merwelan K (O) ýaly, käbir ingibitorlar, şol bir wagtda
intensifikatorlaryň roluny ýerine ýetirýärler, sebäbi işjeň ÜIM bolup durýarlarü
Intensifikatorlar höküminde OP-10, OP-7, 44-11, 44-22 ýaly we beýleki ÜIM-lar
hem ulanylýar. HCl gysylyp ýygnalýan ergininiň baş böleginde absorbsiýanyň
netijesinde dag jynslarynyň uştüne ÜIM ýitgisini hasaba almak bilen, reagentiň
konsentrasiýasyny takmyndan 2-3 esse ulaldýarlar.
3. Stabilizatorlar – HCl ergininiň garyndylarynyň demir, sement we çägelikler
bilen reaksiýasynyň käbir önümleriniň erän ýagdaýda saklanmagy üçin, şeýle-de duz
kislotasynyň ergininden kükürt kislotasynyň zyýanly garyndylaryny aýyrmak we ony
bariýyň ereýän duzuna öwürmeklik üçin zerurdyr:
H2SO4 + BaCl2 = BaSO4 + 2 HCl

33
Bu ýagdaýda HCl ergini guýa sorulmazdan öňürti hlorly bariýanyň ergini
(BaCl2) bilen işläp bejerýärler. Emele gelen kükürtli turşy bariý (BaSO 4) erginde
ýeňil saklanýar we gatlagyň öýjüginden suýuk ýagdaýda reaksiýanyň beýleki
önümleri bilen bilelikde aýrylýar.
Duz kislotasy, toýunlar bilen özara gatnaşykda bolmak bilen, alýuminiýa
duzlaryny emele getirýär, sement we çägelikler bilen bolsa – çökündä düşýän,
kremnili kislotanyň gelini emele getirýär. Muny düzetmeklik üçin stabilizatorlary –
uksusly (CH3COOH) we ereýän (HF) (ftoristowodorodly) kislotany, şeýle-de
beýlekileri (limonly, winnaýa we beýleki) ulanýarlar.
Plawik kislotanyň (HF) 1-2% mukdarda goşulmagy kollektoryň öýjüklerinde
dykylan, kremnili kislotanyň geliýiň döremegini öňünden duýdyrýar we sement
gabygynyň gowy eremegine täşirini ýetirýär. Uksus kislotasy (CH3COOH) demir we
alýumin duzlaryny erän ýagdaýda saklaýar we HCl ergininiň dag jynsy bilen
reaksiýasyny güýçli haýallaýar, bu HCl konsentrirlenen erginini gatlagyň has çuň
uçastogyna salmaklyga mümkinçilik berýär.
Kislotanyň işçi erginini merkezi önümçilik kislota bazasynda we seýrek
ýagdaýda guýularda taýýarlaýarlar. Kislotalary taýýarlamak operasiýalarynyň berk
yzygiderliligi bardyr. Komponentleriň takyk resepturasy düzümini we olaryň
mukdaryny degişli ýolbaşçylyk ýa-da tejribehanalarda hasaplama jedwelçeleri
boýunça kesgitleýärler.
Işçi ergini taýýarlamaklyk üçin suwuň hasaplanylan mukdaryna ilki ingibitory
we stabilizatory, soňra tehniki duz kislotasyny salýarlar. Garylandan soň hlorly barini
goşýarlar, ýene-de hlorly bariniň gurumlarynyň ýitmegine çenli garýarlar, muňa
barlagyç derňewi bilen gözegçilik edilýär. Soňra intensifikatory goşýarlar, ýene-de
garýarlar we soňra ergine doly ýagtylanmagyna we kükürtli turşy bariýaň
çökündilenmesine çenli durmak mümkinçiligini berýärler.
HCl erginlerini, ýörite eşikleriň, rezin ellikleriň we äýnekleriň bolmagyna
seredilýän, tehniki howpsyzlyk boýunça düzgünlere hökmany gözegçilik etmek bilen
taýýarlaýarlar. Buglary zäherli bolan, ftoristowodorodly kislota bilen iş salyşmada
ägä bolmaklygyň aýratyn çäreleri zerurdyr.
Duz kislotasyny gummirlenen demirýol sisternalarynda ýa-da
awtosisternalarda getirýärler. Kähalatda sisternanyň metalyny poslamadan
goramaklyk üçin olaryň içini himiki taýdan durnukly emal (HSE-93) bilen birnäçe
gatlak bilen reňkleýärler. Ftorwodorodly kislotany obonitli 20-litrlik gaplarda
daşalýar.
Karbonatly kollektorlaryny açan, guýularyň duz kislotasy bilen işlenilip
bejerilmesiniň birnäçe görnüşlerini tapawutlandyrylýar: kislotaly wanna, ýönekeý
kislotaly işläp bejermek we guýularyň DÝZ basyşyň täsiri astynda kislotaly
işlemek, termokislotaly işläp bejermek, gidromonitorly oturtmalaryň üstünden
kislotaly işläp bejermek, seriýaly interwal boýunça kislotaly işläp bejermek.
Kislotaly wannalar düýbi açyk guýularyň ählisinde burawlamakdan we
özleşdirmekden soň, düýbiň üstüni sementli we toýunly gabyklaryň galyndylaryndan,
poslama önümlerinden, gatlak suwlarynyň kalsitli bölünmelerinden arassalamak üçin
ulanylýar. Düýplerine sütün oturdylan we perforirlenen guýular üçin, kislotaly
wannalary geçmeklik maslahat berilmeýär. Kislotaly erginiň göwrümi işlenilip
34
bejerilýän interwalyň düýpden üçegine çenli guýularyň göwrümine deň bolmalydyr,
üstünden ergin basylýan NKT-niň başmagy bolsa, gatlagyň ökjesine ýa-da guýunyň
düýbüne çenli goýberilýär. Ýokarlandyrylan konsentrasiýaly (15-20%) HCl ergini
ulanylýar, sebäbi düýpde onuň garylmasy bolup geçmeýär.
Bar bolan kän üçin kislotanyň neýtrallaşmasy üçin önümli gatlakda saklanmaly
wagty NKT-niň üstünden işlenilip bejerilen kislota ergininiň we gysylyp ýer ýüzüne
çykarylan konsentrasiýasynyň ölçegi boýunça tejribe bilen kesgitlenýär.
Adatça kislota ergininiň gatlakda saklanma wagty 16-24 s barabar bolýar.
Ýönekeý kislotaly işläp bejermeler – has giňden ýaýran, guýunyň düýpýaka
zolagyna HCl ergininiň basylmasy amala aşyrylýar (1-nji tablisa).
Köp gezekleýin işläp bejermede her indiki operasiýa üçin erginiň eredijilik
ukyby basylýan erginiň göwrüminiň ösmeginiň, kislotanyň konsentrasiýasynyň
ýokarlanmagynyň hasabyna, şeýle-de basylmanyň tizliginiň ýokarlanmagynyň
hasabyna ulalmalydyr. Erginiň başlangyç konsentrasiýasy – 12%, maksimal ulylygy
– 20%.
1-nji tablisa
Gatlagyň 1 m galyňlygyna HCl erginiň hödürlenilýän
göwrümleri
HCl ergininiň göwrümi, m3/m
Dag jynsy
ilkinji işläp bejermede ikilenji işläp bejermede
pes syzdyryjylykly inçe
0,4-0,6 0,6-1,0
öýjükli
Ýokary syzdyryjylykly 0,5-1,0 1,0-1,5
Jaýrykly 0,6-0,8 1,0-1,5

Ýönekeý kislotaly işläp bejerme, düzgün boýunça, guýyda ýokarlandyrylan


temperaturalary we basyşlary ulanmazdan pugta ýuwulan we taýýarlanan, bir nasos
agregatynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Parafinli we şepbikli (smolaly)
gatlaklarda NKT-de we düýpde olary degişli eredijiler: kerosin, propan-butanly
fraksiýalar we nebithimiýa kärhanasynyň beýleki haryt däl önümleri bilen guýulary
ýuwmaklyk arkaly aýyrýarlar. Açyk düýpde kislotaly işlenilip bejerilme diňe
kislotaly wannadan soň geçirilýär. Kislotanyň ergininiň hasaplama göwrüminiň
NKT-ä basylmagyndan soň NKT göwrümine deň bolan, göwrümde gysyjy
suwuklygy basylýar.
Gysyjy suwuklyk hökmünde adatça ulanyş guýular üçin nebit we gysyp
ýygnaýjy guýular üçin suw bilen OP-10 görnüşli ÜIM goşundysy ulanýarlar. HCl
ergininiň basylyş prosesinde turba arasyndaky giňişlikde kislotanyň derejesi üstki
gatlakda saklanýar.
Kislotany saklamagyň wagty köp faktorlardan baglydyr. Tejribe synaglary
kislotanyň karbonatlar bilen aýratynam öýjükli gurşawda örän çalt reagirleýänligini
görkezýär. Ýokarlandyrylan temperatura reaksiýany ýokarlandyrýar, şonuň üçin
düýpde kislotanyň saklanyş wagtyny gysgaldýar. Pes temperaturada, açyk düýpde we
işlenilip bejerilýän interwalyň çäklerinde kislotanyň göwrüminiň saklanmagynda
saklanyş 8 den 24 sagada çenli dowam edýär, 15-30 oC gatlak temperaturada gatlaga
tutuş kislotanyň gysylmagynda – 2 sagada çenli, 30-60 oC temperaturada – 1-1,5
35
sagada çenli. Has ýokary temperaturada saklanyş göz öňünde tutulmaýar, sebäbi
guýularyň ulanyş režimine geçirilmegi kislotanyň doly neýtrallaşmasy üçin gerek
bolan wagtda seredende, uly wagty talap edýär.
Köp sanly synaglar we derňewler kislotanyň karbonatly dag jynslarynda radial
deňölçegli dargaýan kanallary emele getirmeýänligini görkezdi. Adatça bu
promoinler – nädogry görnüşdäki ýeň görnüşli kanallardyr, ýagny olar haýsydyr bir
ýa-da birnäçe ugurlarda artykmaçlyk görnüşe gelýärler. Öýjükli kollektorda
karbonatly sementleýji madda bilen eremeklik guýunyň boýunyň ýa-da perforasion
deşigiň töwereginiň daşynda has deňölçegli gidýär. Muňa garamazdan eremekligiň
emele gelen kanallary dogry radial ulgamdan daşdadyrlar. Kislota ergininiň dag
jynsyna girmeginiň çuňlugynyň ulalmagyna başdaky erginde HCl konsentrasiýanyň
we basylma tizliginiň ulalmagy, şeýle-de reaksiýany haýallaýdyjy, dürli
goşundylaryň ylanmagy bilen ýetilýär.
Başdaky konsentrasiýanyň ulalmagy - ýeterlikli täsirli usul däldir, sebäbi ol
metalyň we enjamyň poslamasyny döredýär, reaksiýa önümlerinde eremeýän
çökündileriň emele gelmegine täsirini ýetirýär. Basyş tizliginiň ulalmagy täsirli
serişde hasaplanylýar, emma ol guýularyň ýuwudyjy ukyby we ulanylýan nasos
enjamynyň kuwwatlylygy bilen çäklenýär. Goşundylaryň ulanylmasy – has täsirli
serişdedir. Haýallaşdyrma üçin ulanylýan, ergindäki uksus kislotasynyň mukdaryny
durnuklaşdyrma üçin gerek bolan bilen deňeşdirlende birnäçe esse ulaldýarlar. Onuň
erginiň umumy göwrüminden 4-5% saklanmagynda neýtrallaşma tizligi 4-5 esse
haýallaşýar. Bu erginiň özüniň işjeňligini beýleki deň şertlerde 4-4,5 esse uly
aralykda saklaýanlygyny aňladýar.
Basyşyň täsiri astynda kislotaly işlemek. Ýönekeý duz kislota bilen
işlenende kislotalar gowy geçirijilikli gatlajyklara girýär, geçirijiligini
gowulandyrýar. Ýaramaz geçirijilikli gatlajyklar gurşalman galýar, gatlagyň bir syhly
däl gatlajyklary bilen baglanşykly bu ýetmezçiligi kanagatlandyrmak üçin
ýokarlandyrylan basyşyň täsiri astynda kislotaly işlemek ulanylýar.
Bu ýagdaýda ýokary geçirijiligi anyk aýan bolan gatlajygy öňünden paker bilen
izolirlemeli ýa-da bu gatlajyklara bufer hökmünde öňünden nebitde kislota görnüşli
ýokary şepbeşikli emulsiýalary gapgarylyp izolirlenýär. Şeýle usulda gatlagy
gurşamagy birnäçe esse artar.
Basyşyň täsiri astynda DKI kislotaly wannadan we ýönekeý DKI-den soň
üçünji operasiýa bolup durýar.
Başda guýyda adaty taýýarlyk işi geçirilýär: düýbüň dykysyny, paraffin
gatlaklanmasyny aýyrmak. Suwlanýan gatlajyklary izolirlemek.
Basyşyň täsiri astynda DKI geçirmezden öň önümli gatlagyň siňdirýän
gatlajyklaryň ýerleşýän ýerini we olaryň galyňlygyny öwrenilýär. Ýokary basyşdan
oturtma kolonnalaryny goramak üçin gatlagyň örtügine NKT-da ýokarky paker
oturdylýar.
Gatlagyň ýokary geçirijilikli gatlajyklarynyň siňdirijilik ukubyny peseltmek
üçin ýa-da izolirlemek üçin gatlaga emulsiýa gysylýar.
Emulsiýa 10-12%-li HCl ergininiň we nebitiň garyndylaryny merkezden
daşlaşdyryjy soruujylar bilen birsygymdan beýlekä gapgaryp taýarlanýar. Ýeňil

36
nebite emulgirleýji häsiýetli önümler goşulýar, meselem okislenen mazut, turşy
gazoýl, aminler we beýleki maddalar hödürlenýär.
Emulsiýa HCl erginiň 70%-den we nebitiň 30%-den düzülýär. Garma wagtyna
we usulyna baglylykda emulsiýalaryň dürli şepbeşikligini, 10 Pas çenli almak
mümkin. Yzygider garylmagynda emulsiýalaryň uly dispersliligine we
şepbeşikliginiň artmagyna getirýär. Nebit kislotaly şepbeşik emulsiýalaryň göwrümi
galyňlygy h, öýjükliligi m, gapgarmagyň çaklanýan radiusynyň R çäginde gatlagyň
öýjükli göwrümi bilen kesgitlenýär.
Vs = π(R2-rguýy2)h m
Ýokary geçirijilikli gatlajygyň 1m galyňlygyna 1,5-2,5 m3 emulsiýa zerurdyr.
Işçi ergin ýönekeý DKI-däki göwrüminde gapgarylýar.

8-nji sapak
Tema. Termokislotaly işlemek.
Soraglar:
1. Termokislotaly işlemek.
2. Interwallaýyn ýa-da basgançakly duz kislotaly işlemek.

Guýynyň düýbiniň gapdal zonasyna täsirlenmäň bu görnüşi, gyzdyrylmasy,


duz kislotasynyň magniý ýa-da onuň käbir erginleri (ML-1, MA-1 we beýlekiler)
bilen, üstünden işçi ergin sorulýan, NKT ujynda ýerleşen, ýörite reaksion uçlykda
ekzotermiki reaksiýasynyň netijesinde bolup geçýän, gyzgyn kislota bilen guýularyň
düýbiniň işlenilip bejerilmesinde jemlenýär. Şol wagtda indiki reaksiýa bolup geçýär.
Mg + 2HCl +H2O = MgCl2 + H2O + H2 + 461,38 kDz
Hlorly magniý (MgCl2) erginde galýar.
Mukdarlaýyn gatnaşykda reaksiýa indiki görnüşde ýazylýar:
Mg + 2HCl +H2O = MgCl2 + H2O + H2 + 461,38 kDz
24,3 + 2(1 + 35,5) + (2 + 16) = (24,3 + 2*35,5) + (2 + 16) + 2.
Şeýlelik bilen, 73 g arassa HCl 24,3 g Mg bilen özara gatnaşygynda erginiň
doly neýtralizasiýasy bolup geçýär, ýagny onda 161,38 kDz ýylylyk energiýasy
bölünýär. 1000 g magniýanyň özara gatnaşygynda 18987 kDz ýylylygyň
bölünýanligini hasaplamak ýeňildir.
1 kg magniýany eretmeklik üçin HCl 15 %-li ergininiň mukdaryny kesgitläris
x = (73/24,3)*1000 = 3004 g arassa HCl.
1 kg Mg eremekligi üçin gerek bolýar v = 3004/161,2 = 18,61 l 15 %-li HCl
ergini.
Erginiň dürli temperaturalarynda almak üçin 15 %-li duz kislotasynyň zerur
bolan mukdary (1 kg Mg) aşakda getirilendir:
HCl mukdary, litr 50 60 70 80 100
Erginiň temperaturasy, C
o
120 100 85 75 60
HCl galan konsentrasiýasy, % 9,6 10,5 11 11,4 12,2
Ýylylyk balansynyň deňlemesinden
Q = vcvΔt

37
görnüşi ýaly, cv (kDz/l*oC) ýylylyksygymyna eýe bolan, l erginiň gyzdyrylmasyna v
ähli bölünýän ýylylygyň Q kDz amala aşyrylmagynda. Erginiň Δt oC gyzmasy bolup
geçýär ýa-da
Δt = Q/vcv.
Suwuň ýylylyksygymyna deň bolan, ýagny cv = 4,1868 kDz/l*oC, HCl 15 %-li
ergininiň takmyny ýylylyksygymyny kabul etmek bilen alarys

Gyzdyrylma diňe reaksiýa önümleriniň ýylylygynyň doly ulanylmagynda –


erginiň temperaturasy näçe gradus ulalar (käbir berilenler boýunça erginiň
temperaturasy 300 oC ýetip biler).
Şeýle hasaplamada diňe ýylylyk täsirlenmesi we doly neýtrallaşan kislota
emele gelýär. Kislotanyň ergininiň işjiňligini dag jynsy bilen özara gatnaşygy üçin
saklamaklyk üçin, onuň 1 kg Mg mukdaryny 18,61 b däl-de, köpräk almaly, emma
şol wagtda erginiň temperaturasy pes bolar, sebäbi reaksiýa önümleriniň umumy
mukdaryny ulalýar.
Adatça uçlyklara gatlagyň işlenilip bejerilýän interwalyndan we işlenilýän
temperaturadan baglylykda 40 dan 100 kg çenli magniýany ýükleýärler.
Işläp bejermäň iki görnüşi bardyr. GDGZ termohimiki işlenilip bejerilmesi –
gyzgyn kislota bilen işläp bejermek, ýagny onda magniýany eretmeklik üçin HCl 10-
12 % konsentrasiýasy saklanar ýaly gatlak dag jynslarynyň karbonatlarynyň eremegi
üçin kislotanyň artykmaç mukdary berilýär.
GDGZ termokislotaly işlenilip bejerilmesi – termohimikiniň we onuň ýaz
ýanyndan gidýän GDGZ kislotaly işlenilip bejerilmesiniň utgaşmasydyr, üstesinede
kislotaly işläp bejerme adaty we basyşyň aşagynda b olup biler.
HCl ergininiň sorulma tizligi, prosessiň tutuş dowamynda uçlygyň
çykalgasynda birmeňzeş planlaşdyrylan temperatura we erginiň mydamalyk galyndy
kislotalylygy bolar ýaly bolmalydyr. Bu şert kyn ýerine ýetirilýär, sebäbi kislotanyň
magniniň üstünden sorulmagynda onuň massasy kislota bilen galtaşýan üsti, reaksion
sredanyň temperaturasy, kislotanyň konsentrasiýasy we beýlekiler üznüksiz üýtgeýär.
Bu kislotanyň sorulma režiminiň hasaplamasyny kynlaşdyrýar.
Üstleýin şertlerde synag sorulmalaryň kömegi bilen 3 MPa geçýän reaksion
uçlugyň ornaşdyrylýan çuňlugyndaky basyşda, magniýanyň gyryndylar görnüşinde
ulanylmagynyň maslahat berilýänligi kesgitlenildi, üstesinede basyş näçe uly bolsa,
magnili gyryndy şonça-da ownuk we inçe bolmalydyr. 3 MPa pes basyşda –
kwadratly we tegelek kesimli brusoklar görnüşinde. Üstdinede basyş näçe pes bolsa,
bu brusoklaryň boýunça kesimli meýdany. Şonça-da uly bolup biler. 1 MPa çenli
basyşda 10-15 sm2 meýdany brusoklar ulanylýar. 1 den 3 MPa çenli basyşda
brusoklaryň ölçeglerini hersiniň kesim meýdany 1-5 sm2 bolar ýaly, kemeldýärler.
GDGZ termohimiki duzkislotaly işlenilip bejerilmesi, düýbiniň gapdal
zonasynda gaty uglewodorodlaryň gatlaklaşmasy görünýän, pes gatlak temperaturaly
guýularda täsirlidir. Işlenilip bejerilmäň bu görnüşi karbonatly kollektorlar üçin we
terrigenliler üçin olaryň ýeterlikli ýokary karbonatlylygynda ulanylyp biliner.

38
Interwallaýyn ýa-da basgançakly duz kislotaly işlemek
Umumy filtrde birnäçe aýratyn gatlajyklar açylanda ýa-da umumy açyk
zaboýly, şeýle-de uly galyňlykly gatlak açylanda, haçanda olaryň kesiklerinde deň
bolmadyk geçiriji interwalda P bar bolanda bir gezek geçirilen duz kislotaly bilen
işlemek öz täsirini gowy geçiriji gatlajyklara ýetirýär. Galan erbet geçirijiler bolsa
işlenmäni galýar.
Şeýle ýagdaýda her interwaly aýratynlykda işleýärler. Ol interwal iki paker
bilen ýapylýar. Oturdylan we perforirlenen zaboý üçin adatça PŞ5 ýa-da PŞ6 şlipsaly
pakerler ulanylýar.

9-njy sapak
Tema. Terrigen kollektory kislotaly işlemek.
Soraglar:
1. Terrigen kollektory kislotaly işlemek.
2. Guýularyň kislota bilen işlemegiň tehnikasy we tilsimaty.
Terrigen (gum daşlary,alewrolitler we ş.m.) kollektorlary duz kislotaly
işlemegiň aýratynlygy karbonat, jaýrykly kollektorlardaky ýaly aýratyn kanallar
döremeýär.
Bu ýagdaýda kislotaly ergin gatlaga deň ölçegli girýär, we onuň süýşme
kontury tegelege ýakyn bolýar. Emma gatlagyň galyňlygy boýunça geçirijiligiň,
öýjükliligiň dürliligi sebäpli girmegi gyra deň bolup bilmez.
Duz kislotasy bilen işlemegiň beýleki aýratynlygy karbonatly maddanyň çäksiz
massasy bilen kislota täsir edişýär, terrigenlerde bolsa karbonatlaryň diňe birnäçe
mukdaryny düzýänligi sebäpli goýberilýän erginleri çäklendirilmegidir. Eger erginiň
mukdary çäklendirilmese, gatlakda galan ergin boş öýjükleri doldurmasa, onda
gatlakda galan ergin boş öýjükleri doldurýar. Bu bolsa täsir etmegiň
yzygiderliliginde guýylardan başda kontsentrirlenen HCl ergini gelýär, soňra
neýtrallaşan kislota gelýänligi düşündirilýär.
Duz kislotasy terrigen kollektoryň dag jynslaryň esasy massasy bilen reaksiýa
geçmeýär. Bu kollektor esasan silikatly(kwars) maddalardan we kaolinlerden durýar.
Bu maddalar plawikow diýip atlandyrylýän ftorly wodorod (HF) kislotasy bilen özara
täsir edişýär. HF kwars bilen özara täsiri indiki reaksiýa boýunça bolup geçýär:
SiO2+4HF=2H2O+SiF4
Ftorly kremni (SiF4) döreýär, soňra suw bilen özara täsir edişýär.
2SiF4+4H2O=Si(OH)4+2H2SiF6
Kremni ftorly wodorod kislotasy H2SiF6 erginde galýar, kremni kislotasy
H2SiO3 bolsa, erginiň kislotalylygynyň peselmegi sebäpli gatlagyň öýjükliligini
ýapýan goýy görnüşli gel emele gelip bilýär. Munuň öňüni almak üçin ftor
kislotasyny erginde kremni kislotasyny saklamak üçin duz kislotalalary bilen
bilelikde sarp edilýär. Terrigen kollektorlara täsir etmek üçin işçi kislotalary 8-10 %-
li duz kislotalary we 3-5 %-li ftorly wodorodlardan durýar. Ftorly wodorod
kislotalary alýumin silikatlaryny indiki reaksiýa laýyklykda eredýär:
H4Al2Si2O9+14HF=2AlF3+2SiF4+9H2O

39
Döreýän ftorly alýumin AlF3 erginde galýar, ftorly kremni SiF4 bolsa, kremni
kislotasyny eretmek bilen suw bilen özara täsir edişýär. Reaksiýalaryň mukdar
bahasy indiki gatnaşykda berilýär:
H4Al2Si2O9+14HF=2AlF3+2SiF4+9H2O
(4+2*27+2*28+9*16)+14(1+19)=2(27+3*19)+2(28+4*19)+9(2+16)
Şeýle ýagdaýda 1 kg alýumin silikadyny(kaolin) eretmek üçin,
X=280/258*1000=1085,3 g (HF)
Erginiň 1 litrinde 4%-li HF ergini 40 g arassa HF düzýär. Onda 1kg alýumin
silikatyny eretmek üçin gerek bolan ftorlywodoroduň 4% ergininiň mukdary,
Y=X/40=1085,3/40=27,13 l/kg
Guýularyň kislota bilen işlemegiň tehnikasy we tilsimaty
Guýularyň kislotaly işlenilip bejerilmesi taslanylýan, gurulan nebit
senagatynda, düzgün boýunça, degişli geçelgeli ýolly, nasos otagly, tejribehanaly,
gummirlenen sygymly, ambar otagly, suwa düşülýän we brigadalar üçin otagly,
şeýle-de zerur halatynda gyş wagtynda erginleri gyzdyrmaklyk üçin gazanhanaly
kislota bazalaryny desgalaşdyrýarlar.
Işçi erginleri guýulara 9,15 m3 sygymly 4SR ýa-da 17 m3 sygymly UR-20
awtosisternalarda getirýärler. Konsentrirlenen ingibirlenen kislotalary getirmeklik
üçin sygymlar gummirlenen balmalydyrlar. Ingibirlenen kislotalary getirmeklik üçin
bu sygymlaryň himiki taýdan durnukly emal bilen ötelmesi ýeterliklidir. Guýularda
köp halatlarda, işiň gyşky şertlerinde erginleri bug bilen gyzdyrmaklyk üçin burum
bilen enjamlaşdyrylýan, 14 m3 göwrümli hereketli sygymlary ulanýarlar. Kislotalary
bormaklyk üçin 7 den 90 m3/s çenli bermekli we 8 den 30 m çenli basyşly ýörite
kislota durnukly merkezden gaçma nasoslaryny ulanýarlar.
Kislotalaryň ingibirlenen erginlerini gatlaga sormaklyk üçin, meselem, 2,7 m 3
we 5,3 m3 sygymly iki sany bölümlerden, şeýle-de hersi 3 m3 iki sany, tirkewde
goşmaça sygymly bölümlerden durýan, rezinaly sisterna bilen gummirlenen,
“Azinmaş-30A” (çyzgy I) – awtomobil şasside ýörite nasos agregatyny ulanýarlar.
Agregat kislotany guýa sormaklyk üçin 2HK500 birmeňzeş hereketli ýokary basyşly
esasy üç plunžerli kese nasos bilen üpjün edilendir. 132 kWt kuwwatlykly nasos
awtomobiliň esasy hereketlendirijisinden ýorite gutynyň üstünden ýoredijä eýedir.
Güýç nasosynyň gurluşy 110 we 90 mm diametrli çalyşylýan plunžerleri bilen
enjamlaşdyrlan. Nasoslar 1,03 den 12,2 l/s berilişi we 7,6 dan 50 MPa çenli basyşy
walyň aýlaw ýygylygyna baglylykda üpjün edýärler. Şunuň bilen bir hatarda
guýulary kislotaly işläp bejermede esasy agregat bilen birlikde SA-320M sementleýji
agregatlary, şeýle-de gidroýarma üçin AN-700 nasos agregaty ulanylýar.
Agregatlaryň basym konelmeginiň öňüni almaklyk üçin hat-da kislotanyň
ingibirlenen ergininiň sorulmasynda hem olaryň göniden göni iş tamamlanandan soň
suw bilen hökmany ýuwulmasy zerurdyr. Ýuwujy suwa mümkin boldugyndan,
kislotanyň galyňdylarynyň gowy neýtrallaşmasy üçin 0,3-0,5% mukdarda
trinatriýfosfaty goşmak gerekdir. Ýönekeý kislotaly ýa-da wannaly işläp bejermede
guýulary daňmaklygyň çatgysy 2. çyzgyda görkezilendir. “Azinmaş-30A”
agregatynyň güýç nasosy suwuklygy diňe bir agregatyň platformasynda
ornaşdyrylan, sygymlardan alman, eýsem rezin içegeleriň kömegi bilen ony
awtotirkewdäki sygymlardan we hereketly sygymlardan sorup hem biler.
40
1-nji surat. Kislotaly işläp bejermeler üçin “Azinmaş-30A”
nasos agregaty
1 – maşinistiň kabinasy (dolandyryş pulty); 2 – kuwwatlygy ýygnaýjy guty; 3 –
reagent üçin sygym; 4 – 4NK-500 nasosy; 5 – serpilýän turbageçiriji; 6 – reduktor;
7 – kislotanyň ergininiň sisternadan haýaty üçin içege; 8 – kislotalaryň erginleri üçin
sisterna; 9 – birleşdiriji içegeleriň toplumy; 10 – gurallar üçin gapyrjak; 11 –
sisternanyň bokurdagy

Kislotaly işlenilip bejermede suwuklygy “Azinmaş-30A” agregatynyň güýç


nasosynyň kabul edijisine beriji, öýjk aşagy nasos höküminde SA-320M goşmaça
sementleýji agregat ulanylýar. Mundan başga-da, platformada iki sygymly we pes
basyşly kömekçi rotasion nasosly SA-320M agregat kislotanyň erginlerini olara dürli
reagentleriň goşulmasynda garmaklyga, şeýlede zerur bolanda erginleri bir
sygymlardan beýlekisine gaýtadan sormaklyga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de rotasion nasosy uly galyňlykly gatlagy işläp bejermekligiň
garbalmasyny giňeltmek maksady bilen ýuwudyjy interwallara formaklyk üçin
nebitkislotaly emulsiýalary sormakda ulanýarlar. Sorulmaň has ýokary tizliklerini
döretmeklik üçin, eger şol basyşda bir agregatyň berişi ýeterlikli bolsa, iki ýa-da
köpräk parallel işleýän agregatlary ulanýarlar. Guýularyň agyzlary basyşyň aşagynda
işlenilip bejerilmede çalt aýrylýan birleşmeli, ýokary basyş üçin göz öňunde tutulan,
ýörite kellejik bilen enjamlaşdyrýarlar. Guýunyň kellesi hökman ters klapanly we
ýokary basyşly sürgüçli nasosly agregatyň serpilmesi bilen berk metal turbalar arkaly
birleşdirilýär. Adatça şeýle ýagdaýlarda çäge akymly perforasiýa ýa-da gatlagyň
gidrawliki üzülmesi üçin enjam ulanylýar.

41
2-nji surat. Ýönekeý kislotaly işläp bejermeli geçirmekde
guýulary deňmaklygyň çatgysy:
1 – guýularyň agyzlary; 2 – ters klapan; 3 – ýokary basyşly sürgüç; 4 – NK-500
nasos; 5 – Azimaş-30A agregaty; 6 – agregatda kislota üçin sygym; 7 – tirkewde
kislota üçin sygym; 8 - gysyjy suwuklyk üçin sygym; 9 – kislota üçin sygym; 10 –
ters aýlaw üçin liniýa

Termokislotaly işläp bejermede 100 we 75 mm diametrli adaty nebitgeçiriji


turbalardan ýasalýan, reaksion uçlyklar ulanylýar. Turbalaryň içki zolagy magniý
bilen gyryndy görnüşinde ýa-da brusoklar görnüşinde ýüklenilýär, onuň üsti bolsa
ownuk deşikler bilen deşilýär.
10-njy sapak
Tema. Gatlagy gidrawliki ýarmak.
Soraglar:
1. Gatlagy gidrawliki ýarmak.

Bu prosesiň düýp manysy geçirijilikli gatlaga suwuklygy basyş astynda gysyp


iteklemeden durýar, netijede gatlak gatlaklanma tekizligi boýunça ýa-da tebigy
jaýryklaryň ugry boýunça bölünýär. Basyş aýyrylanda jaýryklaryň gyslyşmagyny
duýdurmak üçin oňa suwuklyk bilen bilelikde uly gum göýberilýär, ol bozulmadyk
gatlagyň geçirijiliginden müň esse artykmaç bolan bu jaýryklaryň geçirijiligini
saklaýar.
Gidrawliki bölmek (razryw) 100 MPа çenli ýetýän basyşlarda, suwuklygyň köp
sarp edilmeginde we çylşyrymly we köp görnüşli tehnikanyň ulanylmagynda
geçirilýär.
Gatlagyň öýjükliligine ýokarda ýerleşýän jynslaryň agramyna deň bolan
wertikal ugurdaky güýç täsir edýär. Dag çökündileriniň jynslarynyň orta dykyzlygy
köplenç 2300 kg/m3 deň kabul edilýär.
Onda dag jynslarynyň basyşy
Pd = ρjgH (1)
deň bolar.
Suwuň dykyzlygy 1000 kg/m3 deň, onda dag jynslaryň basyşy Pd gatlagyň
ýatýan şol H çuňlugynda gidrostatikden 23 esse uly.
Çökündi jynslaryň emele gelmeginiň köp million ýyllarynyň dowamynda
jynslaryň içki naprýaženiýesiniň ähli ugurlar boýunça birmeňzeş we dag
jynslarynyňka deň boldy diýip çen etmek mümkin. Şundan ugur alyp, gatlagy
gatlaklara bölmek üçin, ýagny gatlakda gorizontal jaýryklaryň emele gelmegi üçin,
öýjükli giňişligiň içinde pp basyşy döretmeli, onuň ululygy dag jynslarynyň
basyşyndan bölmeklige dag jynslaryň wagtlaýyn garşylygynyň σz ululygyna artyk
bolmaly, sebäbi jynslaryň bölejikleriniň birleşme güýçlerini ýeňip geçmeli, ýagny
pp = pg + σz (2)
Emma bölmekligiň hakyky basyşy köplenç dagyňkydan kiçi bolýar, ýagny
PZS-de ýüklenmäniň (basyşyň) peselme oblasty döreýär, onda içki naprýaženiýe (1)
gatnaşykdan kesgitlenilýän pg dagyňkydan kiçi. Bu diňe geologiki häsiýetiň
42
sebäplerinden bolup biler, mysal üçin dagyň emele gelmek prosesinde jynslaryň diňe
gysylmasy bolman, eýsem olaryň giňelmegine bolan bolmagy mümkin. Emma p g
lokal kiçelmeginiň başgada düşündirilişi bar – guýynyň sütüniň (stwolynyň)
geçirijisiniň özi ýanaşykly jynslarda naprýaženiýeniň paýlanmasyny bozýar we bu
bozulmalar (kemelmeler) jynslar guýynyň diwaryna näçe golaý bolsa, şonça-da
ýokary. Plastiklik alamatlara eýe bolan palçygyň gatlagy kesikde bar bolsa, içki
naprýaženiýeniň lokal kemelmesi aýratyn güýçli. Bu palçygyň gatlaklary burawlama
prosesinde çişýär we köplenç guýynyň sütünine (stwolyna) girýär we burawlaýjylar
ony burawlap geçmeli bolýar.
Gatlagyň bölünmegi, ýagny jaýryklaryň emele gelmegi netijede doly dag
basyşyndan kiçi basyşda geçýär. Gatlagyň gidrawliki bölünmesi bolup geçýän
guýynyň düýbündäki basyş bölme basyşy pp diýip atlandyrylýar. Ony takyk nazary
kesgitlemek mümkin däl, sebäbi ol ölçemesi kyn bolan gatlagyň käbir parametrlerini
bilmekligi talap edýär. pp analitiki kesgitlemegi kynlaşdyrýan başga-da birnäçe
sebäpler bar.
Gatlagyň gidrobölünmesi indiki görnüşde amala aşyrylýar. Gatlagyň
gidrawliki bölünmesiniň köp ýagdaýlarynda obsad sütünler üçin ýol berilýän
basyşdan ýokary basyşyň döreýänligi sebäpli, guýa önisyra bu basyşy saklamaga
ukyply NKT-ni göýberýärler. Bölmekligi geçirmeklik bellenilýän gatlagyň ýa-da
gatlaklaryň üstünden ýokarda basyşdan sütüni we halkalaýyn giňişligi izolirleýji
paker we onuň garyşmasyny duýduryjy we ýakor diýip atlandyrylýan gurluş
oturdylýar. Göýberilen NGT boýunça ilki gatlagy bölmek üçin ýeterlik düýp basyşy
alar ýaly göwrümde suwuklygy gysyp itekleýärler. Bölmek pursadynda üstde
suwuklygyň sarp edilişiniň artmagyna şol basyşda guýynyň agzynda ýa-da şol sarp
edilişde agyzda basyşyň çalt peselmesi bellenilýär. Siňdirijilik ukybynyň
koeffisiýenti gatlagyň gidrawliki bölünmesiniň pursadyny häsiýetlendiriji has
obýektiw görkeziji bolup durýar.
(3)
bu ýerde Q – gysyp iteklenýän suwuklygyň sarp edilişi; p p – berlen guýynyň
ýerleşýän ýerinde gatlagyň basyşy; pz – gatlagyň gidrawliki bölünmesinde guýynyň
düýbündäki basyş.
Gatlagyň gidrawliki bölünmesinde (GGB) kp çalt ýokarlanmagy bolup geçýär.
Emma pz ululygyny üznüksiz barlamagyň kynçylyklary, şeýle-de gatlakda basyşyň
paýlanmagynyň düýpli kesgitlenilmedik prosesdigi netijesinde, GGB pursadynda k
şertli koeffisiýenti boýunça derňeýärler
k = Q/pa (4)
bu ýerde pa – guýynyň agzynda basyş.
Guýmak prosesinde k çalt ýokarlanmagyda GGB pursadynda ýaly
interpretirlenýär. Bu ululygy hasaba almak üçin abzallar bar.
Gatlak bölünenden soňra ýapyk ýagdaýynda gatlakda emele gelen jaýryklary
saklaýjy basyşlarda guýa suwuklyk-gumgöteriji göýberilýär. Bu gum ýa-da başga
dolduryjy bilen garylan (1 m3 suwuklyga 180-350 kg gum) has şepbeşikli suwuklyk.
Açylan jaýryklara gum girizilýär: guýy ulanma geçirilende we basyş soňra
aýyrylanda jaýryklaryň berleşmeginiň öňüni almak üçin has çuňluga göýbermek
43
mümkinçiligi. Suwuklyklar – gum göterijileri NKT-a we suwuklyga agram çalyjy
suwuklyk bilen itekleýärler, onuň ýerine (agram çalyjy suwuklygyň ýerine) islendik
kiçi şepbeşikli defisiti (tapylmaýan) bolmadyk suwuklyk peýdalanylýar.
GGB prosesi taslamak üçin guýynyň düýbünde döretmeli bolan bölme
basyşyny pz kesgitlemek örän wajyp.
Guýynyň dürli çuňluklarynda we dünýäniň dürli känleri boýunça gatlagy
bölmegiň pz basyşynyň ululygy boýunça köp statistik materiallar toplanan. Bu
gatlagyň ýatýan çuňlugynyň we bölme basyşynyň arasynda kesgitli baglanyşygyň
ýoklygyny aýtýar. Emma pz ähli faktiki (hakyky) bahalary doly dag we gidrostatiki
basyşyň ululyklarynyň arasyndaky çäklerde ýatýar. Özem kiçi çuňluklarda (1000 m
kiçi) pz dag basyşyna ýakyn we uly çuňluklarda – gidrostatik basyşa golaý.
Bu maglumatlaryň esasynda bölme basyşy üçin şeýle ýakynlaşan bahalary
hödürlemek mümkin:
çuň bolmadyk guýular üçin (1000 m çenli)
pz = (1,74 – 2,57)pst,
çuň guýular (H > 1000 m) üçin
pz = (1,32 – 1,97)pst,
bu ýerde pst – suwuklygyň sütüniniň gidrostatiki basyşy, onuň beýikligi gatlagyň
ýatýan çuňlugyna deň.
Dag jynslaryň bölünmeklige garşylygy köplenç kiçi we σr = 1,5 – 3 MPa
çäklerde ýatýar, şonuň üçin ol pz düýpli täsir etmeýär.
Düýpde pd bölme basyşy we guýynyň agzyndaky pa basyş aýdyň gatnaşyk
arkaly baglanyşykly
pz = pa + pst – ptr, (5)
bu ýerde ptr – NGT-de sürtülme sebäpli basyşyň ýitgisi (V.5) deňlemeden
pa = pr + ptr – pst, (6)
pst – statiki basyş, guýynyň egriligini hasaba almak bilen kesgitlenilýär
pst = ρjgHcosβ (7)
bu ýerde H – guýynyň çuňlygy; β – egriligiň burçy (ortaça); ρ j – guýudaky
suwuklygyň dykyzlygy, özem eger-de suwuklyk dolduryjyny (gum, aýna çärikleri,
polimerlerden poroşok we başg.) saklasa, onda dykyzlyk orta çekilen görnüşde
hasaplanylýar
(8)
bu ýerde n – 1 m3 suwuklykda dolduryjynyň kilogramynyň sany; ρd – dolduryjynyň
dykyzlygy (çäge üçin ρd = 2650 kg/m3).
Sürtülme sebäpli ýitgileri kesgitlemek kyn, sebäbi ulanylýan suwuklyklar kä
ýagdaýlarda nýutonyňky bolmadyk alamatlara eýe. Suwuklykda dolduryjynyň
bolmagy sürtülme sebäpli ýitgileri artdyrýar.
Turbulent akyma gabat gelýän suwuklygy göýbermekligiň uly depginlerinde
ulanylýan suwuklygyň gurluş alamatlary köplenç ýitýär we bu suwuklyklar üçin
sürtülme sebäpli ýitgileri ýeterlik takyklykda trubaly gidrawlikanyň adaty
formulalary boýunça kesgitlemek mümkin
(9)
44
bu ýerde λ – sürtülme koeffisiýenti, ol Reýnoldsyň sanyndan baglylykda degişli
formulalar boýunça kesgitlenilýär; ω – NGT-da akymyň çyzykly tizligi; d – NGT-niň
içki diametri; ρ – suwuklygyň dykyzlygy; H – NGT-niň uzynlygy; g = 9,81 m/s 2; α –
doldyryjynyň suwuklykda bardygyny hasaba alýan (arassa suwuklyk üçin α = 1) we
onuň konsentrasiýasyndan bagly bolan düzediş koeffisiýenti (3-nji surat).

3-nji surat. Sürtülmede basyş ýitgisi üçin düzediş koeffisiýentiniň dürli dykyzlykly
suwuklyklar üçin çäge konsentrasiýasyna baglylyk grafigi:
1- Qs=800 kg/m3; 2-850 kg/m3; 3-900 kg/m3; 4-950 kg/m3; 5-1000 kg/m3.

Ulanylýan suwuklyklar. GGB üçin ulanylýan suwuklyklar nebit ýa-da suw


esasda taýýarlanylýar.
Gatlak arkaly suwuklygyň siňdirilmegini kemeltmek we bu suwuklyklaryň
gum göterijilik alamatlaryny oňatlaşdyrmak üçin ilki nebit esasdaky şepbeşikli
suwuklyklar peýdalanyldy.
GGB üçin tehniki serişdeleriň ösmegi we kämilleşmegi bilen, nasos
agregatlaryň berijiliginiň artmagy arkaly suw esasdaky az şepbeşikli suwuklyklarda
zerur sarp edilişi we gum göterijilik ukyby üpjün etmek alyndy. Suw esasdaky
suwuklyga geçmek bu suwuklyklaryň dykyzlyklarynyň artmagynyň hasabyna
gidrostatiki basyş artdy, NGT-daky sürtülme sebäpli ýitgiler kemeldi. Bu öz
gezeginde GGB üçin zerur bolan agyzdaky basyşy kemeltdi.
Özüniň ýerine ýetirýän wezipesi boýunça suwuklyklar üç topara bölünýär:
bölme suwuklyklary, suwuklyk – gum göteriji we agram salyp itekleýji suwuklyklar.
Ýarma suwuklygy gatlaga ýa-da tebigy jaýryga oňat geçmeli, emma şol bir
wagtda ýokary şepbeşiklige eýe bolmaly, sebäbi garşylykly ýagdaýda ol gatlagyň
göwrüminde emele gelýän jaýrykda zerur ýarylma täsiri döretmän ýaýraýar.
Şepbeşikligi 0,3 Pa*s bolan degazirlenen (gazsyzdyrylan) nebit hem ulanylýar.
Şeýle-de mazut galyndylary bilen goýuldylan nebit; nebit kislotaly emulsiýalar,
suwnebitli emulsiýalar we kislota-kerosinli emulsiýalar ulanylýar.

45
Emulsiýa zerur himiki reagentleri girizmek bilen merkezden daşlaşýan ýa-da
şesternaly nasoslyň kömeginde komponentleri mehaniki geçirmek arkaly
taýýarlanylýar.
Düzgünde bolşy ýaly, uglewodorod esasdaky suwuklyklar gazyp alyş
guýularyndaky GGB-da ulanylýar.
Gysyp itekleýji guýularda bölme suwuklygy hökmünde arassa ýa-da
goýaldylan suwy ulanýarlar. Goýaldyjylara kranwal esasdaky komponentlere
poliakrilamid, sulfit-spirtli barda, karboksilmetilsellýuloza (KMS) degişli.
Suw esasdaky suwuklyk ulanylanda onuň gatlagyň jynsy bilen özara täsirini
hasaba almak zerur, sebäbi gatlagyň käbir palçykly komponentleri suwa duýgur we
çişmeklige ymtylýar. Şeýle ýagdaýlarda suw esasdaky suwuklyga öllenende paltygy
durnuklaşdyrýan himiki reagentler girizilýär. Köplenç suwuklygyň düzümi senagatyň
tejribehanalarynda we ylmy barlag institutda düzülýär we barlanýar.
Çäge göteriji suwuklyk – suw ýa-da nebit esasda taýýarlaýarlar. Olar üçin
gumy saklaýjylyk ukyby we pes filtirlenmek wajyp. Bu şepbeşikligiň
artdyrylmagynda, şeýle-de suwuklyga struktura alamatlaryň berilmeginde ýetilýär.
Suwuklyk-gum göteriji hökmünde şol bir gatlagy bölmek üçin suwuklyk ulanylýar.
Filtirlenlen (süzülmek) ukybyny bahalandyrmak üçin BMG – standart abzaly
peýdalanylýar. Onuň kömegi bilen palçykly erginleriň suw berijiligi erginleriň suw
berijiligi kesgitlenilýär.
Ýokary filtirlenmekde suwuklyk arkaly jaýryga gumuň geçirilmegi peselýär,
sebäbi jaýryk boýunça onuň akymynyň tizligi ýeterlik çalt nula deň bolýar we GGB-
niň ösüşi guýynyň diwaryndan gös-göni golaýda peselýär. Oňat gum göterijilik ukyba
emulsiýa, esasan kislotno-kerosinli emulsiýalar eýe. Olar yssy jynsy bozmaýan we
dolduryjy bilen uzak daşamaklygy saklaýjy ýokary durnuklylyga eýe. Belli
kynçylyklar gum göteriji suwuklyklar guýylanda döreýär, sebäbi uly şepbeşikligi
ondaky dolduryjynyň gumuň barlygy sebäpli we uly tizlikde göýbermekligi
geçirmegiň zerurlygyndan uly agyz basyş döreýär. Mundan başga-da nasos agregatlar
iýilmeklige durnukly ýerine ýetirilen hem bolsa ýokary basyşda işlände iýilýär.
Sürtülmede basyşyň ýitgilerini 12-15 % peseltmek üçin erginleri satyn esasdaky
himiki goşundylary goşmak işläp taýýarlanan. Bu goşundylar şepbeşikligi birnäçe
ýokarlandyrsada NGT boýunça suwuklyk hereketlenende sürtülmäni kemeltýär. Agyr
ýokary molekulýarly uglewodorod polimerler şeýle goşundylaryň başga görnüşi
bolup durýar. Suwuklygyň ýeterlik bolmadyk gum göterijilik ukyby onuň sarp
edilişiniň artmagy bilen hemişe kompensirlenip bilner.
Gysyp çykaryjy suwuklyk – bu suwuklygy çäge göteriji hökmünde arassa suw
ulanylýar. Suwuň arzonlygy, onuň hemişe bolmagy, dürli goşundylar girizilende
özünde oňat eredijilik alamatlarynyň bolmagy, häzirki wagtda GGB bilen
baglanyşykly operasiýanyň 90 %-niň suw esasdaky suwuklygyň ulanylmagynda
amala aşyrylmagyna getirdi.
Agram salyp itekleýji suwuklygy guýynyň düýbüne çenli suwuklyk – gum
göterijini ýetirmek üçin guýa göýberýärler. Şeýlelikde agram salyp itekleýji
suwuklygyň göwrümi suwuklyk-gum göterijiniň guýulmagy geçirilýän NKT-niň
göwrümine deň. NKT-niň hasaplama göwrümine NGT-niň başmagynyň we
süzgüjiň ýokarky deşikleriniň arasyndaky trubaara giňeşligiň göwrümi goşulýar.
46
Agram salyp itekleýji suwuklyk hökmünde ýeterlik mukdarda bar bolan
islendik gymmat bolmadyk suwuklyk, köplenç adaty suw ulanylýar. Dolduryjy emele
gelen jaýryklary doldurmak üçin we basyş aýyrylanda olaryň gysluşmagyny
duýdurmak üçin gulluk edýär.
Dolduryjylary ulanmazdan effektiw GGB-niň faktory belli. Emma bu
ýagdaýlarda effektiw az dowamly. Dolduryjy jaýrygy dolduranda suwuklygyň
basyşynyň peselmesinden soňra dag basyşlaryndan ýüklenmäni kabul edýär. Netijede
ol bölekleýin bozulýar, bölekleýin jaýrygyň diwarynyň jynslaryny basylýar. Şonuň
üçin ol epilmekde ýokary berklige eýe bolmaly. Ideal ýagdaýda dolduryjy suwuklyk -
gum göterijiniň dykyzlygyna deň bolan dykyzlyga eýe bolmaly. Bu ýagdaýda onuň
jaýryk boýunça geçirilmegi we onuň doldurylmagy has üstünlikli bolardy.
Doldyryjynyň dänereliniň ölçegleri jaýrygyň has uzak böleklerine onuň geçmegini
we guýynyň ulanylmagynyň soňraky ýagdaýlarynda olaryň ýokary geçirijiligini
üpjün etmeli. GGB üçin 0,5-den 1,2 mm çenli ölçegdäki gum ulanylýar. Köplenç
suwuklyk-gumgöterijiniň birinji porsiýasyna has, kiçi fraksiýa (0,5-0,8 mm), iş
göwrümiň soňraky bölegine has uly fraksiýalar garylýar.
Dolduryjy hökmünde köplenç arassa kwars gum ulanylýar. Emma gum örän
uly dykyzlyga eýe (2650 kg/m3), ol suwuklygyň dykyzlygyndan güýçli
tapawutlanýar, bu onuň suwuklygyň akymyndan çökmegine ýardam edýär we
jaýryklaryň dolmagyny kynlaşdyrýar. Mundan başga-da onuň dykyzlygy epilmeklige
birnäçe ýagdaýlarda ýeterlik bolmaýar. Şunuň bilen baglanyşyklykda dünýä
tejribeliginde soňky ýyllarda dolduryjy hökmünde aýna şarikler, şeýle-de
aglomerirlenen boksitiň degişli ölçegdäki dänesi we grek hozynyň ownadylan daşy
ulanylýar. Aýna şarikleriň dykyzlygy takmyny kwarsyň dykyzlygyna deň, ýagny
2650 kg/m3, emma olar berk we jynsa az iteklenýär. Aglomerirlenen boksitiň
dykyzlygy 1400 kg/m3. Suwuklyk (1100 kg/m3) gum göterijiniň dykyzlygyna ýakyn
dykyzlyga eýe bolan aýratyn berk emeli sintetik polimer maddalardan bolan
dolduryjylaryň senagat synaglary geçirilýär.
Häzirki wagtda kämilleşen tehniki we ulanylýan suwuklyklar suwuklygyň 200
kg/m tertipdäki gumuň konsentrasiýasynda üstünlikli guýmaklygy (zakaçkany)
3

amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.


GGJ-nyň bir operasiýasyna sarp edilýän goýberilýän gumuň mukdary
Huliburton firmasynyň maglumatlary boýunça häzirki wagtda ortaça 22,5 t çenli
ýetirilen, göýberilen suwuklygyň mukdary ortaça 151,4 m3 çenli barýar.

11-nji sapak
Tema. Gatlagy gidrawliki jaýyrmagy geçirmek.
Soraglar:
47
1. Gidrojaýyrmagy geçirmek.
GGJ-ny amala aşyrmaklygy indiki guýularda ýerine ýetirmek hödürlenýär.
1. Synalylanda gowşak akymy berýär.
2. Ýokary gatlak basyşly, emma kollektoryň pes geçirijiligi bilen.
3. Hapalanan düýp zolagy bilen.
4. Peselen öndürijilikli.
5. Ýokary gaz faktorly (daşyndakylar bilen deňeşdirilende).
6. Pes geçirijilikli gysyp itekleýji.
7. Siňdirmek interwalyny giňeltmek üçin gysyp itekleýji.
Gaz örtüginden (şapkasyndan) ýa-da suwly konturdan ýakyn ýerleşen we
tehniki näsaz guýularda GGJ-ny geçirmek maslahat berilmeýär. GGJ-nyň
netijeliliginiň (effektiwliginiň) jaýrygyň ölçeglerinden baglydygy aýdyň. Daşary ýurt
edebiýatlarynda jaýrygyň radiusyny bahalandyrmak üçin formula getirilýär

. (10)

Özem C koeffisiýenti üçin şeýle bahalar hödürlenýär H = 600 m çuňlukdaky


guýular üçin C = 0,025; H = 3000 m çuňlukly guýular üçin C = 0,0173.
Çyzykly interpolýasiýany ulanyp C üçin indiki aňlatmany almak mümkin:
C = 0,0269 – 3,21*10-6H (11)
(11) formulany (10) goýup, alarys

(12)

bu ýerde Q – GGJ-de nasos agregatlaryň berijiligi, l/min; μ – jaýyrma suwuklygyň


dinamiki şepbeşikligi, mPa*s; t – suwuklygy bermegiň dowamlylygy, min; k –
gatlagyň geçirijiligi, m2; h – gatlagyň ýatýan çuňlugy, m.
SI ulgama getirlen (12) formula indiki görnüşe eýe:
(13)
bu ýerde Q – l/s; μ – Pa*s; t – s; k – m2; H – m; rj – m.
Jaýrygyň giňligini hasaplamak üçin formula bar bolsa-da ony kesgitlemek
kynçylyk döretýär. Guýynyň diwarynda jaýrygyň ini has uly we ahyrynda nula çenli
kemelýär. Gorizontal geçiriji gatlaklara ýeňil girýän kiçi şepbeşikli suwuklyklar
gatlaga göýberilende, adatça bolşy ýaly gorizontal jaýryk döreýär, ondaky basyş lokal
dag basyşyndan geçýär. Netijede has gowşak tekizlikler boýunça gatlagyň maýyşgak
dilinmesi bolup geçýär. Filtirlenmeýän suwuklyk göýberilende wertikal jaýryklar
emele gelýär, sebäbi gatlaga filtrasiýanyň ýoklygy netijesinde bölme hadysasy
üznüksiz galyň diwarly uzyn turbanyň jaýrylmasyna meňzeş bolýar. Gatlakda tebigy
jaýryklar bar bolanda bölmeklik suwuklygyň filtirlenmeginden baglanyşyksyzlykda
olaryň tekizlikleri boýunça bolup geçýär.
Bu hadysalary öňünden bilmek kyn. Ýörite edebiýatda wertikal jaýrygyň inini
we göwrümini kesgitlemek üçin formula getirilýär:
(14)

48
bu ýerde ω – guýynyň diwarynda wertikal jaýrygyň ini; ν – Puassonyň koeffisiýenti
(takmyny 0,1-0,2); Δp – lokal dag basyşyndan guýynyň düýbündäki basyşyň artmagy
(geçmegi); E – dag jynsy üçin Ýunguň moduly [takmyny (1-2)*10 4 MPa)]; l –
jaýrygyň uzynlygy.
Wertikal jaýryk gatlagyň galyňlygyna deň bolup, l uzynlykly we h beýiklikli ω
esasda klin forma eýe hasaplap, onuň göwrümini alarys:
(15)
Wertikal we gorizontal jaýryklar üçin başgada birnäçe formulalar bar
(Ýu.P.Želtow we S.A.Hristianowiç). Emma olar ulanmak üçin ýeterlik çylşyrymly.
Dürli bahalandyrmalar boýunça jaýryklaryň ini birnäçe santimetre ýetip biler.
GGJ-da diametri 1 sm ýokary şarikleriň jaýryklara göýberilendigi barada faktlar bar,
şarjagazlar jaýryklarda saklanyp galdylar we guýynyň soňraky ulanylmagynda
çykarylmady. Adatça bir gezekli jaýyrmakda göýberilen gumuň mukdary 2-6 t
barabar bolýar. GGJ-yň üstünlikli operasiýalary hem belli, onda göýberilen gumuň
mukdary birnäçe onlarça tonna ýetdi. Bularyň hemmesi jaýryklaryň açylmagynyň we
olaryň uzynlygynyň ýeterlik ulylygyň alynýandygyny tassyklaýar. Jaýrygyň
göwrümini Vt onuň meýdanynyň orta galyňlygyna köpeldilmegi görnüşinde
kesgitlemek mümkin. Jaýrygyň meýdanyny f deňölçegli tegelegiň meýdanyna
deňeşdirip takmyny onuň göwrümini tapýarys
Vt = fω = πrj2ω. (16)
(16) boýunça gorizontal jaýryklaryň ölçeglerini we onuň göwrümini
bahalandyrmak indiki netijeleri (2-nji tablisa) görkezýär.
2-nji tablisa
Gorizontal jaýryklaryň ölçeglerini bahalandyrmak
Jaýryklaryň Ekwiwalent Jaýryklaryň göwrümi, m2, ini boýunça
meýdany, m2 radiusy,
2 sm 1 sm 0,5 sm 0,25 sm
m
20 2,523 0,4 0,2 0,1 0,05
40 3,570 0,8 0,4 0,2 0,1
80 5,046 1,6 0,8 0,4 0,2
160 7,136 3,2 1,6 0,8 0,4
320 10,092 6,4 3,2 1,6 0,8
640 14,273 12,8 6,4 3,2 1,6
Gumgöteriji-suwuklygyň hereketiniň tizligi jaýrygyň radiusynyň artmagy
bilen hem kemelýär.
Emma bir zady göz öňüne tutmaly, ýagny agregat arkaly göýberilýän
suwuklygyň ählişi jaýryk boýunça hereketlenmeýär. Onuň bir bölegi jaýrygyň
diwarlary arkaly gatlaga filtirlenýär, bu jaýryk boýunça suwuklygyň hereketiniň
tizligini peseltýär.
Şonuň üçin GGJ-nyň položitel netijelerine ýetmek üçin pes filtirlenýän gum
göterijili suwuklygy ulanmak we ony uly tizlikde göýbermek wajyp.
GGJ-nyň gidrodinamiki effektiwligini bahalandyrmak üçin düýp zolagynda
jaýryga eýe bolan guýa suwuklygyň radial akymynyň deňlemesini bilmek zerur. Bu
mesele berk goýulyşda çylşyrymly. Ýeterlik takyk netijeler öz wagtynda awtor arkaly
49
gorizontal we wertikal jaýryklaryň ýerleşişiniň, olaryň ölçegleriniň we olaryň
syzdyryjylygynyň dürli ýagdaýlary üçin elektrolitiki modelirlemede alyndy.
Açyk düýpli guýyda GGB-niň gidrodinamiki effektiwligini bahalandyrmak
üçin elektromodelirlemegiň netijelerini işlemek indiki formula almaga mümkinçilik
berdi:

(17)

bu ýerde φ – GGB-den soňra debitiň artmagynyň kratnylygy; Q t – GGB-den soňra


guýynyň debiti; Qo – başga deň şertlerde GGB çenli debit; N u – b = h/2rs ululykdan
bagly koeffisiýent; h – gatlagyň galyňlygy; rt – jaýrygyň radiusy; rs – guýynyň
radiusy; n(b) - bu hem b-den bagly koeffisiýent (3-nji tablisa).
3-nji tablisa
N(b) we n(b) koeffisiýentleriň bahasy
b n(b) N(b)
17,0 0,44 0,15
22,72 0,55 0,106
28,41 0,61 0,064
38,65 0,70 0,041
89,80 0,93 0,0108

b ululygyň aralyk bahalary üçin n we N degişli ululyklary interpolýasiýadan


tapylýar. GGB-niň gidrodinamiki effektiwligini bahalandyrmak üçin ýakynlaşan
formulalar bar. Mysal üçin r = rt aralykda guýa akýan ähli suwuklyk jaýryga düşýän
we soňra garşylyksyz onuň üstünde guýynyň diwaryna çenli hereketlenýär diýip
guman etmek mümkin. Bu rt jaýrygyň radiusyna deň radiusly guýa suwuklygyň radial
akymyna gabat gelýär. Şeýle ýagdaýda ýazmak mümkin

(18)

(18)-i rget getirlen radiusa eýe bolan kämil däl guýynyň Q o debitine bölüp
alarys

. (19)

San bahalar görkezýär, ýagny Rk = 200 m-de; rget = rg = 0,1 m; rj = 20 m φ =


3,3; Rk = 400 m-de rget = rs = 0,1 m; rj = 10 m φ = 2,25.
Şeýlelikde debit iň oňat ýagdaýda 2-3 esse artýar. Guýa suwuklygyň
akymynyň başga shematizasiýasynda suwuklyk iýmitlendiriş konturdan Rk radiusa r
= rj çenli ε1 = k1h1/μ gidrogeçirijilige eýe bolan gatlak boýunça hereketlenýär, r = r j
radiusdan r = rg guýynyň diwaryna çenli ε2 = k2ω/μ gidrogeçirijilikli jaýryk boýunça
hereketlenýär diýip guman edilýär. Bu ýerde k 2 – jaýrygyň syzdyryjylygy

50
(geçirijiligi) we ω – jaýrygyň ini (açyklygy). Şeýle shematizasiýada akym bu iki
oblastlaryň filtrasion garşylyklarynyň jemi arkaly aňladylyp bilner, ýagny

(20)

(20)-ni rget getirlen radiusa eýe bolan kämil bolmadyk guýynyň debitine bölüp,
ýagny

bölüp, käbir gysgaltmalardan soňra alarys

(21)

Sanawjyny we maýdalawjyny 1/k1h1 bölüp alarys

(22)

rg = rget bolanda ýagny, gidrodinamiki kämil guýyda (22) formula boýunça bahalary
bahalandyrmak öňki ýagdaýdan has hem kiçi.
φ-iň tejribelik bahasy köplenç has uly bolýar.
Bu dürli sebäplerden dörän GGj çenli (rget kiçi bahalarynda) guýynyň erbet
gidrodinamiki kämilliginden düşündirilip bilner. Mysal üçin, GDZ-de parafiniň ýa-da
palçykly erginiň çökmegi, perforasiýanyň kiçi dykyzlygy ýa-da duzlaryň çökmegi.
Jaýryk görnüşinde oňat filtrasion kanaly döretmek GDZ-de filtrasion garşylygy
düýpli peseldip biler.
Ýokarda monolit birjynsly gatlakda GGB-niň gidrodinamiki effektiwligi
seredildi. Eger-de gatlak birnäçe özbaşdak gatlaklardan düzülen bolsa. Şeýle gatlakda
GGB-niň effektiwligi ep-esli az bolar, sebäbi bir gatlakda jaýrygyň emele gelmegi
diňe bu gatlakdan suwuklygyň akmagyny düýpli üýtgedip biler, emma ähli
gatlaklardaky jemleýji akyma täsir edip bilmez. Birnäçe gatlaklardan suwuklygyň
akymyny jem görnüşinde ýazmak mümkin
Qo = q1 + q2 +… +qi = (23)
Eger-de GGB-niň netijesinde bir gatlakda (mysal üçin birinjide) debitiň 4 esse
artmagy bolup geçse (φ = 4), onda guýynyň täze debiti indikä deň
Qt = q1φ + q2 + q3 +…+ qi = q1φ+ (24)
Şeýle ýagdaýda gatlak-gatlakly gatlagyň gidro bölünmesinden soňra guýynyň
debitiniň artmagy

51
(25)

Sanawjyda qi goşup we aýyryp, ýönekeýleşdirmeden we bölmekden soňra


alarys

(26)

Ähli gatlaklardan gelýän akym bilen deňeşdirilende bir gatlakdan


gelýän akymyň q1 kiçidigi sebäpli, şeýle gatlak-gatlakly ulgamyň debitiniň umumy
ýokarlanmasyda φi kiçi bolýar. Şeýle ýagdaýda köp gatlakly gatlakda ýa-da kesigi
boýunça bir jynssyz gatlak-gatlakly gatlakda gerekli effekt iki usulda alnyp bilner:
1. GGB-niň bir operasiýasynda, ähli gatlak böwüsýän, bir wertikal jaýrygy
dötermek bilen.
2. Interwally ýa-da köp kratly GGB-de her bir gatlaklarda gorizontal
jaýryklary döretmek bilen.
Gynançakda, jaýryklaryň emele gelmek prosesini dolandyrmak mümkin däl.
Böwüsmegiň filtirlenmeýän suwuklygy göýberilende wertikal jaýrygyň
döremeginiň ähtimallygynyň uludygyna çäk etmäge esas bar.
Köp gezekli böwüsmek – bu bir operasiýada gatlakda birnäçe bölmeleri amala
aşyrmak. Bu ýagdaýda haýsy-da bolsa bir gatlagyň bölünmesi hasaba alynandan we
oňa zerur mukdarda dolduryjy girizilenden soňra gyzyp itekleýän suwuklygyň
akymyna maýyşgak plastmassaly şarikler girizilýär, olaryň dykyzlygy takmyny
suwuklygyň dykyzlygyna deň. Suwuklygyň akymynda şarikler gurşalyp alynýar we
suwuklygyň has köp sarp edilýän daşky yşlaryny ýapýar. Bu şarikleriň diametri
takmyny 12-18 mm, şonuň üçin bir şarjagaz bir daşky (perfarasion) yşy ýapyp biler.
Munuň bilen emele gelen jaýrykda suwuklygyň akymynyň togtadylmagy ýa-da
kemelmegi alynýar. Zaboýda basyş artýar we bu başga gatlakda täze jaýrygyň emele
gelmegini döretýär, bu hem guýynyň siňdirijilikde ukybynyň koeffisiýentiniň
üýtgemegi bilen üstde hasaba alynýar. Mundan soňra akyma ýene-de ýörite lubrikator
gurluş arkaly basyşy peseltmezden şarjagazlar girizilýär. Dykyjy (baglaýjy)
şarjagazlary ulanyp, şeýle-de wagtlaýyn dykyjy şarjagazlar kiçi dispersli maddalaryň
(bu maddalar guýynyň soňraky ulanmasynda neftde ereýär) kömegi bilen GGB-niň
köp gerekli usullarynyň başga tehnologiýalary işläp taýýarlanan. Guýynyň soňky
drenirlenmesinde göýberilen şarjagazlar içte ýuwulyp çykarylýar we ähli emele gelen
jaýryklary acýär.
Interwallaýyn bölme – bu GGB her bir gatlakda. Onda bellenilen GGB üçin
interwal aşakdan we ýokardan iki paker arkaly izolirlenýär, şeýlelikde işlenilmekligi
diňe bellenilen interwal alynýar. GGB-niň operasiýasy gutarandan soňra paker
boşadylýar we ikinji interwalyň çäginde oturdylýar, ol özbaşdak görnüşde işlenilýär.
Sement daşky giňişlige berkidilen – oňat örtükli, birnäçe onlarça metrli
galyňlyga eýe bolan, çyzdyryjylyksyz jynslaryň biri-birinden izolirlenen
52
gatlaklarynyň umumy filtirde birnäçe gatlaklar ýa-da gatlak-gatlaklaryň işlenilende
interwally razryw mümkin.
Bu pakerleri ýakorlary bellenilen GGB iki interwalda aşakda we ýokarda
ýerleşdirmek üçin, şeýle-de berlen operasiýa wagtynda içlenilmek üçin niň
gitmeginiň öňüni almak üçin zerur.
Emele gelen jaýrygyň ýerini kesgitlemek üçin radioaktiw izotoplar arkaly
aktiwirlenen gum ulanylýar, bu gum uly bolmadyk göwrümde göýberilýän
dolduryjynyň ahyrky porsiýasyna girizilýär. GGB öň we soň alynan gamma-
karotažyň netijesini deňeşdirip, gamma- şöhlelenmäniň intensiwliginiň tebigy
fonuny deňeşdirlende ýokary takyklykda çuňlugy kesgitleýärler. Şu maksat üçin
radioaktiw izotop arkaly aktiwirlenen 3-5 mm diametrli sintetiki materialdan ýörite
şarjaýgazlary ulanylýar. Dolduryjyny göýbermegi gutarmazdan öň oňa lubrikator
arkaly şeýle şarikleriň 7-10 sanysyny göýberýärler, olaryň ýerleşýän ýerlerini hem
gamma-karotažyň kömegi bilen kesgitlenýärler.
Jaýrygyň ýerleşýän ýerini kesgitlemegiň ikinji usuly gazyp alyjy guýuda debit
ölçeýjileriň guýudaky ölçegleriniň netijelerini ýa-da GGB çenli we soň alynan gysyp
itekleýji guýuda daşky interwalyň ugrunda siňdirmäniň intersiwligini deňeşdirilýär.

12-nji sapak
Tema. Gatlagyň gidroýarmak üçin tehnika.
Soraglar:
1. Gatlagyň gidroýarmak üçin tehnika.
2. Guýynyň enjamlaryň shemasy.

Eger-de gatlagyň ýagdaýy, germetikligi we berkligi guýunyň düýbünde zerur


basyşy (pz) döretmäge mümkinçilik berýän bolsa, gatlagyň gidrobölünmesini hemişe
obsadnoý sütün (kolonna) arkaly etmek amatly.
Obsadnoý sütün arkaly suwuklyk göýberilende sürtülmeklige basyşyň ýitgileri
NKT arkaly göýberilendäki ýitgiler bilen deňeşdirilenden az, şonuň üçin guýynyň
agzyndaky berlen basyşda zaboýda has ýokary basyşy almak mümkin.
53
4-nji surat. GGB üçin guýynyň düýbüniň 5-nji surat. GGB üçin plaşeçnyý
enjamlarynyň shemasy:1-obsad sütün; gidrawliki ýakor: 1- kertikli
2-nasos-kompressor turbalar; 3-guýy plaşkalar; 2-rezinli silindr.
manometrleri; 4-ýakorlar; 5-paker;
6-öndürijilikli gatlak; 7-zaboý daýan
üçin guýruk.

Ýokary basyşdan obsad sütünlerini goramak üçin guýa ahyrky ujunda paker we
ýakor goýulan NKT göýberýärler, ol GGB üçin bellenilen gatlagyň örtüginiň
ýokarsynda oturdylýar (4-nji surat). Pakeriň halkaly giňeşlişligi germetizirlemegi
üçin, onuň elastik elementini (köplenç ýörite rezin) turbanyň agramynyň hasabyna
gysmaly. Pakeri gysmak üçin daýanjy döretmek zerur. Şeýle daýanç bolup şol bir
NGT biler, ol zaboýa goýulýar, ýa-da paşmakly pakeriň öz aýratyn hereketlenýän
elementine oturdylýar, olar NKT öwrüminde boşap, pakeriň ýörite konusy boýunça
typýar, hereketlenýän we obsad sütüniň içki üstüne iteklenýär. Şunuň bilen
baglanyşykda ähli pakerler zaboý daýanýan (PM6”; PM8”; OPM6”; OPM8”
pakerler) we zaboý daýançsyz pakerlere (olaşeçnyý pakerler PŞ6”, PŞ8”, PŞ5”-500,
PŞ6”-500, PS5”-500, PS6”-500, PG5”-500, PG6”-500) bölünýär. Pakerler üstünde
we aşagynda 30-50 MPa basyşyň üýtgemegine ýol berýär we absad sütüniň
görnüşinden we ölçeginden baglylykda 47-den 68 mm çenli geçiş kese-kesigine eýe.
Pakeriň astynda pp basyş döredilende oňa örän uly gozgaýjy güýç täsir edýär
(27)
bu ýerde D – sütüniň içki diametri; d – pakeriň geçiş kese-kesiginiň diametri; p p –
pakeriň astynda garaşylş; pg – halkaly giňişlikde pakeriň aşagynda suwuklygyň
sütüniniň gidrostatiki basyşy.
Bu gozgaýjy güýç pakeri süýşürip we NKT gapdal eplenmegini döredip biler.
Pakeriň aşagyndaky NKT böleginiň agramy P gozgaýjy güýç bölekleýin
deňagramlaşdyrar. Gapdallaýyn gysyjy güýçden NKT aýyrmak üçin we pakeri
ýerinde saklamak üçin pakerden ýokarda gidrawliki ýokary oturýarlar. Ýakor (5-nji
54
surat) korpusynyň teninde 8-16 kertikli plaşeklere eýe, olar gorizontal ugurda geçip
bilerler. Ýakorda artykmaç (daşky gatnaşykda) basyş döredilende plaşkiler rezin
silindr bilen süýşürilýär we obsad sütünine basylýar. Içki (NKT-de) basyş näçe
ýokary bolsa, plaşkiler şonça-da güýçli obsadnoý sütüne gysylyp, pakeriň
gatyşmagyna ýol bermeýär. Ýakor hem şol bir pakeriň iş şertine hasaplanan, ýagny
basyşyň 30-50 MPa üýtgemesine. Ýakoryň kabul edýän maksimal gozgaýjy güýç
1250 kN ýetýär. Ýakoryň uzynlygy 2 m golaý, massasy 80-140 kg, geçiş diametri 36-
72 mm.

6-njy surat. GGB üçin 4AH-700 nasos agregaty:


1-awtomobil KrAZ-237; 2-dolondyryş kabinasy; 3-güýç agregaty; 4-tizlikleriň
karobkasy; 5-ilişme muftasy; 6-nasos agregaty; 7-zyňma manifold; 8-ýokary basyşyň
birleşdiriji trubalary.

GGB amala aşyrmak üçin iýitmeklige durnukly ýerine ýetirilen, 10-12 t


ýükgöterijilikli KrAZ-257 agyr ýük maşynyň üşokly şassisine smontirlenen
(oturdylan) ýörik nasos agregat (6-njy surat) ulanylýar. Nasosyň güýjiniň priwody
hökmünde 588 kWt kuwwatlykly dizel dwigatel ulanylýar. Dwigatel olatformada
oturdylan we tizlikleriň korobkasy arkaly nasosyň güýjüniň priwodynyň waly bilen
bagly. Suwukly-gumgöterijini taýýarlamak üçin gumgaryjy agregat gulluk edýär, kä
halatda çylşyrymly awtomatiki dozirleýji suwuklyk we gum gurluşly. Adaty gum
garyjy agregat 3PA KrAZ-257 agyr ýük maşynyň şassisine montirlenen koniki diskli
5 bunkeri emele getirýär. Bunkeriň düýbüniň aşagynda kuwwaty almagyň korobkasy
arkaly dartuw dwigatelinden aýlanmaga getirilýän iki gorizontal şnekli wal bar.
Şnegiň aýlaw tizligini korobkaly berijiligiň tizligini üýtgetmek arkaly, şeýle-de
awtomobiliň dwigateliniň aýlaw sanyny üýtgetmek bilen üýtgedip bolar.

55
7-nji surat. Gumgaryjy agregat 3PA:
1-merkezden şaşlaşýan nasos 4PS; 2-GAZ-51 dwigateliň güýç blogy;
3-garyjy gurluş; 4-ýapgytly şnek; 5-gum üçin bunker; 6-kabul ediji
trubageçiriji; 7-paýlaýjy trubageçiriji; 8-awtomobil KrAZ-257.

3PA gum garyjy agregatyň tehniki häsiýetnamasy


Agregatyň öndürijiligi (gum boýunça), t/sag 2-40
Bunkeriň sygymy, m 3
5
Gum nasos 4PS-9
Berijilik, m /sag
3
60; 130 we 200
Napor, m 30; 27,5 we 22
Walyň aýlaw ýygylygy, min-1 1460
Sarp edilýän kuwwat, kWt 28
Naporly we kabul ediji sowma trubalaryň diametri,mm 100
Nasosyň priwody dwigatel GAZ-51
3PA agregatyň ölçegleri, m:
- uzynlygy 8,9
- ini 2,9
- beýikligi 3,55
Doldurlan (zaprawleniýe) agregatyň massasy, t 24
Bunkeriň umumy sygymy – 10 t gum. Gorizontal şnekler gumy bir bölekden
ýa-da beýleki bölekden, awtomaşynyň kabinasynyň yzynda ýerleşen 3 garyjy kamera
gumy bermek üçin, 4 ýapgyt şnege berýär. Şol bir wagtda turbageçiriji boýunça
garyjy kamera awtosisternadan suwuklyk-gumgöteriji berilýär. 0,5 m 3 sygymly
garyjy kamera kabinanyň yzynda oturdylan 2 benzinli dwigatelinden 150 kWt
kuwwatly GAZ-51 priwodly üç dörtlopastly (dörtpilçeli) garyja eýe.
Benzinli dwigateliň priwodyndan merkezden daşlaşýan gum nasosynda 4PS-9
taýýarlanylan gumly-suwuklykly garyndy ýokary basyşyň baş nasos agregatynyň
kabul edijisine berilýär. 4PS-9 gum nasosy 1460 awlaw minutda 30 m çenli napory
döretýär we bu ýagdaýdaky naporda 16,6 l/s (60 m3/sag) berijilige eýe.
Gum nasos we GAZ-51 dwigatel sürüjiniň kabinasynyň we bunkeriň arasynda
ýerleşen. 3PA gum garyjy agregatdan başga-da dürli agregatlar bar. Daşary ýurduň
56
tejribeliginde diňe dolduryjyny daşamak we ony şnekli wintiň kömegi bilen ikinji
ýörite agregata – guryja bermek üçin gulluk edýän kuwwatly agregatlar ýaýran. Bu
garyjy gurluş şnekli wintler, garyjy kamera suwuklyk-gumgöterijini beriji nasos we
guýa gumgeterijini göýbermegiň depgininden we bellenilen normadan
(konsentrasiýadan) baglylykda dolduryjynyň we suwuklygyň dozasyny (mukdaryny)
awtomatizirleýji dürli goşmaça mehanizmler bilen üpjün edilen. Bunkerli agregaty
we garyjy maşyny agyr ýük göterijiniň şassisine montirleýärler.
Awtosisternalar GGB üçin zerur suwuklyklary daşamak üçin dürli
konstruksiýaly awtosisternalary ulanýarlar. SR-20 awtosisterna KrAZ-258 çekiji
arkaly daşalýan 4MAZP-552 awtoprisepe montirlenen. Awtosisternadan başga-da
prisepiň şassisine kömekçi dwigatel GAZ-51, merkezden daşlaşýan nasos 8K-18 we
üçplunžerli nasos 1W smontirlenen (gurnalan). Nasoslar GAZ-51 dwigateliniň
reduktory we tizlikleriň korobkasy arkaly herekete getirilýär. Sisterna 17 m 3 sygyma,
ýüzgüýçli dereje görkezijä we gyş döwründe işlände göçme bug desgasyndan (PPY)
suwuklygy gyzdyrmak üçin zmeýewige eýe. Howa kompensator bilen üpjün edilen
üç plunžerli nasos 1W 13 l/s berijige we 140 ädim/minutda 1,5 MPa ýokary basyşa
eýe. Nasosyň birleşdirilmegi ony sisternany doldurmaklyga geçirmäge, sisternadan
suwuklygy almaga we islendik başgy sygymdan ulanyja suwuklygy geçirmäge
mümkinçilik berýär. Sisternanyň dolmagynyň wagty 22 min. Merkezden daşlaşýan
nasos 8K-18 60-100 l/s (suw boýunça) berijilige, 20 m çenli napora eýe we gumy
garyşdyryjy agregata suwuklygy bermek üçin niýetlenen. Senagat tarapyndan başga-
da awtosisternalar çykarylýar. GGB üçin awtomobiliň hereketindäki (ädimindäki)
başga-da kömekçi agregatlar ulanylýar. Mysal üçin, manifoldyň agyr detallaryny
ýüklemek we düşürmek üçin göteriji strelkaly ýokary basyşly (70 MPa) 1BM-700
manifoldyň bloklaryny daşamak üçin agregat. Manifoldly blok ýokary basyşyň
birnäçe nasos agregatlarynyň çykyş liniýasy birleşdirmek üçin we olary guýynyň
agzynyň armaturasyna birleşdirmek üçin niýetlenen. Manifoldly blok ZIL-131 we
ZIL-157K awtomobiliň ýörite gurnalan platformasynda daşalýar. Komplekte
(topluma) indiler girýär:
1. 70 MPa basyşa hasaplanylan alty nasos agregaty birleşdirmek üçin alty
otwodly süýlüp ýasalan polat korobkadan naporly kollektor. Kollektor basyşyň
datçiklerinden durýan merkezi truba, dykyzlygy ölçeýji we sarp edilişi ölçeýjä eýe.
Kollektorda şeýle-de alty dykyly kranlar we alty gorag klapanlary göz öňüne tutulan.
Naporly kollektor guýynyň agzyna iki sany ýokary basyşyň liniýasynyň kömegi bilen
birleşdirilýär.
2. 2,5 MPa basyşa hasaplanylan paýlaýjy kollektor. Nasos agregatlaryň
arasynda işçi suwuklyklary paýlamak üçin gulluk edýär. Ol uly geçiş kese-kesige
(100 mm) eýe, 10 sany birleşdiriji liniýa goşulmak (utgaşmak) mümkinçiligini göz
öňüne tutýar we 2,5 MPa-da gorag klapan bilen üpjün edilen.
3. 50 mm şertli diametrli ýokary basyşyň 23 trubasyndan we ýokary basyşa
hasaplanylan çalt sökülýän şarnirli birleşmeleriň komplektinden durýan kömekçi
trubageçirijileriň kompekti (toplumy).
4. Kran armatura ýokary basyşyň rezin şlanglary, manifold birleşmeleri
ýygnamak, berkitmek, preslemek we bölüşdirmek üçin kömekçi enjamlar we
gurallar.
57
8-nji surat. GGÝa üçin guýynyň üstki 2AU-700 armaturasy

9-njy surat. GGB-da enjamlaryň ýerleşişiniň shemasy:


1-nasos agregat 4AH-700; 2-gum garyşdyryjy agregat 3PA; 3-tehnologiki
suwuklykly awtosisterna SR-20; 4-gum daşaýjylar; 5-ýokary basyşyň
monifoldlarynyň blogy; 6-agyz armaturasy 2AU-700; 7-prosesi barlamagyň we
dolandyrmagyň beketi (stansiýasy) (sarp edilişi ölçeýjiler, manometrler, radio-
aragatnaşygy).
5. NKT we turba ara giňişligi germetizirleýji guýynyň agzynyň armaturalary
(1AU-700 ýa-da 2AU-700). 2AU-700 (8-nji surat) armatura 1AU-700 armaturadan
onuň NKT 73 mm we 29 mm diametrde birleşmek mümkinçiligi, şeýle-de iki gapdal
otwodlaryň çeýe (maýyşgak) birleşmeleriniň barlygy bilen tapawutlanýar. Trubanyň
ýokarky kellesi iki otwotdan başga-da ýokarky böleginde ýaly bölüjilikli manometre
eýe. Aşaky agyr golowka (kelle) 32,0 MPa basyşa hasaplanan, kranly, troýnikli we
guýynyň halkaly giňişligi bilen baglanyşmagy üçin çalt aýyrylýan birleşdirijik iki
birleşdiriji liniýa eýe. 2AU-700 agyz armaturanyň umumy massasy 500 kg.

13-nji sapak
Tema. Guýynyň düýp ýaka zologynyň ýylylyk bilen işlemeklik.
Soraglar:
58
1. Guýynyň düýp ýaka zologynyň ýylylyk bilen işlemeklik.
2. Guýynyň elektrogyzdyryjysy.

Bu iş – eger guýudan alynýan nebit agyr goýy ýa-da nebitiň düzüminde (5-6
%) parafin we asfalt smola komponentler köp bolsa geçirilýär. Bu işler köp
geçirilýäni üçin guýular gaty çuň bolmaýar (1300 m çenli). Sebäbi gyzdyryjyny
guýudan çykarandan soň, sowamaka suwuklygy guýudan çykarmaly.
Parafin we asfalt cmola galyndylary guýynyň düýp ýaka zologynda diwaryň
ýüzinde 2,5 m çenli, ýagny basyşyň birden ýitgeýän ýerinde bolup geçýär.
Guýynyň düýp ýaka zologyny (GDÝZ) iki usul bilen gyzdyrýarlar:
1. belli çuňluga gatlaga ýylylyk göteriji suwuklyk goýbermek (bug, erediji,
gyzgyn suw, nebit);
2. GDÝZ-ny gyzdyryjy enjam goýbermek (gaz gorelka, elektropeç).
Ikinji görnüşi aňsat we arzandyr. Onsoň hem bu usul geçirilende gatlak bilen
täsirleşýän ýylylyk göteriji suwuklygyň geregi ýok. Ýöne dag jynslarynyň ýylylyk
geçirijiligiň pesdigi üçin köp ýerleri gyzdyrmak mümkin däl. 40 oC gyzgynlygy 1 m
radiusa ýetýär.
Ýylylyk göteriji kowulanda gyzma zonasynyň radiusy 10-20 m ýetýär, ýöne
munuň üçin gyzdyryjy stansiýa enjam – bug generator gerek. GDÝZ-ny gyzdyrlanda,
gerek çuňluga onlarga kWt güýji bolan elektrogyzdyryjyny kabel-tros bilen
sallaýarlar. Güýjiň galmagy bilen gyzdyryjynyň duran aralygynda temperatura hem
galýar 180-200oC.
Bu işleri geçirmek üçin geçirijiligi güýçli bolan ZIL-157E awtoulagyň
bazasynda SUEPS-1200 elektrogyzdyryjy enjamy oturdylan. Bu maşyna ýene-de
karotaž lebýodkasy we awtomobiliň dwigatelinden bagly priwod ýerleşdirlen. Munuň
barabanyna KTNG-10 1200 m-lik, 18 mm diametrli kabel-kanat saralýar. Kabel
kanadyň 3 esasy 4 mm2-lyk simi we 3 sany signal 0,56 mm2 diametrlik simi bar. Bir
okly tirkegde transformator we guýüdan nebiti almak üçin ulanylýan sentrobež
nasoslary dolandyrýan stansiýa oturdylan.
SUEPS-1200 gurluşyň komplektine üç guýa hyzmat etmek üçin şunuň ýaly 3
tirkeç girýär. Gyzdyryjy elementde U şekilli 3 sany gyzyl simden 11 mm diametrli içi
eredilen magniniň okisi bar. Trubkalarda hromdäl simden bolan sim bar (10-nji
surat).
Gyzdyryjy trubkalaryň ýokarsy metal koržuh bilen ýapylan (mehaniki zepel
bolmaz ýaly).
Gyzdyryjy – daşky diametri 112 mm, uzynlygy 2,1 m – 10,5 kWt güýçde.
Gyzdyryjynyň ýokarsynda signal simlere çatylan termopara bar, onuň kömegi bilen
üstde düýp temperaturasyny belip bolýar.

59
10-nji surat. Guýynyň elektrogyzdyryjysy:
1-kabel berkidiji; 2-süýreme bondajy; 3-kabel-tros; 4-gyzdyryjynyň kellesi; 5-asbes
oplýotkasy; 6- gurşyn guýma; 7-gysyjy gaýka; 8-kleş boşlugy; 9-gyzdyryjy trubka.

Praktikadan bilşimiz ýaly işler geçirilende, düýp temperatura 3-4 gije-gündizde


durnuklaşýar. Käbir ýagdaýda 2,3 gije-gündizde (11-nji surat).

11-nji surat. Elektrogyzdyrmada düýp temperaturanyň wagta görä üýtgemegi:


1- 21 kWt; 2-10,5 kWt; 3,4-21 kWt; 5,6,7- 10,5 kt.
1,2 egrileri Arlan käni üçin; Galany Işimbaý üçin.

Guýynyň sütüni boýunça temperatura ölçemeleriň netijesi: ýokaryk – 20-25 m;


aşak – 10-20 m temperatura üýtgeýär.
Gyzdyrmagyň täsiri 3-4 aý durýar. Soňky geçirlen gyzdyrmalaryň netijesi
birinjiňki ýaly bolmaýar.
Ýylylyk bilen täsir etmegiň bug kowmak usuly, elektrogyzdyrmak usulyndan
amatlydyr (peýdaly). Ýöne ony kiçi çuňluklarda amala aşyrylýar. Sebäbi kowylan
bug barmaly ýerine barýança ýylylyk ýitgisi bolup geçýär. Önümçilik tejribesiniň
görkezişi ýaly 1 t/sag harç bilen 800 m çuňluga düýbe barýan bug eýýäm sowaýar.
Kowma tizligi näçe ýokary bolsa şonça hem ýylylyk ýitgisi az bolýar. Kowma tizligi
4-5 t/sag bolanda ýylylyk ýitgi 20 % bolýar (800 m).
DÝZ-y bug ýylylyk usulda işlemek üçin PPGU-4/120 m, DKWP-10/39 we
„Takuma“ KSK we ş.m. göçme buggenerator gurluşlar ulanylýar. Olar gaty agyr we
birnäçe blokdan ybarat. Olaryň işlemegi üçin gaz we suw geçirijiler (turbalar) gerek.
Adatça bular iş geçirmeli guýülar toplumynyň ortasynda oturdylyp, turba geçirijiler
arkaly birikdirilýär. Iş geçirilýän guýynyň ýylylyga durnukly ýörite armatura, paker
bilen enjamlaşdyrýarlar.
Iki usul deňeşdirlende 1 t artykmaç nebit almak üçin bug bilen işlenende 2,8 esse
ýylylyk köp harç edilýär ekeni (333 müň.kDj 1 t nebit üçin bugda we 120 kDj 1 t
nebit üçin elektrogyzdyrma). Bu işler diňe bir akymyň intensifikasiýasy üçin
ulanylman, eýsem alyjy (önüm beriji) guýyny kowyja öwürende hem ulanylýar.
Şeýle hem ýylylyk bilen işlemede PPU göçme bug gurluşyny NKT-ni
parafinsizlendirmek üçin ulanylýar. Bu göniakymly az önümberijilikli gurluş ýük
60
awtoulagynyň şassisine oturdylýar. Munuň önümberijiligi – 1 t/sag, 10 MPa çenli
basyşda çykýan bugyň temperaturasy 310oC. Kiçi önümberijiligi üçin 6 PPU çenli
ulanylýar. Bu gowy netije görkezse-de ykdysady taýdan öz-özüni ödeşeýär.

14-nji sapak
Tema. GDÝZ-da termogazhimiki iş geçirmek.
Soraglar:
1. GDÝZ-da termogazhimiki iş geçirmek.
2. GDÝZ-ny täsiriň başga usullary.

Termogazohimiki täsiriň manysy guýynyň düýbünde elektrik kabelinde


goýberilýän däri zarýadynyň ýakylmaklygyndadyr. Ýanmaklyk wagty sazlanylyp,
birnäçe minutdan sekuntdan kiçi pursada çenli üýtgedilip bilner. Prossesiň kuwwaty
ýakylýan zarýadyň massasyna (20-500 kg) hem baglydyr.
Däri zarýady çaltlyk bilen ýakylanda (0,01-1 s) guýynyň düýbünde uly basyş (30-
100 MPa) döreýär. Bu bolsa dag jynslarynda ägirt uly anomal naprýaženiýalaryň,
dartgynlyklaryň we basyşlar aýrylanda hem galýan uly jaýryklaryň döremegine
getirýär. Başgaça aýdanyňda däri gazlarynyň basyşy astyna gatlagyň ýarylmagy
bolup geçýär. Bu usul bilen täsir edilende paker adatça ulanylmaýar.
Ýanma wagty uzaldylanda döreýän basyş peselýär, ýöne gatlagyň guýynyň
düýbüniň töweregindäki meýdanyna uly temperaturalaryň we ýanma önümleriniň
täsir wagty uzalýar. Täsir geçirilen wagty guýynyň diwarlarynda temperatura 180-
250°S çenli ýokarlanýar. Ýanmadan emele gelen önümleriň düzüminde azot, azot
oksidleri, kömürturşy gazy, duz kislotasy, suw, hlor ýaly önümler bardyr.
Kömürturşy gazy nebitde eräp, onuň şepbeşikligini peseldýär, smolaparafin
çökündiler ereýärler, kislotalar kollektoryň jynslary bilen reaksiýa girýärler. Şeýlelik
bilen, termogazohimiki täsirde guýynyň düýpleriniň töweregindäki gatlak meýdany
basyş, ýylylyk, duz kislotasy we eredijileriň kompleksleýin täsirine sezewar bolýar.
Gadagy däri gazlarynyň kömegi bilen ýarmak üçin daşsyz PGD därili basyş
generatorlary ulanylyar. Bu generatorlar 250 MPa çenli basyş döredýärler. Şeýle hem
100 MPa çenli basyş döredýän ADS-6 guýy üçin basyş akkumulýatorlaryny
ulanýarlar.
Termogazohimiki täsir ADS-5 ülňüli snarýadlar bilen amala aşyrylýarlar. Olaryň
ýanyş dowamlylygy 200 s ýetýär.
ADS-leri saýlamak we gerek däri mukdary anyklamak guýynyň geologo-tehniki
häsiýetine baglydyr.
Gatlagy gyzdyrmaly bolanda, eger perforirlenen deşikleriň aşakysy we düýp
(zaboý) aralygy 2-3 m-den köp däl bolsa, onda ADS-5 apparady sallanýar. Eger
aralyk uly bolsa, onda zaboýa çäge ýastyk edilýär.
Teplogazhimiýa işini geçirmegiň shemasynyň ýokardakydan üýtgeşikligi ADS-6
snarýadyny kabelde aşak sallaýarlar. Ol birnäçe däri şaşkadan durýar we olar uzyn içi
kanally girlýanda bilen birleşdirilen. Ýokarky şaşkaň ýokarky böleginde we aşaky
şaşkaň aşaky böleginde elektrospiralýapdyryjy bar. ADS-6 3,3 sek ýanýar. Beýle çalt
ýanma GGÝ üçin gerek basyşy berýär, bu ýerde pakeriň ýerine suwuklyk sütün bar.

61
Bu işi kowyjy we nebit guýularynda karbonat we terrigen kollektorlarda geçirilende
70 %-deň gowyrak gowy täsir görkezdi. Bu täsir 2 aýdan 2 ýyla çenli saklanýar.
Bu işi geçirmek üçin 80 kg däri zarýad harç edilýär we goşmaçy alnan nebit 9
t/kg, goşmaça kowylan suw – 418 m3/kg. Bu gowy görkeziji, usul ýalňyş saýlansa ýa-
da guýyny duryzmak suw ýa-da palçykly ergin bilen ýerine ýetirilse üýtgeýär. Gatlak
basyşy pes, kollektory zaýalanan gatlaklarda geçirmek maslahat berilmeýär.
Geçirijiligi pes gatlaklarda gowy netije üçin bu işleri basgançaklaýyn ýerine
ýetirilýär. Basgançaklaýyn iş geçirilende her 2 sagatdan däri zarýady yzygiderli her
gezek köpeltmek bilen geçirilýär. Sebäbi köp däri wagtyndan öň ýama getirip biler.
Kä wagtlar zarýad ýanyp, käbir güýçleriň täsiri bilen zaboýa gaçýar we gerek täsiri
bermeýär. Şonuň üçin bu ýagdaý bolmaz ýaly perferirlenen ýeriň aşak ýanynda emeli
zaboý edilýär.
Soňky döwürde öňkilerden üýtgemek korpussyz apparatalar çykdy. Ol diňe
kabel golowkadan we däri şaşkanyň gerlendasyndan durýar. Beýle apparatlaryň biri
(12-nji surat) korpussyz därili basyş generatorydyr (PGD-BK).

12-nji surat. PGD-BK korpussyz därili


basyş generatory:
1-kabel nakoneçnik; 2-hyrly mufta;
3-zarýad; 4-apparadyň golowkasy; 5-däri
şaşkalar
Iş geçirmek 2-3 sagatda bolup geçýär, gidroýarmakda bolsa 2-3 gije-gündiz gerek.
GDÝZ-ny täsiriň başga usullary.
Agzalyp geçilen usullardan başgada täsiri pesligi sebäpli, entäk öwrenilýändigi
sebäpli az bilinýän, seýrek ulanylýan usullar: düýbi wibro (titretme) işlemek; düýbe
elektrogidrawliki täsir etmek; guýyny torpedalamak.
Torpedirleme usuly bilen guýynyň düýbüne täsir edilende aşakdaky maksatlar
göz öňüne tutulýar:
Süzgüjiň we guýynyň diwarlaryny toýun we sement keseklerinden, duzlardan,
çüýreme önümlerinden arassalamak; şu maksatlar üçin detonirleýji şnurdan
torpedalar ulanylyar;
Önümli gatlakda jaýryklary döretmek üçin fugas (şaşkaly) torpedalar ulanylyar;
Gidrawliki ýarmaklyk geçirilmezinden öň jaýryklary döretmek; kumulýatiw
gönükdirilen urguly torpedalar ulanylyar.
Niýetlenişine görä dürli konstruksiýada torpedalar bar:
a) (TKO) okly kumulýatiw torpedalar – bir ok ýa-da gorizontal ýanaşyklygyň
ugry boýunça ýarmak üçin. Bu usuly köplenç gysylan turbalary ýa-da
kolonnalary aradan aýyrmak üçin abatlaýyş işlerinde geçirilýär.
62
b) (TDŞ) detonirlenýän şnurly torpeda – berlen ýerde kolonnany aýyrmak, çäge
bilen gysylan turbalary silkmek, gatlagyň ýüzini we filtri zyýansyz
arassalamak we jaýryk emele getirmek üçin;
c) fugasly torpeda – ýokary güýçli, özünde 5-7 kg şaşka görnüşli WW bar. WW
– flegmatizirlenen deksogen (ýapanda 1 kg – 5,5 mDj energiýa berýär).
4-nji tablisa
Wibratorlaryň tehniki häsiýetnamasy
Wibrator Uzynlygy, Diametri, Optimal harç, Pulsasiýa,
mm mm l/sut c-1
ГВЗ-85 494 85 10-12 200
ГВЗ-108 420 108 15-20 250
ГВЗ-135 500 135 30-35 500

Eger-de zarýad dogry saýlansa we gowy sementlenmeli ýerlerde geçirijilige


zyýan etmeýär. Käbir ýagdaýlarda BB 5 kg-den ýokary bolsa kolonnanyň ýokarsyny
zyýan edip biler. Şonuň üçin torpedanyň duran ýerini sement ýa-da çäge mostlar
bilen izolirleýärler. Beýle ýagdaýda zarýady awtonom ýaryjy bilen
enjamlaşdyrýarlar. Beýle ýagdaýda iş geçirilenden soň zaboýda kawerna we
bölejikler bilen dolýar, olary ýuwyp aýyrmaly. Fugas torpedalaryň işi
çylşyrymlylygyndan we başga sebäplerden bu soňky döwür ulanylmaýar.
Guýulary torpedalama işi okadylan personaly we gerek apparatura bilen üpjün
geofiziki edaralar tarapyndan geçirilýär. GGÝ-dan bularyň tapawudy goýberilen
NKT-ä wibrator birikdirilýär, ol hem basyş üýtgetme generatory.
Işiň geçmesi GGÝ-daky ýaly – halkara gişişligi paker bilen ýaparlar we NKT-
den nasos agregatlar bilen suwuklyk kawerlar. Wibratorlaryň bir näçe görnüşleri bar
(4-nji tablisa).
Suwuklyk hökmünde maslahat berilýänler – nebit, HCl ergini, kerosin we
bularyň garymy. Bir gezek-de harçlanýan suwuklygyň göwrümi 100 m3 çenli. HCl
ýa-da kerosiniň harjy 1 m gatlak galyňlygyna 2-3 m3 çaklanylýar.

15-nji sapak

Tema. Guýyny derňemegiň usullary.


Soraglar:
1. Guýyny derňemegiň usullary.
2. Derňemegiň gidrodinamiki usuly.

Guýyny derňemegiň dürli usullary we tehniki enjamlary bar. Olaryň hemmesi


hem özleşdirilýän obýekt barada maglumat almak üçin niýetlenendir. Bu

63
maglumatlar nebiti çykarmagyň dogry gurnalyşy, ykdysady peýdalylygy, özleşdirme
işiniň dogry alynyp barylşy, dogry enjamlar saýlanyşy üçin möhümdir.
Gordan nebit çykarylmagy bilen nebit käniniň we guýynyň şertleri üýtgeýär.
Guýulary suw basýar, gatlak basyşy peselýär we gazfaktor ýütgemegi mümkin. Bu
ýagdaýlar wagt geçdigiçe maglumatlaryň täzelenmegine (alynmagyna) mejbur edýär.
Obýektlerde haýsydyr bir geologo-tehniki işleriň geçirilişiginiň dogrydygy ýa-da
nädogrydygy bu maglumatlara esaslanýar.
Geofiziki usulda derňemek. Munuň eýlekilerden aýratynlygy bar. Bu usulyň
netijesi, dag jynslaryň ýa-da onuň içindäki suwuklyklaryň, guýy suwuklyklary bilen
ýa-da olara emeli radioaktiw yşyklar bilen täsir edilende ýa-da ultra sesde gatlakdaky
fiziki ýüze çykmalara esaslanan.
Guýyny geofiziki derňemek we ony burawlama döwründe kesigini barlamak,
onuň jynslarynyň we olaryň parametrlerini, özleşdirme döwründe üýtgemeklik
häsiýetlerini öwrenmek diňe bir geologiki däl-de eýsem tehniki işler geçirilende hem
ulanylýar. Bu işleriň öz boluşylygy we birnäçe özüne mahsus, aýratyn ylymlary talap
edýändigi üçin bu işler ýörite geofiziki partiýalar we birleşmeler bilen ýerine
ýetirilýär. Olaryň bu işler üçin hünärmentleri we apparaturalary bar.
Guýyny geofiziki usulda derňemek – bu karotajyň bir görnüşi, ýagny guýynyň
sütüni boýunça haýsydyr bir ululygyň üýtgemegini guýa sallanan ýörite enjam arkaly
yzarlamak. Bulardan:
1. Elektrokarotaž – esasy usul hasap edilýär we jynslar bilen guýy suwuklygynyň
täsiri esasynda ýüze çykýan elektro polýany we ol jynslaryň udel hyýaly
garşylygynyň üýtgemekligini yzarlaýar. Elektrokarotajyň görnüşleri – BK, (боковой)
gyralaýyn karotaž; (UK), mikrokarotaž, induksion karotaž. Bular dag jynsynyň
kesigini differensirleýär, geçiriji we öýjükli kollektorlaryň krowlýa nokadyny we
podoşwa (daban) nokadyny tapýarlar. Nebitli gatlajyklary we dag jynsynyň barada
beýleki maglumatlary alýarlar.
2. Radioaktiw karotaž (RK) – radioaktiw prosesleri ulanmakda esaslanan (emeli
we tebigy). Bu prosess içini suwuklyk doldyran dag jynsynyň atomynyň ýadrosynda
bolup geçýär. RK-nyň dürli görnüşleri bar: gamma-karotaž (GK) – tebigy
radioaktiwlige esaslanýar. Gamma – gamma-karotaž (GGK) – guýa goýberilen
apparatda ýerleşýän gamma-kwant möhlelenmesiniň dag jynslaryna ikileng ýaýrama
gamma-şöhlelenmesini hasaba alýar. GGK-nyň iki görnüşi arkaly kollektorlaryň
öýjükliligini we guýudaky suwuklyk sütünine suw gelmäni anyklaýar.
3. Heýtron karotaž (NK) – neýtron akymynyň, dag jynsynyň elementleriniň
ýadrosy bilen täsirleşmesine esaslanan. Guýa sallanýan enjamda çalt neýtronlar
çeşmesi we ondan 0,5 m daşlykda indikator bar. NK-nyň birnäçe görnüşi bar. (NG-T)
ýylylykly we (NG-H) ýylylyksyz.
4. Akustiki karotaž (AK). Bu dag jynslarynyň maýyşgaklygyny anyklamaga
niýetlenen. AK geçirilende guýuda maýyşgak tolkun (oýnama) edilýär we ol
ýaýraýar. We şol apparat bilen bile sallanan kabul edijiler arkaly kabul edilýär. Kabul
ediji we çeşme arasynyň aralygy belli bolansoň, maýyşgak tolkunyň ýaýryma tizligini
we amplitudasyny ýagny sönmesini anyklap bolýar. Şonuň üçin AK-nyň 3
modifikasiýasy bar: maýyşgak tolkunyň tizligine görä, maýyşgak tolkunyň sönmesi
boýunça guýynyň sement halkasyny barlamak we tehniki ýagdaýyny bilmek üçin.
64
5. Karotažyň beýleki görnüşleri. Bu görnüşe kawernometriýa girýär.
Oturdylmadyk guýynyň hakyky diametrini ölçemek we onuň sütün boýunça
üýtgemesini anyklamak üçin. Kawernogrammany karotažyň beýleki görnüşleri bilen
ulanylanda, dag jynsynyň geçiriji ýa-da däldigini anyklap bolýar. Diametriň ulalmagy
palçyk ýa-da palçykly dag jynslaryna mahsus; daralma adatça çäge we geçiriji dag
jynslarynyň gabadynda duş gelýär hekdaşy we beýleki gaty dag jynslarynyň
gabadynda diametr dolotanyň diametrine deň. Termokarotaž – oturdylan we
oturdylmadyk guýudan temperaturanyň aýramasyny öwrenýär. Termokarotaž dag
jynslaryny temperatura gradiýenti boýunça we ýylylyk garşylygy boýunça
differensirlemäge kömek edýär.
Gysça wagtlaýyn guýyny ýyly ýa-da sowyk suwuklyk arkaly gyzdyryp ýa-da
sowadyp, gatlagyň ýylylyk sygymy we ýylylyk geçirijiligi barada goşmaça maglumat
alýarys. Bu arkaly biz önümli gatlagyň ýatan ýerini, gaz-nebit kontaktyny,
burawlanýan guýuda aýlanmanyň ýitýän ýerini, GGÝ-da oturtma sütüniň defektini
we kowmada suwy ýa-da gazy siňdirýän ýerleri anyklap bilýäris.
Derňemegiň gidrodinamiki usuly. Durnuklaşan ýa-da durnyklaşmadyk guýa
gelýän gaz ýa-da suwuklyklaryň akymyny öwrenmeklige esaslanan. Akymyň bu
parametrlerine – debit, basyş we olaryň üýtgemesi girýär. Girdodinamiki derňewe
drenirlemegiň ähli meýdany girýänligi üçin, munuň netijesi geofiziki usulynyň
netijeleriniň radiusyndan ýüzlerçe uly radiusy öz içine alýar.
Gidrodinamiki derňewi nebit alýan edaranyň hünärmenler ýörite tehniki enjamlar
bilen geçirýärler. Geçirmegiň iki görnüşi bar: durnyklaşan we durnyklaşmadyk
guýularda geçirmek. Durnyklaşan guýuda bu derňewi geçirmek bilen guýynyň düýp
basyşa baglylygy ýa-da dinamiki derejäniň ýagdaýy [Q(pc)] anyklaýarys. Bularsyz
debiti anyklamak ýa-da suwuklygy çykarmak üçin tehniki enjamlary saýlamak
mümkin däl. Bu usul arkaly gatlagyň gidrogeçirijiligini anyklaýarys

Durnyklaşmadyk guýuda derňew geçirmek bilen gatlagyň pýezogeçirijiligini χ,


daşyrak ýerler üçin χ/rget2 (χ – pýezogeçirijilik; rget – guýynyň getirme radiusy)
anyklaýarys.
Derňew üçin tehnika, özleşdirme görnüşine bagly (çüwdürim, gazlift).
Guýy debit ölçeýjili derňew. Alyjy guýularda açylan interwal boýunça akymy
anyklaýar (akym profili) we kowyjy guýularda siňdirme intensiwligini (siňdirim
profilini) anyklaýar. Bulary registrirleýji enjamlary bilen debitomer (debitölçeýji) we
rashodomeri (harçölçeýji) guýa sallap perferirlenen ýer boýunça gezdirip anyklaýar.
Guýy debitomer derňew arkaly gatlagyň hakyky işleýän bölegi boýunça
maglumat alynýar, şeýle-de aýratyn gatlajyklaryň umumy debitdäki paýy, geçirilen
işleriň täsiri barada maglumat berýär.
Guýy debitomer derňewi “Potok” kompleks enjamy ýaly enjamlar bilen
geçirilýär. Hemme gidrodinamiki we debitometrik derňewler fontan, gazlift
wekowyjy guýularda aňsat geçirilýär. Sebäbi zaboýa NKT arkaly barmak tehniki
kynçylyk döretmeýär. Başka görnüşli özleşdirmede (PSEN, ŞSN) ölçeýiş enjamy
sallap bolmaýanlygy üçin kynçylyk ýüze çykýar we öz boluşylygy bar.

65
16-njy sapak
Tema. Guýyny gidrodinamiki derňemek üçin tehnikalar we enjamlar.
Soraglar:
1. Guýyny gidrodinamiki derňemek üçin tehnikalar we enjamlar.
2. Manometrler.

Enjamlary guýyny duruzmazdan guýa sallanýar. Gazlift we çüwdürim


guýularda üsde hemişe basyş bolany üçin enjamlary (10-njy surat) lubrikatordan
salýarlar.

10-njy surat. Lubrikator.


1 – korpus; 2 – bufer zadwižka; 3 –
goýberilýän enjam; 4 – salnik düzüjiler;
5 – kronşteýn; 6 – saklaýjy ugrykdyryjy
rolik; 7 – sallaýjy kran; 8 – deňleýji; 9 –
gapdal göýberiji.

Lubrikatory hiçzada päsgelsiz, ýapyk zadwižkada oturdylýar. Guýaa enjam


goýberilmäkä salnik gapajyk 4 açylýar we ondan kabel ýa-da sim düzülýär.
Sim bilen baglanan çuňluk enjamy lubrikatoryň korpusyna goýberilýär we
ondan soň salnik gapajygy ýapylýar. Sim ugrykdyryjy polige oturdylyp awtomaşynda
daşalýan göteriji lebýodkanyň barabanyna gidýär.
Lubrikator oturdylandan soň zadwižka oturdylýar; basyş deňeşýär. Ondan soň
enjamy goýberilýär. Barabana saralan simiň ýa-da kabeliň uzynlygy ýörite ölçeýji
rolik bilen ölçenýär. Ol hem ölçeýjä baglanyp enjamyň goýberilen çuňlugyny
görkezýär. Ölçemeden soň enjam ters yzygiderlikde ýokaryk galdyrylýar.
Nasosy özleşdirme üçin kiçi göwrümli lubrikatorlar bar. Bu lubrikatorlar
ýokarky filtriň dik ortasynda oturdylýar. Olaryň diametri 28 mm 300-400 t/sut debitli
guýulara enjamlary sallamak kynçylyk döredýär. Sebäbi suwuklyk akymy we
sallanýan enjama edýän gidrawliki garşylygy. Bu ýagdaýlarda enjama agyrlyk
ştangasyny berkidýärler. Eger debit gaty ýokary bolsa, onda zadwižka ýa-da ştuser
arkaly ony kiçeldýärler. Enjam NKT-niň başmagyndan aşak düşenden soň (bu ýerde
akym kiçi) iş düzgüni öňki ýagdaýa getirýärler.
Köp guýy enjamlar ölçenýän parametrleri öz içinde hasaba alýan awtonomlyk
häsiýete eýedir. Beýle enjamlar 1,6-2,2 demir simler arkaly sallanýar. Simde
birleşdirme, dürün bolmaly däl, sebäbi ol lubrikatoryň salniginden geçmeli.
66
11-nji surat. Geliksli (a) we porşenli (b) guýy manometriň shemasy.

Guýy derňewleri esasan düýp basyşy lubrikator bilen ölçemek üçin geçirilýär.
Manometrleriň köp görnüşi bar. Ýöne olaryň iň ýönekeýi we köp ulanylýany geliksli
guýy manometri (MGN-2) (11-nji surat, a). Munuň iň duýyjy elementi geliks –
pružinadyr 1, ol wakuum aşagynda ýeňil ýag bilen doly. Basyş aşagynda pružinanyň
her aýlawy belli burçda wertikal okuň daşynda açylýar. Iň soňky ýokarky aýlaw
hemme aýlawlaryň öwrülme burçlarynyň jemine deň burçda aýlanýar (öwrülýär).
Ýokarky aýlawda ýeňil dyrnaýjy pero 2 bar, onuň burça basyşa proporsional. Geliks
pružinanyň aşagy 3 silfon bilen birikýär. Ol suwuklygy bölýär. Silfon hem ýag bilen
doly. Ol geliks içine silfon arkaly basyşy ýitgisiz berilýän guýy suwuklygynda
ýuwylýar.
Hasaba alyjy bölekler aşakdakylardan ybarat. 4 - sagat mehanizmi, 5 – hereket
wintini herekede getirýär. Ol hem 6 hasaba alyjy karetka deň ýagdaýda gelýän
herekedi geçirýär. Şonuň üçin karetkanyň wertikal herekedi wagta proporsional.
Wagt – sagat mehanizmiň germetizasiýadan öň ýokarda işe goýberme wagty.
Manometriň silfindan başga hemme detallary 7 germetirlenen korpusda
ýerleşen. Silfonyň oturan kamerasy daş bilen deşik arkaly aragatnaşykda. Adatça
enjamyň aşagyna maksimal termometr ýerleşdirýärler. Ol bolsa temperatura düzediş
girilmäge gerek.
Guýy manometrleri kiçi diametrli we ýeterlik uzynlykly bolmaly. Şeýle-de olar
ýokary takyklykly bolmaly.
MGN-2 manometriň tehniki häsiýetnamasy
Diametr, mm 32
Uzynlyk, mm:
agraldyjysyz 1565
agraldyjyly 2285
67
Massa, kg:
agyrsyz 6
agyrly 0,5
Oturdylan geliks blogy bagly ölçeg çägi, MPa 10-100
Iş temperatura, oC 160 çenli
Periň iş herekedi, mm 55 çenli
Karetkanyň iş herekedi, mm 120 çenli
Karetkanyň iş herekediň wagty, sag 16 çenli
Üýtgeme çäginden düýyjymygy %, % danuly däl 0,2
Takyklyk klasy 0,25-0,4

Porşenli MGP diýlip atlandyrylýan (11, b surat) manometrler bar. Munuň


düýyjy elementi ştok porşen 1. Ol 2 pružina bilen çekilen. Ştok 3 salnikden geçýär
we iş kamerany bölýär. A ýokarky kamerada atm. basyş saklanýar. B aşakdaky
kamera töwerek bilen aragatnaşykda. Kameralardaky basyş tapawudy 1 porşen-ştok
kesige täsir edýär. Ol hem öz herekedi bilen pružinany çekýär. Atmosfera kamerada
ştogyň ujynda 4 pero bar. Ol kagyz blankada wertikal çyzyk çekýär. Ol çyzygyň
uzynlygy ştok hereketine deň we aşakgy kameranyň basyşyna proporsionaldyr.
Kagyz blanka stakan-karetkanyň 5 içinde berkidilen we sagat mehanizm arkaly 6
ýuwaşjadan aýlap dyrylýar. Onuň içi ýag bilen doly we siflon bilen guýy
suwuklygyndan çäklendirilen. Bu enjamyň amatlylygy – kiçi diametr, göwrüm bilen
takyk maglumat almakdadyr.
Differensal manometr guýuda has takyk basyşy ölçemek üçin niýetlenendir. Bu
porşenli manometr ýaly, ýöne ýokarky kameradaky atmosfera basyşyň ýerine
zarýadka (guýjikdirme) basyşy bar. Eger zarýadka basyşy 10 MPa etsek, onda ştok
diňe 10 MPa basyşdan ýokary basyşda hereket eder. Şeýlelik-de ştogyň peýdaly
herekedi diňe 10 MPa-dan ýokary basyş üçin galýar.
Kiçi göwrümli manometrler. Guýyny gidrodinamiki derňemek üçin kiçi
göwrümli manometrleriň birnäçesi bar. Olaryň daşky diametrleri 18-22 mm.
Uzynlygy 0,7-2 m. Bu enjamlar ölçegleri halkara giňişlikden ýerine ýetirmäge
niýetlenendir. Bu ýagdaýda NKT dikorta flýansdan asylmalydyr. 146 mm
kolonnalara 60 mm NKT sallanmaly, 168 mm bolsa – 73 mm NKT. Muňa mysal edip
düýp basyşy halkara giňişlikden ölçemek üçin niýetlenen kiçi göwrümli magnit
maýyşgak MMM-1 enjamy alyp bolar. Onuň amatlygy onuň kiçi göwrümidir. Ol
halkara giňişlige kiçi göwrümli üst lubrikator arkaly sallanýar. Lubrikator dik ortada
flýansda oturýar.
MMM-1 tehniki häsiýetnamasy
Basyşyň çäk ölçegi, MPa 5-100
Işçi temperatura, C
o
20-100
Ölçeg ýalňyşlygy, % ±1,5
Enjam iýmiti hemişelik 24 W
Aragatnaşyk kanaly KOBDFM-2 kabel
Girýän signalyň tolkuny, kGs 8-90
Ýokarda indikasiýa ikilenç apparatura
Diametr, mm 18
68
Uzynlyk, mm 810
Massa, kg 1
RN-26 tehniki häsiýetnamasy
Işçi basyş, MPa 20 çenli
Işçi temperatura, C
o
80 çenli
Goýberme kabeli KOBDFM-2
Harç ölçeme diapazony, m /sut:
3

birinji 3,6-36
ikinji 14-144
Diametr, mm 26
Uzynlyk, mm 1440
Massa, kg 3,6
Naprýaženiýe, W:
paker açmak üçin +30
paker ýapmak üçin -30
ölçemek üçin -6
Pakeriň maksimal açylma diametri, mm:
146 mm kolonna üçin 135
168 mm kolonna üçin 155
DW-28 tehniki häsiýetnamasy
Harç ölçeme diapazony, m3/sut:
birinji 3,6-36
ikinji 14,4-144
Harç ölçeme ýalgyşlygy, % ±5
Çyg ölçeme ýalňyşlygy, % 0-60
Sallamak üçin kabel KOBDFM-2
Naprýaženiýe, W:
paker açmak üçin +30
paker ýapmak üçin -30
ölçeg üçin +18
Pakeriň maksimal açylma diametri,mm:
146 mm kolonna üçun 135
168 mm kolonna üçin 155
Diametr, mm 28
Uzynlyk, mm 1960
Bi ŞSN bilen enjamlaşdyrylan we halkara giňişliginde basyş bolan guýularda
işçe girmäge mümkinçilik berýär.
Halkara giňişlikden goýberilikden goýberilýän kiçi göwrümli akymyň profilini
almak üçin harç ölçeýji rashodomer RN-26 hem bar. Ölçeme prinsipi – akym harjy
elektrik impulsa geçirmekden ybarat. Onuň tolkyny harja proporsional.
Kombinirlenen DW-28 – harç üýtgemesini we akýan suwuklygyň çyglylyk
düzümini ölçeýär. Enjam üsti planşSaýba bilen enjamlaşdyrylan guýularda
gidrodinamiki derňew geçirmek üçin ulanylyp biler.

17-nji sapak
69
Tema. Çüwdürim guýularyň enjamlary.
Soraglar:
1. Çüwdürim guýularyň enjamlary.
2. Çüwdürim armaturasy.
3. Kolonna golowkasy. Sütün başy.
4. Manifoldlar, ştuserler.

Nebit we gaz alynýan, nebit we gaz känleriň geologiki şertleri tapawutlydyr.


Olaryň tapawudy, önümli gatlagyň ýatma çuňlugy dag jynslaryň durnuklygy, gatlak
basyş we temperatura, gaz faktor, nebitiň dykyzlygy, doýgunlaşma basyşy we beýleki
häsiýetlerdir. Bu geologiki häsiýetlere we önümli gatlagyň öz boluşlylygyna
baglylykda dürli konstruksiýaly guýular ulanylýar. Bu konstruksiýalaryň ählisiniň
esasy elementi – gysga ugrukdyryjy (5-15 m), konduktor (100-5000 m) we oturtma –
ulanma sütüni (önümli gorizonta çenli). Ýöne beýle ýönekeý, bir sütünli
konstruksiýa 2000 m çuňlukda, durnukly, burawlamada galyndy galmaýan dag
jynslarynda mümkin. Kyn geologiki şertli, bir sütüni meýilnama çuňlugyna eltmek
kyn şertlerde, burawlamada galyndy berýän, aralyk gorizontaly ýapmaly bolup
ýokary gatlak basyşynda we başga sebäplere görä kyn we gymmat köp sütünli guýy
konstruksiýasyny ulanmaly bolýar. Meselem Çeçen-Inguşetiýada hek çökündisi
5300-6000 m çuňluga burawlananda köp sütünli konstruksiýa ulanmaly boldy. Ol
ugrukdyryjy we konstruktordan başga-da dört-ýedi sütünden ybarat. Bularyň
arasynda guýryjak (hwostowik), ýagny soňky oturtma sütüniniň başmagynyň
aşagynda, dag jynsynyň diňe açyk bölegini çaklaýan sütün bardy. Nebit we gaz
känlerini özleşdirmeki şertleri, gory goramak we howpsyzlyk düzgünlerin –
germetizasiýany; NKT goýbermekligi, önümi ölçeýjilere gönükdirmekligi, gyýynyň
işleýşini düzgünleşdirmegi we ony gysga wagtlap abatlaýyş işleri geçirmek maksady
bilen duryzmagy talap edýär.
Bu işler, çüwdürim guýysynyň üstünde (kolon golowkasy) sütün başyndan,
çüwdürim armaturasyndan we manifoldan durýan enjam oturtmak arkaly amala
aşyrylýar.
Kolonna golowkasy. Sütün başy. Bu halkara giňişligi germetizirlemek üçin
oturtma sütüni açmak üçin we çüwdürim armaturasyny oturtmak üçin niýetlenendir.
Bir, iki, üç, dört we bäş sütün başly görnüşleri bar. Bulara bildirilýän talaplar:
halkara giňişligiň gowy germetizirlenmegi;
ähli halkara giňişliklerde basyşy görüp bilme mümkinçiligi döretmek;
çalt we mäkam oturtma sütünleri açmagy amala aşyrmak;
bir sütün başyna dürli oturtma sütüni berkidip bolmaly, ýagny uniwersallyk;
çalt we amatly montaž;
mümkin boldygyça minimal beýiklik.
Sütün başy guýy ulanylýan wagtynda üstde durýar we abatlaýyş işleri
geçirilmeýär. Şonuň üçin onuň konstruksiýasyna we hiline uly ähmiýet berýärler we
ýokary talap görkezýärler. Olar 14,0; 21,0; 35,0; 50,0 we 70,0 MPa işçi basyşa
niýetlenip goýberilýärler. Käbir ýagdaýlarda (gaz guýularda) 150 MPa niýetlenen
görnüşleri ulanylýar.

70
Burawlama gutarandan soň sütün başyndan priwentory aýyryp çüwdürim
armaturasyny oturdýarlar (1-nji surat).

1-nji surat. Bir oturtma sütün üçin baş sütüniň konstruksiýasy.

1-sütün başynyň korpusy konduktoryň ýokarky hyrly bölegine çekilýär. 10


oturtma sütün 7 ýörite muftanyň içine salynýar. 1 we 7-niň germetizasiýasyny 2
mufta we 3-iki sany halkajyk (nebit durnukly rezinadan) amala aşyrýar. Oturtmanyň
dykyzlygy 5 ýarym halka we 4 flýanes bolt arkaly çekilip gysylmak bilen amala
aşýar. 7 mufta 6 flýanes bilen, çüwdürim armaturasyny oturtmak üçin gutarýar.
Halkara giňişligindäki basyşy barlamak üçin ýokary basyş kranly gapdal bölek 9 we
manometr 8 enjamlaşdyrylan.
Çüwdürim armaturasy. Ol niýetlenen:
çüwdürim turbalaryň bir ýa-da iki sütünini açmak üçin;
çüwdürim turbalary we oturtma sütün aralaryndaky germetizasiýa barlamak
üçin;
guýular ulanylanda, abatlaýyş işleri geçirileninde tehnologiki işler geçirmek;
guýynyň önümini ölçeýjä gönükdirmek üçin;
guýynyň iş düzgünini düzmek we düýpde derňew işlerini geçirmek üçin.
Çüwdürim armaturasy ýokary basyşda we temperaturada işlemeli bolýar. Ýöne
olar öz ulanma häsiýetine (debit, basyş, temperatura) dürli bolýarlar. Şonuň üçin dürli
iş şert üçin niýetlenen çüwdürim armaturalary almak gerek bolýar.
Konstruksiýasyna we başga ýagdaýlara görä çüwdürim armaturasynyň
görnüşleri:
7 – 105 MPa iş basyş üçin;
50 – 100 mm geçiriji sütüniň kesiginiň ululygy;
çüwdürim ýolkasy – haç we üçli;
guýa goýberilýän turba hataryna görä – bir we iki hatar;
goýberijiniň görnüşine görä zadwižkaly we kranly.
Basyşa görä guýularda bolup biljek ähli şertler göz öňünde tutulyp aşakdaky
standartlar bar: 7, 14, 21, 35, 70 we 105 MPa işçi basyş üçin armatura, bularyň 7, 14,
21 we 35 MPa-sy iki esse köp basyşda barlanýar. 70 we 105 MPa – bir ýarym esse
köp basyşda. Çüwdürim armaturasy iki elementden durýar: turba başy we çüwdürim
71
ýolkasy. Turba başy çüwdürim turbalaryny açmak üçin niýetlenen. Adatça ol iki
gapdal goýberijili (katuşkaly) krestowinadan durýar. Oňa çüwdürim turbasy hyr bilen
berkidilýär.
Çüwdürim turbasy hyr bilen berkidilýär. Iki hatar turba ulanylanda iki geçiriji
katuşkaly iki krestowina ulanylýar. Aşaky katuşka uly diametrli birinji hatar turba,
ýokarky katuşka bolsa kiçi diametrli ikinji flýansynda çüwdürim ýolkasy berkidilýär.
Turba başy çüwdürim ýolkasyndakydan hem ýokary halkara giňişlikdäki gazyň
basyşyna durup bolup biler. Şonuň üçin turba başy çüwdürim ýolkasyna garanyňda
1,5 esse köp ýokary basyşda barlanylýar. Turba başynyň germetizirleýän halkara
giňişliginde arassa gaz ýygnanyp gatlak basyşyna ýetip biler, şonuň üçin hem şeýle
talaplar talap edilýär.

2-nji surat. Bir hatar göteriji üçin ýokary basyşly (70 MPa) haçly çüwdürim
armaturasy (4AFK-50-700): 1-wentil; 2-zadwižka; 3-krestowina; 4-katuşka (NKT-
niň asylmasy üçin); 5-ştuser; 6-ýolka krestowinasy; 7-bufer; 8-NKT-niň asylmagy
üçin patrubka; 9-katuşka.

Çüwdürim ýolkalary konstruksiýasy boýunça haç we üçli görnüşlere


bölünýärler. Haçly armaturanyň aýratynlygy, onuň iki gapdal zyňyjyly krestowinasy
6 bar (2-nji surat). Olaryň ikisi hem işleýär, biri ätiýäçlykda durýar. Üçli çüwdürim
ýolkanyň aýratynlygy bolsa (3-nji surat) zyňyjy liniýalar birikdirilýän (ýokarky we
aşaky) 1 üçlüklerdir. Olaryň işleýän hemişe ýokarky bolup, aşakgy ätiýäçda durmaly.
Üçli armaturalar adatça nebit bilen abraziw materiallary – çäge gyrmançak berýän
guýularda ulanylýar. Eger ýokarky üçlik iýilip ýoldan çyksa, onda aşakgy işledilýär
we aralyk zadwižka ýa-da kran ýapylyp – ýoldan çykan bölek bejerilip bilner. Bu
şertde haçly atmatura ulanylsa, onda merkezi zadwižka ýapylyp, guýy duryzylmaly
bolar. Ýöne haçly armatura kiçi göwrümli we hyzmat edilmesi ýeňil. Üçli bolsa beýik
we hyzmatlar üçin dürli kömek enjamlar ulanmaly bolýar.
Çüwdürim armaturalaryň gysgaldylan atlary:
AFT-65Kr-140 – çüwdürim armaturasy, üçli geçiş kesigi – 65 mm, kranly, 14
MPa işçi basyş üçin.
AFT-50-210 – çüwdürim armaturasy, haçly 50 mm diametrli 21 MPa üçin.
72
Çüwdürim armaturasynyň massasy 3 tonna ýetýär, beýikligi 4 m giňligi 3,3 m
çenli.

3-nji surat. Iki hatar NKT (2AFT-60x40KrL-125) asmak üçin kranly üçli
çüwdürim armatura: 1-üçlükler; 2-ikinji NKT-niň hatary asmak üçin patrubka; 3-
birinji NKT-niň hataryna asmak üçin patrubka.

Ştuserler. Ol çüwdürim ýolkasynyň elementi bolup, çüwdürim guýysynyň iş


düzgünini we debitini sazlamak üçin niýetlenen. Olar armaturanyň iki zyňyjy
liniýasynda hem oturdylýar we sazlanýan we sazlanmaýan böleklere bölünýärler.
Bularyň iň ýönekeýi we anygy sazlanmaýanlardyr. Olar guýudan abraziw materiallar
çykanda özüni gowy alyp barýarlar. Sazlanmaýan ştuserleriň köp konstruksiýasy bar.
Olar berlen diametrli ortasynda geçiriji deşikli legirlenen polatdan ýa-da
metallokeramiki materiallardan wtulka görnüşinde bolýarlar. Onuň işläp ukybyny
ýitirdigiçe durnuklaşan iş düzgün bozulyp başlaýar we ştuseri çalyşmaly bolýar.
Munuň üçinýynça guýyny ätiýaç kowyja geçirip, esasyny bejerýärler. Munuň üçin
çalt çalyşylýan ştuseriniň dürli görnüşleri hödürlenen (4-nji surat).
Ýönekeý ştuser – berlen diametrde deşikli diafragma şekilli ýerine ýetirilip
zyňyjy liniýanyň iki flýansynyň arasynda gysylýar. Geçirijiligi, konus ştok (eýerdäki)
ýitgedilmegi bilen ýitgeýän sazlanýan ştuserler giňden ulanylýar. Ýitgetme – ştogy
diametriň ýitgeýşini görkezýän mahowigiň sýşmegi bilen amala aşýar. Bu ştuserleriň
ulanylşy kyn we gymmat, çäge gelmeýän guýularda ulanylýar. Islendik ştuserde gaz
suwuklyk akymynyň energiýasy basylýar we buferdäki basyşdan nebit-gaz zyňylma
ulgamynyň liniýasyndaky basyşa çenli basyş düşýär. Eger basyş tapawudy uly bolsa,
onda birnäçe ştuser goýup, onuň her birinde özboluşly basyş saklanmasy bolup
geçýär.

73
4-nji surat. (ŞBA-50-700) ýokary basyş armatura üçin çalt çalyşylýan ştuser: 1-
korpus (göwresi); 2-tarelçatyý (tabaksy) ýaý; 3-gapdal eýer; 4- oboýma; 5- gapak, 6-
basylýan gaýka; 7-prokladka; 8-gapdal gaýka; 9-ştuseriň metallokeramiki wtulkasy.

Manifoldlar. Bu çüwdürim armaturasyny önümi ölçeýji abzala berýän turba


geçiriji bilen birleşdirmek üçin niýetlenen. Beýle birleşdirmäniň ýerli şertlere we
tehnologiki ulanma görä dürli görnüşleri bar. Şonuň üçin olar
standartlaşdyrylmadykdyr. Olaryň ýönekeý (5-nji surat) haçly çüwdürim
armaturanyň manifoldy üçin halkara giňişligi baglandyrmak göz öňunde tutulmaýar
we guýyny ölçeýjä ýa-da traply abzala baglaýan diňe bir zyňyjy liniýa üçin dir.

5-nji surat. Haçly çüwdürim armaturasynyň birleşmesiniň shemasy.


(5-nji suratda) zawoda ýygnalan standart mahalar görkezilen. Olar dört burç
çyzylyp (NN 1, 2, 3) nomerlenendir. Shemada – iki sazlanýan ştuser, iki sany gaz we
suwuklyk barlamak üçin wentil, 3 goýberiji gurluş (fakele ýa-da ýer ammaryna
goýbermek üçin, 4 üçlikler, 5 krestowikler, 6 öňden goraýjy klapan we 7 flýanes
birleşdiriji görkezilen.
Manifoldyň soňunda 80 mm turba birleşdirmek üçin flýanes bar. Manifold
bellenende – shema nomeri, geçirijilik diametri we işçi basyşy görkezilýär – 1MAT-
60x125.
Ýeke çüwdürim guýular we esasan ýokary debitler şahsy trap gurluşy işleýär.
Ol ýerde gaz separasiýasy we debit ölçenýär. Şoň guýynyň önümi galan gaz we suw
bilen önümçilik nebit ýygnaýjy punkta goýulyp suwsyzlandyrmak we doly seperasiýa
üçin gelýär. Köplenç önümçilik nebit ýygnaýjy punktlarda nebiti suwsyzlandyrmak
74
we duzsyzlandyrmak işleri gyzdyrmak we deemulgator goşulyp birlikde alynyp
barylýar.
18-nji sapak
Tema. Çüwdürim guýularyň işini sazlamak.
Soraglar:
1. Çüwdürim guýularyň işini sazlamak.
2. Çüwdürim guýysynyň sazlaýjy egrileri.

Adatça çüwdürim guýynyň özleşdirme döwrüniň başynda esasan hem ýokary


debitler nebit alýan edaranyň mümkinçiligini kesgitleýär. Şonuň üçin onuň
derňelmegine, onuň işiniň sazlanmagyna we seredilmegine köp üns berilýär.
Mundan başga-da çüwdürim, barlag alma işini we akymyň profilini alma işini
ýeňilleşdirýär. Çüwdürim guýysynyň amatly iş düzgünini saýlamak üçin onuň dürli
düzgünde iş netijesini bilmeli. Iş düzgüni ştuser çalyşmak arkaly ýitgedilýär. Bu
ýagdaýda ýitgetme girizmezden bir salyş garaşasaly. Bu wagt ştuser çalşylyp
üýtgetme girizilenden soň gatlak we guýy bir iş ýagdaýa gelmegi üçin gerek. Bu
guýynyň durnyklaşma ýagdaýa geçme wagty dürli we gidrogeçirijilik we
pýezogeçirijilige bagly.
Durnuklaşan guýynyň alamaty – debitiň hemişeligi we manometriň
görkezijileridir. Adatça bu wagt birnäçe onlarça sagat bilen kesgitlenirýär. Sazlanýan
egrisi hem indikator çyzygyny gurmak üçin azyndan dört iş düzgün çalşyp görmeli.
Durnuklaşan iş düzgüne geçeninden soň lubrikatordan çuňluk manometr ýa-da başga
enjam sallanýar, ýokarda bolsa takyk debit, önümiň suwlanmasyny we çäge ýa-da
başga-da gaty maddalarynyň barlylygyny gaz faktory ýa-da diňe gazyň debitini, bufer
we halkara giňişlik manometriň görkezijilerini – pulsasiýa baglylygyny, onuň ritmi
we amplitudasyny, armaturanyň we manifoldyň wibrasiýasyny barlamaly. Alnan
maglumatlara görä sazlaýjy egri gurylýar, ýagny ölçenen görkezijileriň ştuseriň
diametrine baglylygy (6-njy surat).
Sazlaýjy egriler guýynyň önümini almagyň tehnologiki normasyny ýola
goýmagy we onuň hemişe iş düzgünini bellemegi kemilendirýär, meselem: düýp
basyş pd-i pdoý doýgunlyk basyşyndan pese düşürmeli däl ýa-da onuň paýy pd >
0,75 pdoý; minimal gaz faktorly iş düzgüni ýola goýmak; çykýan çäge mukdary
birden-kä köpelmeginiň öňüni alynýan iş düzgün saýlamak; düýpde oturtma sütüniň
epilmegini mümkinçiligini döretýän düýp basyşy goýbermezlik; üst enjamlaryň
howpsyz işlemegi üçin buferde we halkara giňişlikdäki basyşy sazlamaly; nebit
ýygnaýjy ulgamyň manifoldyndaky basyşdan guýynyň buferindäki basyş kiçi
bolmaly däl; yzygider çüwdürim prosesi bölýän pulsasiýa ýol bermeli däl.

75
6-njy surat. Çüwdürim guýysynyň sazlaýjy egrileri: d-ştuseriň diametri; 1-pd –
düýp basyş, MPa; 2-G0 –gaz faktor, m3/m; 3-Q –guýynyň debiti, m3/sut; 4-Δp-
depressiýa, MPa; 5-P-suwuklyk düzüminde çäge düzümi, kg/m3; 6-n –guýy
önüminiň düzüminde suw göwrümi,%.

Guýynyň iş düzgüni durnuklaşandan soň onuň beýle galmagyny seretmeli.


Esasan hem ýokary debitli guýularda bu ýagdaýyň beýle galmagyna seredilýär.
Seredilende birikmeleriň germetizasiýasyna, enjamyň elementleriň howaly
wibrasiýasyna we manometr görkezijilerine seredilýär. Kadanyň bozulanlygyny bufer
we halkara giňişlikdäki basyşyň anomal üýtgeýşi, nebit debitiniň üýtgeýşi we
suwlanmagyna, çäge mukdaryna we ş.m. görä bilýärler.

19-njy sapak
Tema. Çüwdürim guýylarynda näsazlyklaryň ýüze çykmagy we olaryň
öňüni almak.
Soraglar:
1. Açyk çüwdürme.
2. Parafin galyndynyň öňüni almak.
3. Çäge dykylar bilen göreş.
4. Duz çökmesi.

Dürli känleriň we bir kände ýerleşýän aýry-aýry önümli gatlaklaryň ulanma


şertleri biri-birinden köp tapawutly bolup biler. Muňa görä-de bularda ýüze çykýan
kynçylyklar hem dürli-dürli bolup biler. Bulardan köp duş gelýänleri:
üst armaturanyň germetizasiýasy bozulanlygy üçin açyk çüwdürim;
zyňyjy liniýalarda we NKT-niň içinde parafin we asfaltosmola galyňdylaryň
ýygnanmagy;
guýyny wagtyndan öň duryzyp bilýän, çüwdürim döwründe pulsasiýa;
durnuksyz gatlak ulanylanda düýpde we NKT-ň içinde çäge gelip dykylmagy;
NKT-ň içinde we guýynyň düýbinde duz çökündileriniň ýygnanmagy.
Açyk çüwdürme.
Belli bolşy ýaly nebit we gaz alnanda köp açyk çüwdürimi bolýar we uly
ýangyjylar emele gelýär. Bularyň netijesi bolsa käniň wagtyndan öň dynmagy we
guýynyň daşynda uly şarşaly görnüşli boşluk emele gelip, üstünde goýlan zatlary
özüne ýuwydýar.
Beýle çüwdürimleri söndürmek üçin içine atom zarýady salmak üçin kese
(egri) ikinja guýular burawlanýar. Beýle heläkçiligiň derejesi, onuň sebäbi dürli-
dürlidir. Ulanmada gurap bölünýan garaşylmadyk näsazlar bilen bir hatarda esasy duş
gelýänleriň biri üst enjamlardaky näsazlyk, ýagny çüwdürim armaturasy. Wibrasiýa
netijesinde birleşmeleriň gowşamagy we abraziw materiallaryň täsiri netijesinde
beýle ýagdaýlar bolmagy mümkin. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin armatura iki esse
ýokary basyşda barlanýar.
76
Soňky döwürde açyk zyňmanyň öňüni almak üçin dürli çuňluga (fontan
turbanyň başmagyna çenli) goýberilýän enjamlar tapylýar we enjamlaşdyrylýar.
Olaryň kä birleri oturtma sütüniň şlipslerinde oturdylýar we kritiki ululygy geçýän
suwuklyk harjynda awtomatiki usulda NKT-niň geçiriji kesigini ýapýar. Daşary
ýurtlarda çüwdürim turbalarynda oturýan kesijiler ulanylýar. Bular hem GSG-ň
harjyna baglylykda hereket edýär. Käbir kesijiler bolsa mejbury ýagdaýda çüwdürim
turbasyny ýapýar. Olar şar kran görnüşinde we gidrawliki usulda ýokardan sazlanýar.
Bu görnüşli şarly kranyň göteriji mehanizmi, çüwdürim turbasyna bagly 12, 18 mm
diametrli turba arkaly basyş çeşmesine baglanýar. Basyş bolanda şarly kran açylýar
we basyş düşende ýaý mehanizm ony ýapýar.
Ýökarda gurylýan mehaniki hereketli ýönekeý manifold liniýalarda goýulýan
kesijiler hem bar. Olar zyňyjy liniýalarda böwsülme (poslama ýa-da mehaniki
näsazlyk zerarly) bolan halatynda çüwdürim guýyny ýapýar.
Parafin galyndynyň öňüni almak.
Nebit gatlak şertlerinde deňagramda ýatýan ýeňil we agyr uglewodorodlaryň
garymydyr. Nebit çykarylanda ol gatlak şertinden ýokary (üst) şerte geçip
termodinamiki şertler üýtgeýär. Bu ýagdaýda basyş we temperatura peselýär. Aýratyn
fazalaryň deňagramlary bozulyp uglewodorod gaz hökmünde bölünip çykma we gaty
(agyr fazalar) jisimlere bölüşe bolup geçýär. Nebitiň ýokaryk galmagy bilen
sowamagynda gaz fazalar bölünip, basyşyň düşmesi bolsa onuň kristal parafin
görnüşinde täze faza bolýan zaty fazalary eretmek ukybyny ýitirýär. Olar käbir
şertlerde smola we asfalten bile bilelikde bölünip çykýarlar we şepbik gaty
uglewodorod bölejikleri emele getirýär. Olar bolsa turbanyň büdür-südür ýerlerine
ýapyşyp kese-kesigini kiçeldýär.
Nebitde emele gelýän parafiniň bölejikleriniň ýüze çykma temperaturasyna
parafiniň kristallaşma temperaturasy diýilýär. Ol dürli nebitiň düzümi üçin we
parafiniň düzümine laýyklykda dürli bolýar.
Düýpden üste galdykça, basyş we temperaturanyň düşdigiçe parafin
galyndysynyň galyňlygy ulalýar. Gündogardaky känlerde 400-300 m çuňlukda
galyndy başlaýar. Olaryň galyňlygy 200-50 m-de maksimuma ýetýär.
Munuň öňüni almak we guýynyň iş şertini gowlandyrmak üçin dürli usullar
bar. Parafin galyndyny aýyrmagyň esasy usullary:
1. Mehaniki usul:
a) Polat simde NKT-ä sallanýan ýaý skrepka (gyryjy) ulanmak);
b) Parafin örtülen sütüni çykaryp ony ýokarda arassalamak;
c) Awtomatik, uçýan gyryjylary ulanmak.
2. Ýylylyk usuly:
a) halkara giňişlige gyzdyrylan bug goýbermek arkaly turba sütüni
gyzdyrmak;
b) gyzgyn nebit goýbermek arkaly turbany gyzdyrmak.
3. Içki örtügi aýna, emal ýa-da epoksit smolaly turbalar ulanmak.
4. Dürli eredijiler ulanmak.
5. Parafiniň ýapyşmagynyň öňüni alýan dürli himiki goşundylar ulanmak.
Köp ýagdaýlarda emele gelen ýagdaýa laýyklykda usullary goşup hem
ulanýarlar.
77
Bir wagt parafiniň garşysyna awtomat deparafinizasion gurluş (ADG) hem
ulanyldy. Birnäçe tegelek görnüşli pyçaklar (bir näçe skrebka) parafin çökmesiniň
başlan çuňlugyna sallanýar. Soň bolsa awtomatlaşdyrylyp dolandyrylýan lebýodka
bilen ol üste çykarylýar. Galma we sallama wagt interwaly, elektromotor lebýodkany
dolandyrýan awtomat wagt rels kömegi bilen sazlanýar. Skrebkalar çuňluk manometr
sallanýan lubrikatordan sallanýar.
ADG gurluşlar Tatarstanda aýnalanan ýa-da emallanan turbalaryň çykmagy
bilen ulanyşdan galdylar. Ýöne bu turbalar hem parafin çökmegini doly ortadan
aýyryp bilmediler. Olaryň muftalaryna (aýnalanmadyk) çökme bölüp geçýär. Olaryň
göçürilmesinde (transportirowkasynda) we guýa sallanmasynda aýna örtügi
zaýalanýar.
Häzirki döwürde turbanyň ýüzüniň gidrofilizasiýesine esaslanan himiki
usullary ulanmak üçin barlag işleri alnyp barylýar. Turbanyň içki örtüginde himiki
reagentiň adsorbsiýasy esasynda (we parafin kristalynda) gidrofil plýonkajyk emele
gelýär we ol kristallaryň ýygnanmagyna we köpelmegine päçgel berýär. Reagent
hökmünde suwda erginleşýän hem-de suwda erginleşmeýän (PAW) YAM ulanylýar.
Parafini ýylylyk usul bilen aýyrmak üçin – göçürilýän PPU-3M bug generator
gurluş ylanylýar. Ol awtomobilde ýa-da zynjyrly ulagda oturdylan. Ol 1 tonna/sag
310 oC bur berýär. Bu gurluşy diňe bir çüwdürim turbasy üçin ulanman eýsem
manifold liniýasynda we zyňyjy liniýalarda hem ulanmak bolar. Munuň üçin 1DDP-
4-150 nasos agregady ulanylýar. Bu agregatda 4 gm3/s berijilikli, 20 MPa-da 150 oC
gyzdyrylan nebit berilýär.
Pulsasiýa, NKT-de suwuklyk sütüniniň wagtlaýyn dykyzlygynyň ösmegi,
degazasiýasy we düýp basyşyň ösmegi netijesinde. Çüwdürim guýysyny wagtyndan
öň duryzýar. Halkara giňişliginiň ululygyna görä onda uly göwrüm gaz ýygnanyp
bilýär we pd < pdoý şertde NKT-niň başmagyndan çüwdürim turbasynyň doly
üflenmesine çenli syzyp geçýär. Düýp basyş düşýär. Mundan soň guýy suwuklyk
ýygnamak üçin uzak wagtlap işleýär.
Käbir beýiklikde (başmakdan 30-40 m) kiçijik (birnäçe mm) deşigiň bolmagy,
gazyň başmaga syzdyrylmany NKT-ä gelmegini ýola goýup biler. Ýygnanan gaz
suwuklyk derejesini deşikden aşak düşirenden soň, ol NKT-ä düşüp, wibrasiýa pes
ediler. Eger deşikdäki basyş tapawudy Δp bolsa, onda deşikden aşaky suwuklyk
derejesi a = Δpρg çuňlukda bolar. Bu roly işçi klapan ýerine ýetirýär. Ol ýokary
basyş bolanda ýaý aşagy klapany açyp halkara giňişlikden gazy NKT-ä goýberýär.
Çäge dykylar bilen göreş.
Gelýän akymyňpes tizliginde, esasan hem kiçi düýp we başmak aralyk
interwalda, durnuksyz gatlak ulanylanda düýpde akymyň gelmesini kynlaşdyrýan ýa-
da dolylygyna duryzýan çäge dykysy emele gelýär. Bu ýagdaýy, NKT-niň
başmagyna aşaky perferasion deşige çenli düsirmek ýa-da guýyny suw bilen ýuwyp
çägäni ýokaryk çykarmak arkaly ortadan aýyrýarlar. Guýyny ýuwmak, towyjy nasos
agregat arkaly amala aşyrylýar. Çuňluk çuňlaşdygyça we durnukly gatlaklar
açylmagy bilen bu ýagdaý seýrek duş gelýär, ýöne käbir günorta raýonlarda
(Krasnodar, Baku, Türkmenistan) bular kynçylyklar döredýär.
Duz çökmesi.

78
NKT-niň ýüzünde käbir ýagdaýlarda düýpde duz çökmegi gatlak basyşyny
saklamak niýeti bilen gatlaga süýji suw kowmak netijesinde ýüze çykýar.
Duzlaryň düzüminiň esasy düzümi gips. Duzyň düşüp galmasynyň sebäbi
gatlak suwunyň süýji suw bilen garylmasy esasynda termodinamiki şertiniň
bozulmasydyr. Süýji suw kowylmagy zerarly emele gelýän gips çökündileri
dolylygyna öwrenilmedi. Olaryň strukturasy, çökündiniň düzümi we şert dürli
känlerde dürlidir. Şonuň üçin onuň bilen göreş usullary hem dürlidir. Olaryň esasy
bolsa himiki usuldyr, ýagny dürli reagentler ulanmak. Duz çökündileri diňe
çüwdürim turbalarynda çökmän, nebit ýygnama we taýýarlama ulgamynda hem
çöküp biler. Duz düzümine we çökme intensiwligine baglylykda dürli ingibitorlar
ulanylýar. Ingibitorlary 1 m3 gatlak suwuklygyna birnäçe gramm goşýarlar.
Ingibitorlar kalsiýanyň ergin ionda çökermän saklap bilýär. çökmegiň öňüni almak
üçin guýa kowyljak suwy gatlak suwy bilen barlap görýärler we goýbermeden öň
ingibitor goşulýar.

20-nji sapak
Tema. Guýyny ulanmagyň gazlift usuly.
Soraglar:
1. Gazlift ulanmagyň umumy prinsipi.

Gazlift ulanmagyň umumy prinsipi


Gazlift guýy – bu şol çüwdürim guýysy ýaly, ýöne bu ýerde ýetmeýän
suwuklygyň gazsyzlanmasy, gaz ýörite kanal arkaly ýokardan goşmaga berilýär
(IX.1-nji surat). Turba sütün 1 arkaly ýokardan 2 başmaga gaz berilýär, soň bolsa
suwuklyk bilen garylyp GSG emele gelip 3 göteriji turba bilen ýokaryk çykarylýar.
Berilýän gaz gatlak suwuklygyndan bölünip çykýan gaza goşulýar. Bu garylma
netijesinde onuň dykyzlygy, düýpde bar bolan basyşyň ýokaryk galdyryp bilmegine
ýol açýar. GSG-ň wertikal turbalaryndaky teoriýasy üçin kesgitlemeleriň hemmesi,
gazlift usulda guýyny ulanmak üçin geçerlidir.
Gazy göteriji turba (başmaga) berme nokady suwuklyk derejesinden h ululyk
aşakdadyr; gazy berilme nokadynda onuň p1 basyşy h çümmä proporsionaldyr we
onuň bilen p1 = hρg deňlik bilen baglydyr. Berilýän gazyň üstde ölçenen basyşy p i
işçi basyşydyr. Ol p1 başmakdaky basyş bilen deňdir we ondan Δp1 gaz sütüniň
79
gidrostatiki basyş we Δp2 sürtülmede basyş ýitgisiň tapawutlydyr. Δp1, p1 aşaky
basyşy ulaldýar we p2 kiçeldýär. Seýlelikde:
p1 = pi + Δp1 – Δp2
ýa-da
pi = p1 – Δp1 + Δp2 (1)
Real guýularda Δp1, p1-ň birnäçe göteriminidir ýa-da ondan hem kiçidir. Şonuň
üçin işçi basyş pi we başmakdaky p1 bir-birinden az tapawutlanýar. Şeýlelikde işleýän
gazlift guýynyň düýp basyşyny üst işçi basyşyna görä kesgitlemek galýar.
Bu gazlift guýyny derňeme prosedurasyny ýeňilleşdirýär we onuň işini
sazlamany we optimal düzgüni goýman aňlatlaşdyrýar. Energiýasyny ulanmak
maksady bilen guýa gaz goýberlende ol guýa gazlift diýilýär. Eger howa goýberilýän
bolsa – erlift.
Howa ulanylanda NKT-de durnukly emulsiýa emele gelýär. Ony aýyrmak üçin
ýörite işler (YAM, ýylylyk) geçirmeli. Seperasiýada ýokarda bölünip çykýan gaz
howa garyş ýangyn nukdaý-nazaryndan howply hasaplanylýar. Ol belli bir
gatnaşykda ýarym partlaýjy garym emele getirýär. Munuň öňüni almak üçin
seperasiýadan soň atmosfera goýbermezden öň gaýtadan işleýär.
Uglewodorod gazy ulanmakda emulsiýa emele gelse-de ol gaty bir durnukly
bolmany, ony gymmat enjam ulanmany gaýtadan işläp arassa kondision nebit
alynýar. Munuň sebäbi ulanylýan uglewodorod gazda kislorodyň ýoklugy ýa-da onuň
gaty azdygydyr. Howadaky kislorod okislenme prosesine täsir edýär we suwuň
globullarynda durnukly daş örtük emele getirýär. Işlenilen gaz seperasiýadan soň
onuň ýarylma howpy bolany üçin ýörite ýygnaýja ýygnalyp utilizasiýa edilýär.
Gazlift guýusynda seperirlenen gaz NKT-de hereket edende ol (nebitden) benzin
fraksiýalary bilen baýlaşýar. Bu gazy gazbenzin zawodlarda gaýtadan işlenende
durnuksyz benzin we başga gymmatly önüm alynýar. Nebit bolsa durnuklaşyp,
transportirowkada we saklanmada bugarmasy azalýar.

1-nji surat. Gazliftiň prinsipial shemasy.

80
Gaýtadan işlenen (gazbenzin zawodda) gaz gerek basyşda gysylyp ýene-de
promyselde ulanylýar.
Şeýlelikde gazlift, erlifte görä käni rasional ulanmaga mümkinçilik berýär.
Erliftiň amatly ýeri onuň işçi agenti howanyň çäksiz çeşmesidir. Real gazlift guýular,
1-nji suratdaky ýaly shemada bolmaýarlar. Sebäbi, başmakda berk birleşdirilen iki
parallel hatar turbany sallamak mümkin däl. Bu shema diňe gazliftiň işleýiş prinsipini
düşündirmek üçin görkezilen.
Gazlift guýudan ulanmak üçin 4-10 MPa basyşa çenli gysylan uglewodorod
gaz ulanylýar. Gysylan gazyň çeşmesi hökmünde ýörite kompressor stansiýalar ýa-da
kompressor gaz gaýtadan işleýji zawodlar ulanylýar. Bu sistema kompressor gazlift
ulanmak diýilýär. Eger gazlift üçin arassa gaz ýa-da gazkondensat känden alynýan
tebigy gaz ulanylsa, onda kompressorsyz gazlift diýilýär.
Kompressorsyz gazliftde, tebigy gaz gazlift guýulara çenli transportirowka
edilip adatça ýörite gurluşlarda kondensat we çyglylygy aýrylýar. Bu işler guýulara
bölünmänkä edilip bilner. Artykmaç basyş gazy drosselleme arkaly birnäçe ştuserden
geçirilip peseldilýär. Ýene-de gazlift ulanmagyň guýy içinde gazlift diýlip
atlandyrylýan sistemasy hem bar. Bu ýagdaýda gysylan gaz çeşmesi hökmünde
nebitli gatlagyň ýokarsynda ýa-da aşagynda ýerleşen gazly gatlak hereket edýär. Iki
gatlak hem umumy filtr bilen açylýar.
Bu ýagdaýda gazly gatlak bilen nebitli gatlak bir ýa-da iki paker arkaly bir-
birinden izolirlenýär (ýokarda we aşakda) we NKT-ä gelýän gazy turba arkaly ştuser
gurluşa berilip gerek berilmeli gaz sazlanýar.
Guýy içinde gazliftde gazy gaýtadan işlemek gerek bolmaýar, bu bolsa
gazliftiň işini sazlamakda kynçylyklara getirýär. Bu usul Týumen welaýatynyň
känlerinde amatly ulanylanda, ol ýerde nebitli gatlagyň üstünde ýeterlikli basyşly
gaz gory bar.

21-nji sapak
Tema. Gazlift göterijileriň konstruksiýasy.
Soraglar:
1. Gazlift göterijileriň konstruksiýasy.

Gazlift guýynyň işlemegi üçin gerek bolan iki kanaly, iki hatar turba bilen,
ýagny guýa birinji daşky (uly diametrli) we ikinji içki (kiçi diametrli) turba sallamak
arkaly amala aşyrylýar. Daşkynyň diametri – 73-102 mm, içkiniňki – 48, 60, 73 mm.
Şeýlelikde gysylan gaz bularyň arasyndaky giňişlikden berlip, GSG bolsa içki
turbadan ýokaryk galýar (2, a-nji surat). Adatça birinji turba perferasiýa interwalyna
çenli düşürilýär, ikinjisi bolsa dinamiki derejä çenli. Iki hatar göterijili gazlift
guýularynda dinamiki dereje oturtma sütün we birinji hatar arasyndaky giňişlikde
emele gelýär. Eger halkaralyk ýapyk bolsa we ol ýerde käbir gaz basyşy bar bolsa,
onda hakyky ýagny işçi basyş hem gazyň daşky halkara giňişligindäki gidrostatiki
basyşyna we derejä çümmä goşular: p1 = h’ρg + p3,
ýa-da

81
(2)

2-nji surat.Gazlift göterijileriň konstruksiýasynyň shemasy: a-iki hatar göteriji; b-


birýarym hatar göteriji; w-ýeke göteriji; g-işçi deşikli ýeke göteriji.

Iki hatar göterijiler öň köp ulanylýardy, esasan-da guýudan çäge gelip, ony
ýokaryk çykarmaly bolanda. Çykýan akymyň tizligi birinji turbada, ikinjä (oturtma
sütün) garanyňdan ýokary. Şonuň üçin birinji hataryň başmagy adatça düýbe çenli
düşürilýär. Bu ýagdaýda dinamiki derejäniň üýtgemegine we başga sebäplere görä
ikinji hatary aşak goýberilişi üýtgäp biler. Bu ýagdaýda birinji üýtgemeýär. Ýöne iki
hatar göteriji üçin metal köp gerek bolany üçin ol gymmat. Eger oturtma sütün
germetizasiýany ýitirse, şonda ol iň amatly we özüni ödeýän deňsiz usul bolýar. Iki
hatar göterijiniň bir görnüşi hökmünde (2, b-nji surat) birýarym hatarlylar (turba üçin
metall tygşytlamak üçin birinji hatar turbanyň guýryk bölegi bar) hem bar. Bu
konstruksiýanyň metallylygyny azaldýar, galýan akymyň tizligini ýokarlandyrýar,
ýöne aşak çümme operasiýasyny kynlaşdyrýar. Az metally ýeke hatarly göterijiniň
shemasy 2-nji, w suratda görkezilen. Bu ýerde gaz halkara giňişlikden berilýär we
debite we guýynyň tehniki hem ulanyş şertine görä saýlanan diametrli turba arkaly
(bir hatar) GSG ýokaryk galýar. Suwuklygyň hakyky derejesi göteriji turbanyň
başmagynda bolýar. Dereje ondan ýokary bolup bilmeýär, sebäbi bu ýagdaýda gaz
NKT-ä akmaz. Dereje ondan aşak hem bolup bilmeýär, sebäbi bu ýagdaýda suwuklyk
NKT-ä akmaz. Ýöne guýynyň pulslenýän iş düzgüninde suwuklyk derejesi başmakda
oýnaýar we kä halatda ony ýapýar.
Dinamiki derejesiniň ýagdaýy p1 işçi basyş bilen kesgitlenýär. p1 – suwuklygyň
sütüniniň beýikligine görä hasaplanýar (2-nji, w surat). 2-nji, w suratda guýa
berkidilen pýezometr görkezilen. Bu pýezometrde hakyky işçi basyşa görä hakyky
dinamiki dereje görkezilýär. Bir hatar göterijiniň ýetmezligi onda düýp we başmak
aralykda gelýän akymyň tizliginiň pesligidir. Onuň çuňluga goýberilmesi gazyň işçi
basyşyna we önümçilik koeffisiýentine görä amala aşyrylýar.
Işçi deşikli göteriji hem bar (2-nji, g surat). Gerek diametrli bir hatar turba
zaboýa çenli düşürilýär (ýa-da perforasiýanyň ýokarky deşigine çenli), ýöne hasap
çuňlugyna, ýagny başmagyň bolmaly ýerine 5-8 mm diametrli iki deşikli mufta
oturdylýar. Deşigiň kesigi hasap boýunça gerek gazy 0,1-0,15 MPa basyş
tapawudynda (deşigiň ýanynda) goýberip bilmeli. Deşigiň ýanyndaky basyş
82
tapawudy suwuk derejesini deşikden aşakda 10-15 m saklaýar we gazyň turba
düşmegini deň sazlaýar. Işçi deşikli (ýa-da muftaly) bir hatar göteriji gelýän akymyň
tizligini ýokarlandyrýar, az metally, ýöne çuňlugy ýitgetmeli bolanynda turba sütüni
götermeli bolýar. Hyýaly dinamiki dereje we çuňluga goýberme işçi deşikdäki işçi
gazyň basyşyna görä we suwuklyk sütünine laýyklykda kesgitlenilýär. 60-73 mm
turbalar ulanylýan ýeke hatar göterijilerde halkara giňişlik uly bolýar. Ol aralyklar
häzirki zamanda ulanylýan klapanlar ulanylanda uly rol oýnaýarlar. Bir hatar
göterijide işçi deşikli muftanyň ýerine gaz geçende hemişelik 0,1-0,15 MPa başyşyny
saklaýan soňlaýjy işçi klapan ulanylýar we suwuklyk derejesini klapandan aşakda
saklaýar. Bu klapan ýörite muftanyň daşyna kebişirlenýär. Onuň gerek basyşy we gaz
harjyny sazlamak üçin ýaý sazlaýjysy bar. Bu klapan ýene-de guýyny ýuwylanda ters
ýapylýan şarik klapan bilen hem enjamlaşdyrylýar (3-nji surat).

83
3-nji surat.Soňlaýjy klapanyň prinsipial 4-nji surat. Gazlift guýy işe
shemasy: 1-konus şekilli klapan; 2-işçi goýberilendäki suwuklyk
deşik; 3-ýaýyň çekilişini sazlaýjy golowka; derejesiniň ýagdaýy.
4-guýyny ýuwmak üçin şarikli klapan.

Bu ýerde belläp geçmeli zat gazlift konstruksiýasynyň islendigi iki shemada


işläp biler. Bur ýagdaýda gaz halkara giňişlige berilip, GSG bolsa merkezi sütünde
hereket edýär. Bu adaty shema (2-nji a, b, w, g surat) we halkaly ady berilýär, sebäbi
gaz halkara giňişlige yştylýar. Beýleki ýagdaýda gaz merkezi sütüne berilip GSG
bolsa halkara giňişlikden hereket edýär. Muňa merkezi shema diýilýär, sebäbi gaz
merkezi sütüne berilýär. Adatça hemme gazlift guýular halkalaýyn shema boýunça
işleýär.

22-nji sapak
Tema. Ştangaly nasos bilen guýyny ulanmak.
Soraglar:
1. Ştangaly nasos gurluşyň umumy shemasy, onuň elementleri we
niýetlenişleri.
Ştangaly nasos gurluşyň umumy shemasy, onuň elementleri we
niýetlenişleri
Ştangaly nasos gurluş (X.1-nji surat) ýerüsti we ýerasty enjamlardan ybaratdyr.
Ýerasty enjamlar: silindriň aşak ýanynda 1 soryjy (oýnamaýan) klapan we porşen-
plunžeriň ýokarysynda 2 kowyjy (oýnaýan) klapan we ştangaly guýy nasosy (ŞGN),
nasos ştangalary 3 we turbalar.
84
1-nji surat. ŞNG-ň umumy shemasy.

Bulardan başga-da ýerasty enjamlar dürli goranyş gurlyşlary (gaz we çäge


ýakorlary, hwostowikler) öz içine alyp bilýärler, olar ŞGN-ň kabul ediş patrubkasyna
birleşdirilýär we kynçylykly şertlerde onuň işini gowylaşdyrýarlar.
Ýerüsti enjamlara: kaçalka-stanogy (KS), ol 9 el.dwigatelden, 7 kriwoşipden, 8
şatundan, 6 balansirden, üst salnik 5-den, üst birleşik we troýnik 4-den ybarat.
Kaçalka-stanogy ştangalara gitme-gelme hereketini berýär, ol hereket
sinusoidala ýakyn KS berk kanat podweskaly bolup, ol polirowkalanan ştogyň
ýakorsy bilen birikmek (onuň dowamy bolmak) üçin niýetlenen, şundan başga-da
balansiriň aýrylýan ýa-da aýlanýan golowkasy hem bar, ol ýerasty abatlaýyş işler
geçirilende sallama-galdyrma mehanizmleriň (talewoý blok, krýuk, elewator)
päcgelçiliksiz geçmesi üçin niýetlenendir.
Balansir kese okda aýlanýar (sallanýar). Ok bolsa podşipnikler bilen berkidilen
we iki massiw kriwoşip 7 bilen iki 8 şatunyň kömegi bilen birleşýär, olar reduktoryň
iki tarapynda ýerleşen. Oýnaýan agyrlyga garşyly kriwoşipler, reduktoryň baş
walynyň aýlanma okuna görä belli bir aralykda kriwoşipiň ugry boýunça hereket edip
(oýnap) bilýar. Agyrlyga garşylyklar KS-i deňagramlaşdyrmak üçin niýetlenendir.
Hemişelik geçirijili sanly, ýagdoly, germetizirlenen reduktoryň transmission
waly bar. Onuň bir tarapynda transmission şkif, 9 el.dwigateliň kiçi şkiwi bilen
klinoremen (klinogaýyş) geçiriji bilen birleşen.
Transmission walyň beýleki gapdalynda tormoz barabany ýerleşen. Balansiriň
daýanç podşipnigi demir gazyk – piramidada berkidilen.
KS-niň ähli elementleri – piramida, reduktor, el.dwigatel – bir ramada
berkidilip, ol hem beton fundamentde berkidilýär. Mundan başga-da ähli KS-lar
85
tormoz gurluşlary bilen üpjündir. Ol gurluş, balansiri we kriwoşibi gerek ýagdaýda
saklap bilmek üçin niýetlenendir. Şatun we kriwoşip sepleşme nokady aýlaw
merkezine görä öz aralygyny üýtgedip bilýär, bu ýagdaý kriwoşip barmajyklaryny
haýsydyr bir deşige goýmak (gysmak) arkaly amala aşyrylýar. Munuň kömegi bilen
balansiriň oýnamagynyň aýlow uzynlygyny üýtgedýäris.
Reduktorda hemişelik geçiriji san bolany üçin, oýnama (aýlanma) ýygylygy
üýtgetme, klinoremen transmissiýanyň geçiriji sanyny üýtgetmek we el.dwigateliň
walynyň şkiwiniň uly ýa-da kiçä diametre çalyşmak arkaly amala aşyrylýar.
Senagatda KS-niň dürli görnüşleri we ulylyklary çykarylýar, balansir
golowkasynyň ýük göterijiligi 10-dan 200 kn çenli, muňa degişlilikde guýynyň
çuňlugy we debiti babatynda giň diapazon açylar.
KS-niň görnüşi – ulylygy we esasy parametrleri Döwlet standarty arkaly
sazlanýar.
Ştangaly guýy nasosy (ŞGN) haýsydyr haýsydyr bir konstruksiýaly uzyn (2-4
m) silindrden durýar. Silindriň aşaky böleginde gozganmaýan (oýnamaýan) soryjy
klapan ýerleşen, ol ýokary hereketde açylýar. Silindr trubalarda asylýar. Onda
porşen-plunžer hereket edýär, ol bolsa uzyn (1-1,5 m) tekiz işlenen turba şekilli bolup
kowyjy klapany bar, ol hem ýokaryk açylýar. Plunžer ştangalarda asylýar. Plunžer
ýokary hereket edelinde suwuklyk nasosyň girelgesindäki basyş täsiri bilen soryjy
klapan arkaly silindriň içki boşlugyny doldyrýar. Plunžer aşak hereket edeninde
soryjy klapan ýapylýar, plunžeriň aşagyndaky suwuklyk gysylýar we kowyjy klapany
açýar. Şeýlelikde açyk klapany plunžer suwuklygy çümýär. Indiki ýokary hereketde
kowyjy klapan suwuklyk basyşy astynda plunžeriň üstünde ýerleşip, ýapylýar.
Plunžer porşene öwrülip suwuklygy hereket uzynlygyna (0,6-6 m) galdyrýar.
Plunžeriň üstünde ýygnanýan suwuklyk üste ýetip troýnik arkaly nebit ýygnanma
nokadyna barýar.

23-nji sapak
Tema. ŞGN-nyň berijiligi we berijilik koeffisiýenti.
Soraglar:
1. ŞGN-nyň berijiligi we berijilik koeffisiýenti.

Plunžer, onuň hereket ulylygyna Sp, ýokaryk hereket edeninde suwuklyk


göwrümi gysyp süýşürilýär
q1 = Sp(F – f)
bu ýerde F – plunžeriň kese-kesiginiň meýdany (ýa-da nasos silindrniň); f –
ştangalaryň kese-kesiginiň meýdany.
Plunžer aşak şol Sp ululyga hereket edeninde goşmaça suwuklyk göwrümi
gysyp süýşirilýär, ol
86
q2 = Spf.
Plunžeriň doly (iki) herekedinde nasosyň berijiligi ýokary we aşak hereketler
jemine deň
q = q1 + q2 = Sp(F – f) + Spf = FSp.
Eger plunžer minutda n hereket edýän bolsa, onda minutlyk berijilik (qn)-e deň
bolýar. Minut sanyna gije-gündizi köpeldip, gije-gündizlik berijiligi göwrüm
birliginde alarys
Q = FSpn60-24 = 1440FSpn. (1)
Plunžer bilen ştanga asygynyň nokady arasynda, ýagny balansir golowkasy
bilen aralykda, plunžere barma-gelme hereketi berilýän ýerde, ştangalaryň uzyn
kolonnasy bar, oňa maýyşgak steržen hökmünde seretmek gerek. Şonuň üçin plunžer
herekedini we amplituda boýunça, ýa-da faza boýunça asgy nokadynyň hereketi bilen
laýyk (deň) gelmeýär. Başga söz bilen aýdylanda plunžeriň hereketi Sp, S asgy
nokadynyň herekedine deň däl. Plunžeriň hakyky hereketi göni ölçemä girmeýär.
Asgy nokadynyň hereketi ölçenýär we KS-nyň pasport häsiýetnamasyndan hem belli
bolýar.
Şonuň üçin (1) formula Sp ýerine S goýulýar, bu ýagdaýda ŞGN-nyň teoretiki
berijiligi ýüze çykýar (emele gelýär)
Qt = 1440 FSp (2)
Ýer ýüzünde, separasiýadan we nebit sowanyndan soň ölçenen hakyky berijilik
Q teoretikadan az (kiçi) (wagtal-wagtal fontanlaýan guýulardan başga), munyň
birnäçe sebäbi bar. Qd-ň Qt gatnaşygyna nasosyň berijiligi koeffisiýenti diýilýär. Ol
ŞGN-na otrisatel täsir edýän ähli faktorlary göz öňünde tutýar. Şeýlelikde berijilik
koeffisiýenti
η = Qd/Qt (3)
Her guýy üçin η ululyk, enjamlaryň we gurluşyň iş düzgüniniň dogry
saýlanandygyny gýär. Eger η ≥ 0,6-0,65 bolsa ol adaty (normal) hasaplanylýar. Ýöne
käbir halatlarda (uly gaz faktor, pes dinamiki dereje), bu berijilik koeffisiýentini hem
alyp bolmaýar wagtynda hem suwuklygy ŞGN bilen çykarmak iň amatly ulanyş
usuly bolup galýar.
ŞGN-nyň berijilik koeffisiýentine hemişelik we üýtgeýän faktorlar täsir edýär.
Hemişelik faktorlar:
- alynýan garymda erkin gaz täsiri;
- plunžeriň peýdaly hereketiniň, ştanganyň asylma nokadynyň hereketine
görä, nasos ştangalaryň we trubalaryň maýyşgak deformasiýasy esasynda
peselmegi;
- alynýan suwuklygyň göwrüminiň, onuň ýokarda sowamagy we seperasion
gurluşlarda degazasiýa geçmegi esasynda kiçelmegi;
Ýütgeýän faktorlar:
- silindr we plunžer aralygynda syzma, ol nasosyň işçi ukybyny ýitirmegine
we alynýan suwuklyk düzümindäki abraziw elementleriň barlygyna bagly;
- çalt ýapylyp açylmaýany üçin we esasan hem işçi ukybyň ýitip we
korroziýa (poslama) sebäpli nasos klapanlarynda syzma;
- NKT-niň birleşme muftasynyň hemme ýitgeşik ýüze sezewar bolany üçin
onuň syzdyrmasy.
87
Üýtgeýän faktorlary dürli syzmalarda sypatlandyryp, olar wagt boýunça
üýtgeýär we şonuň üçin ony hasaplama arkaly kesgitlemek kyn, plunžer we silindr
aralygyndan syzmadan başgasyny. Bu diýilmeklik, guýa täze düşürilen nasosyň
berijilik koeffisiýanti η işiň başynda plunžeriň işlenmesi sebäpli peselýär, soň
durnuklaşýar we uzak wagtlap hemişelik bolup galýar. Soň ol progressiwleşýän
klapanyň ukybyny ýitirmesi, silindr we plunžer aralygyň ulalmagy netijesinde göz-
götere peselýär. Şular ýaly hem onuň düşmesi, nasosyň wtulkasynyň süýşmesi,
muftalarda açylma we dykyzlygyň ýitmesi netijesinde ýüze çykýar.
Şeýlelikde nasosyň netijedäki berijilik koeffisiýentini, berijilige täsir diýip göz
öňüne getirip bileris.
η = η1η2η3η4 (4)
bu ýerde η1 – erkin gazyň täsirini hasaba alýan nasosyň silindriň suwuklyk bilen
dolma koeffisiýenti; η2 – plunžer hereketiniň kiçelmesiniň täsirli hasaba alýan
koeffisiýent; η3 – nasos işlände öňüni alyp bolmaýan syzmalary hasaba alýan syzma
koeffisiýent; η4 – suwuklyk ýokarky gaplara ýeteninde göwrümini kiçeltmesini
hasaba alýan kiçelme koeffisiýent.

24-nji sapak
Tema. ŞGN-nyň berijiligini peseldýän faktorlar.
Soraglar:
1. ŞGN-nyň berijiligini peseldýän faktorlar.
2. Gaz täsiri.

Gaz täsiri. Alynýan suwuklykdaky gazyň täsiri nasos silindrniň dolma


koeffisiýenti arkaly hasaba alynýar. Ol nasosa gelen suwuklygyň göwrümi V s-ň, Vs
we erkin gaz göwrümi Vg-ň jemi Vsm gatnaşygyna deň
, (5)
bu ýerde R – nasosyň girelgesinde Tget we Pget-de gaz faktory.
88
(5) formula gazly suwuklyk alnanda ŞGN-de erbet boşlugyň barlylygyny we
onuň dolma koeffisiýentine täsirini hasaba almaýar. Şol sebäpden (5) ýokary η’ 1
berýär. ŞGN-nyň erbet boşlugy diýip – plunžeriň soňky aşaky ýagdaýda nasosyň
sorma we kowma klapanlarynyň arasyndaky göwrüme aýdylýar. Plunžer aşak hereket
edeninde onuň aşagyndaky gaz suwuklyk garym plunžeriň ýokarsyndaky basyşyna
deň basyşda gysylýar.
Gaz, erbet boşlukdaky suwuklykda ereýär. Hereket ýokary bolanynda
plunžeriň aşagyndaky basyş nasosyň girelgesindäki bilen deňleşýär (peselýär).
Ereýän gaz aýrylyp, basyş girişdäki basyşa çenli düşýänçä soryjy klapanyň
açylmagyny saklaýar. Netijede plunžeriň aşagyna az garym girýär.
A.S.Wirnowskiý dolma koeffisiýent üçin nasosyň erbet boşlugyny hasaba
alýan başga formula hödürlenýär:
(6)

(6) formulany çykaraly. Belläli: Vs – plunžer ýokary hereket edenindäki


göwrüm; Ver – erbet boşluk göwrüm; k – Ver/Vs – Vs-da erbet boşluk paýy; V = Vs +
Ver = Vs + Vg – plunžer soňky ýokary ýagdaýynda onuň aşagyndaky umumy göwrüm.
Ýöne Vg = RVs, onda Vs + Ver = Vs + RVs, onda
(7)
Plunžeriň indiki ýokary hereketde nasosa gelen suwuklyk göwrümi, başdaky
göwrümden (Vs-den) erbet boşlukdaky göwrüm Ver ululykda kiçi bolar. Onda

Onda dolma koeffisiýent

k = Ver/Vs aňlatma girizip we algebraik operasiýa geçirip


(8)
(8) formula dolma koeffisiýentini düşük (kiçi) berýär, sebäbi bu ýerde gaz
çykmagy (aýrylmagy) we eremegi erbet boşlukda dessine amala aşýar diýen düşünjä
esaslanýar.
Nasosyň dolma koeffisiýentini kesgitlemegiň bir näçe formulasy belli. Ýöne
olaryň hemmesi diýen ýaly η1 aňlatmasyny η’1 we η”1 aralykda berýär. Şonuň üçin
onuň has anyk we orta aňlatmasy (5) we (8) arkaly ýagny:
(9)
R ululyk ýer üstündäki gaz faktor Go arkaly kesgitlenilip bilner (nebit doly gaz
syzlanandan soň). Eger Go-dan nasos girelgesiniň şertinde nebitde erän gaz
göwrümini Vget aýyrsak we ol tapawudy girelgeniň termodinamiki şertine getirsek,
onda gaz ýagdaýy kanunyny ulanyp:
(10)

89
bu ýerde Zget – nasos girelge şerti üçin uglewodorod gazyň udeal gazdan boýun
çagyrmasyny hasaba alýan koeffisiýent.
Vget ululygy nebiti gazlandyryp laborator şertlerde PVT gurluşlar arkaly
kesgitläp bolar. Eger bu şertler we maglumatlar ýok halatynda, ony α gazyň
erginleşme
koeffisiýenti we nasos girelgesindäki basyş Pget arkaly kesgitläp bolar
Vget = α(Pget – Po). (11)
Adatça Go-ny 1 t nebite, ýa-da 1 m nebite görä alynýar. Bu ýagdaýda 1 m3
3

üçin ulanylýar.
(5) we (9) hasaplamalar üçin R ululygy bilmeli, ol 1 m 3 suwuklyk üçindir, eger
guýuda suw bar bolsa.
Bilşimiz ýaly gazlaryň suwda eremegi nebitlerdäki garanyndan az. Alynýan
garymdaky suwdüzümi n bilen paý birliginde belläp:
Vs = Vsuwn; Vn = Vsuw(1 – n);

(12)

(12) formulada Vs we Vn aňlatmalary goýup we R = Vg/Vn belläp

(13)

bu ýerde Rsuw, R – nasos girelgesinde 1 m3 suwuklyga ýa-da nebite görä alnan gaz
faktor.
Suwuklyk bilen bile oturtma sütün boýunça galýan ähli erkin gazlar nasosa
düşmeýär. Gaz köpürjikleriň bir bölegi, ýagny oturtma sütün diwary ýakylynda
hereket edýänleri guýynyň halkaara giňişliginde geçýär we nasos girelgesinde
bölekleýin gaz seperasiýasyna emele getirýär. Halkaara giňişlikden geçýän gaz
göwrümi Vhal-yň, oturtma sütüne gelýän ähli gazyň göwrümine. V k bolan
gatnaşygyna nasos girelgesinde gaz seperasiýa koeffisiýenti diýilýär.
m = Vh/Vk
Işleýän nasos guýularynda Vh-ny halkaaradan çykýan gaz harjyny ölçemek
arkaly kesgitlemek bolar, onda doly gaz harjy
Vk = Vh + Vn
bu ýerde Vn – nasos turbalaryndan gelýän gaz harjy. Onda
m = Vh/(Vh + Vn)
Sanawjy we maýdolawjyny nebit boýunça debite qn bölüp, sanowjyda halkara
gaz faktor Gh, maýdolawjyda bolsa Gh we turbadaky gaz faktor Gt jemini alarys, ýa-
da:
m = Gh/(Gh + Gt) = Gh/Go (14)
Go – standart şertde 1 m haryt nebit üçin doly gaz faktor.
3

Nasos girelgesinde gaz seperasiýasyny we nebit göwrüminiň ulalýandygyna


göz öňünde tutup (13)-i:
(15)

90
(15)-e R aňlatmasyny (10-dan) goýup
(16)
Bu hasos girelgesinde gaz faktor kesgitlemegiň ahyrky formulasydyr we bu
arkaly nasos dolma koeffisiýenti kesgitläp bolar.
ŞGNG taslamasy düzülende m ululygy öňden hasaplamaly. Ýöne ony
kesgitlemek kyn sebäbi ol halkara giňişlik kese kesiginiň meýdany we ŞGN-nyň
kabul ediji patrubkasynyň kese kesiginiň meýdanlarynyň gatnaşygyna, debite we
suwuklyk şepbeşikligine, kabul etme şertinde erkin gazyň dispersligine, gaz
köpürjikleriň çykma tizligine, soryjy enjamyň konstruksiýasy we geometriki
gurluşyna bagly.
m kesgitlemek üçin birnäçe formula bar. Meselem Repin N.N hödürleýän
seperasiýa koeffisiýenti kesgitlemek formulasy aşakdaky ýaly

(17)

bu ýerde fh – halkaranyň kese-kesiginiň meýdany; F – oturtma sütüniň kese-kesiginiň


meýdany; q – suwuklyk harjy; C – gaz köpürjikleriň çykma tizligi (C = 0,08-0,25
m/s, şepbik suwuklyk üçin kiçi, ulylyk, az şepbik üçin uly hödürlenýär); ρ sm/ρ –
nasos girelgesinde gaz suwuklyk garymyň otnositel dykyzlygy.
Eger q = 0 bolsa, m = f3/F, onda bu ýagdaýdaky ýaly, hakykatda ähli erkin gaz
halkaralyga gitmeli we m 1-e öwrüler.
Gaz suwuklyk akymyň nasos girelgesindäki geometrik akymyna esaslanyp,
akym liniýasy sorylanda ony konus şekilli diýlip göz öňüne getirilip bilner. Onuň
daşky diametri dk oturtma sütüniň içki diametri D-den ¼ esse kiçi

иu ýerde d – nasosyň kabul ediji patrubkasynyň daşky diametri.


Şeýlelikde seperirlenýän gaz f meýdanly halka yşdan kolonna diwarlary
boýunça giňişlige gidýär we kabul ediji nasosyň girelgesinde umumy gazyň harjy bu
meýdana proporsional paýlanýar, m = f/F, bu ýerde F – oturtma sütüniň kese-
kesiginiň meýdany.
Meýdanlary diametrde aňladyp:

(18)

ýa-da m1 = 0,2344 – 0,2187(d/D) – 0,0156(d/D)2 m1-ny bu aňlatmasy nasos


girelgesine yzygiderli gaz suwuklyk akym bolanda geçerlidir.
ŞGN-da sorma diňe plunžer ýokary hereket edeninde amala aşýar. Ol aşak
hereket edeninde gaz doly halkara giňişlige seperirlenýär, şonuň üçin m
aňlatmasynyň ortalyk bahasy, doly siklde iki esse diýlip hasaplamaly

91
m = 2m1 = 0,4687 – 0,4374(d/D) – 0,0312(d/D)2. (19)

25-nji sapak
Tema. ŞGN-nyň berijiligini peseldýän faktorlar (dowamy).
Soraglar:
1. ŞGN-nyň berijiligini peseldýän faktorlar.
2. Plunžeriň hereketiniň ýitgisiniň täsiri.
3. Syzmanyň täsiri.

Plunžeriň hereketiniň ýitgisiniň täsiri.


Nasosyň teoretiki berijiliginiň S – ştangalaryň asma nokadynyň hereket
uzyklygyndan kesgitlenýäni sebäpli plunžeriň S-e görä islendik hereketiniň
azalmagy göniden-göni nasosyň berijiligine täsir edýär. Onda
(20)
bu ýerde Sp – nasosyň silindrine görä plunžeriň hakyky hereketi; λ – ştangalaryň we
turbalaryň maýyşgak deformasiýasy hasabynda plunžer hereketiniň ýitgisi.
Bu ýitgi – ştanga ýokary hereket edeninde plunžeriň üstündäki we aşagyndaky
basyş tapawudyndaky plunžeriň kese-kesiginiň meýdanynyň önümine deň güýç
esasynda sozulýar. Sebäbi ýokary hereketde kowyjy klapan ýapyk. Şonuň bilen bir
wagtda nasos turbalary gysylýar, sebäbi olara täsir eden (aşak hereketde) güýç ýokary
hereket edeninde turbalardan aýyrylyp ştangalara düşýär. Bu deformasiýalaryň
ululygy Gukyň formulasy bilen kesgitlenilip bilner.
Mundan başga-da sinusoýdan kanuna ýakyn hereket edýän ştangalarda
inersion güýçler ýüze çykýar. Bu güýçler ýokarky hereketsiz nokatda (ÝHN) ýokaryk
ugrykdyrylan, ýagny agyrlyk güýjüniň tersine we şol sebäpden ştangalaryň agyrlyk
güýjini azaldýar. Aşaky hereketsiz nokatda (AHN) inersion güýçler aşak
gönükdirilen we ştangalaryň agyrlyk güýjini ýokarlandyrýar. Bu bolsa goşmaça
gysylma (EHN-de), (AHN-de) ştangalaryň uzalmasyna getirýär we şol sebäpden
plunžeriň peýdaly hereketi silindrde birnäçe artýar. Bu hem K hereket utyş
koeffisiýentinde hasaba alynýar. Düzedişlere laýyklykda η2 hereket ýitgi
koeffisiýenti:
(21)
K we λ kesgitleme usullary aşakda serediler.
Syzmanyň täsiri. Plunžer we nasos silindri aralyk yşdan syzma seredeliň.
Bilşimiz ýaly klapanlarda syzma köp işläp, ukybyny ýitiren nasoslarda duş gelýär,
gowy işleýänlerde bolsa ol ýok. Syzma, plunžer ýokary hereket edeninde suwuklygyň
plunžeriň aşagyna geçmesinden ybarat. Şol sebäpden nasosyň sorma klapanyndan
geçýän suwuklyk göwrümi azalar, sebäbi silindriň bir bölegi eýýäm syzmaň hasabyna
dolan.
Syzmany η3 koeffisiýent arkaly hasaba alýarlar. (3) formula η berijilik
koeffisiýenti goýup, (4)-e laýyklykda η3-e görä hasaplama geçirip

92
(22)
Eger syzma q = 0, onda η3 = 1 we hakyka berijilik Q = Qtη1η2η4. Sebäbi q > 0,
η3 < 1 bolsa Qf = Q – q. Onda
(23)
q – plunžer we nasos silindri aralygyndan syzylýan suwuklyk göwrümi
m /sutka.
3

q-ny kesgitlemek üçin birnäçe usuldyr formulalar hödürlenen, ýöne hersiniň


birnäçe ýetmezçiligi we nätakyklygy sebäpli öz ornyna tapmadykdyr. Plunžer we
silindr aralyk yşa s = πD uzynlykly göni burçly hökmünde seredip bolar, bu ýerde D
– plunžer diametri; silindr we plunžeriň diametrleriniň tapawudynyň ýaryna deň δ inli
we plunžeriň uzynlygyna deň l uzynlykly.
Puazeýliň kanunyna görä şepbik nýuton suwuklygy laminar akymda beýle
yşdan akanda onuň harjy:
(24)
bu ýerde μ – suwuklyk şepbeşikligi, Δp – basyş tapawudy; ŞGN-da Δp = pk – pgir
pk – kowma basyşy; pgir – nasos girelgesindäki basyş.
(24)-i 86400 köpeldip (sutkadaky sekund sany) we s = πD aňlatmany ýerine
goýup
(25)

(26)
Nasosyň kiçi berijiliginde syzma uly has eýe bolup biler. Şol sebäpden hem
plunžer uzynlygy uly edilýär – 1 m we ýokary.
Suwuklygyň (girme) kiçelmesiniň täsiri. ŞGN-dan onuň girelgesindäki P we
T-de belli bir göwrümde nebit we suw geçýär. Haçanda önüm haryt parkyna
baranynda gazsyzlandyrylýar we sowadylýar. Bu nebit bn we suw bs üçin göwrüm
koeffisiýentinde hasaba alynýar.
Göwrüm koeffisiýentler – hemişelik däl ululyklar, olar T, P we erginleşen gaz
mukdaryna görä ýitgeýär.
Promysel laboratoriýalarda ýa-da pudaklaýyn institutlarda b s we bn tejribeler
arkaly kesgitlenilýär we netijeleri tablisa ýa-da grafik arkaly hödürlenilýär.
η4 koeffisiýenti ŞGN-nyň berijiliginiň ýitgisini häsiýetlendirýär, kabul etme
şertden standart şerte geçişde önüm göwrüminiň ýitgemegi netijesinde ony:
(27)
bu ýerde Qn we Qs – standart şertlerde nebit we suw debitleri göwrüm birlikde.
Kesgitlemä görä önümiň göwrüm suwlanmasy
η = Qs/(Qs + Qn)
bu ýerde Qs = (28)
(28)-i (27)-ä goýup we gysgaltmalar geçirip
93
(29)

(28)-den görşimiz ýaly n = 0-da (suw ýok bolanda) η 4 = 1/bn, eger n = 1 (arassa
suw) bolanda η4 = 1/bs.
Adatça Pgir = 1,5-3,0 MPa we tgir = 30-40 oC bn = 1,1-1,5 we bs = 1,005-1,025.
Hakyky aňlatmalary kabul edip n = 0,3 (30 %), bn = 1,15 we bs = 1,02, (29) görä η4 =
0,9.
Şeýlelikde diňe suw we nebitiň kiçelmesi hasabyna ŞGN berijiligi 10 %-e çenli
azalýar.
Suwsyz önüm üçin, η4 = 0,87 kabul edilen şert üçin berijilik düşmesi 13 %-e
çenli bolar.

26-njy sapak
Tema. Ştanga täsir edýän ýüklenmeler we olaryň plunžeriň hereketine
täsiri.
Soraglar:
1. Statiki ýüklenmeleriň täsiri.
2. Dinamiki ýüklenmäniň täsiri.
3. Dinamiki ýüklenme.
4. Sürtülme güýji.

ŞGN gurluşyň iş dinamikasy örän çalşyrymly. Ýöne köp halatlarda onuň işiniň
ýeňilleşdirilen teoriýasy örän amatly netijeleri berýär.
Ýokary hereketde ştangalaryň asylma nokadynda statiki ýüklenmeler P şt ştanga
agramyndan we Psuw suwuklyk sütüni agramyndan ýygnalýar. AHN-da hereket
ugrynyň ýitgemesi netijesinde, maksimal tizlenme ýüze çykanda olara aşak
gönükdirilen Pi inersiýa güýji goşulýar; mundan başga-da sürtülme güýji P sür (aşak
gönükdirilen) täsir edýär. Şeýlelikde ýokary hereket başlanynda ştanga asylma
nokadynda ýuze çykýan maksimal ýüklenme:

Pmax = Pşt + Psuw + Pi + Psür (30)

Aşak hereketde kowma klapan açylýar we plunžeriň ýokarsyndaky we


aşagyndaky basyş deňleşýär. Şol sebäpden suwuklyk sütüniniň berýän ýüklenmesi
ştangalardan aýrylyp turbalara geçýär, sebäbi silindrdäki soryjy klapan aşak
hereketde ýapyk. EHN-da ýüze çykýan inersiýa güýji ýokary ugrykdyrylan. Sürtülme
güýji hem ýokary ugrykdyrylan ýagny hereket ugrynyň tersine gönükdirilen. Şol
sebäpden aşak herekediniň başynda ýüklenme minimal bolýar
Pmin = Pşt – Pi – Psür
94
Pi + Psür güýçleri Pşt + Psuw-nyň azajyk bölegini tutýar. Adatça olar 5-10 %-i
geçmeýär. Şol sebäpden olaryň plunžeriň hereketine täsiri uly däl.
Statiki ýüklenmeleriň täsiri.
Psuw güýçleri ýütgewli kä ştanga (ýokary hereket), kä-de turbalara (aşak
hereket) täsir edýär. Şol sebäpli ýokary hereket edeninde ştangalar λşt ululykda
sozylýar, we ol Gukyň kanuny arkaly kesgitlener.
. (32)
Şunuň bilen bir wagtda Psuw güýçleriň turbadan aýrylmagy netijesinde ol
aşakdaky ululykda kiçeler
(33)
Plunžeriň nasos silindrine görä süýşmesi netijesinde suwuklygy sorma prosesi,
asylma nokady öz ýokary süýşmesi bilen ştanga uzalmasynyň λşt we turba
gysylmasynyň λt öwezini dolandan soň başlar.
Şol sebäpden plunžeriň peýdaly hereketi
Speý = S – (λşt + λt), (34)
λ = λşt + λt . (X.35)
(35)-e λşt we λt aňlatmalary goýup, (32) we (33)-e laýyklykda
(36)
bu ýerde Psuw – plunžere täsir edýän suwuk sütüniň agramy; L – ştanga uzynlygy ýa-
da ŞGN-nyň podweskasynyň çuňlugy; E – Ýungyň moduly; f şt – ştanganyň kese-
kesiginiň meýdany; ft – turbanyň kese-kesiginiň meýdany.
Ýokarky ştangalar has ýokary ýüklenmä sezewar bolýarlar, sebäbi olara ähli
ştangalaryň agramy täsir edýär. Aşakgy ştangalar öz agramyndan ýüklenmäni
duýmarlar. Şeýlelikde ştanga sütüniniň dürli berklik prinsipine salgylanyp, şeýle-de
balansiriň golowkasyna ýüklenmäni azaltmak sebäbinde ştanga sütünini basgançakly,
aşaga gidildikçe diametri kiçelýän uçastokly edýärler. Bir basgançakly sütünden
başga-da iki we üç basgançakly ylanylýar. Her basgançak goşmaça şol bir P suw güýjiň
täsiri astynda uzalýar. Şonuň üçin ştanfalaryň sütüniniň basgançaklaýyn uzalmasynyň
jemi, ähli basgançaklaryň aýratyn uzalmalarynyň jemine olaryň uzynlyklaryny li we
kese-keseginiň meýdany fi hasaba almak bilen deň bolar. Onda üç basgançak sütün
üçin
(37)

ýa-da turbalaryň deformasiýasyny hasaba almak bilen

(38)

Şeýlelikde ştanganyň agyrlygyndan hakyky ýüklenme


Pşt = Pşt – fştP (39)
bu ýerde Pşt – howada ştanga sütünleriniň agramy; fşt – ştangalaryň kese-kesiginiň
meýdany; P – ştanganyň aşagyna täsir edýän gidrostatik basyş.

95
P basyş iki bölekden ybarat: P1 we Py – P1 – NKT-de suwuklyk sütüniniň
gidrostatiki basyşy we Py – üst basyş
P = P1 + Py = ρsgL + Py (40)
(40)-y (39)-ä goýup we Pşt aňlatmasyny ýaýyň daşyna çykaryp
(41)
Pşt = ρsgLfşt, ρs – ştanganyň materialynyň dykyzlygy. Bu aňlatmany kwadrat
ýaýyň maýdalowjasyna girizip:

(42)

(43)
Üst basyşy hasaba almak bilen ştanganyň suwuklykda agyrlyk ýitgirmesini
hasaba alýan koeffisiýent. Py = 0 bolanda b koeffisiýent adaty öňden bilşimiz ýaly
aňlatma eýe bolýar.
Plunžerini ştanga konstruksiýasyny klapan kletkasy bilen birleşdirme, ΔP
plunžeriň ähli üstüne ştanganyň kese-kesigini hasaba almazdan täsir etmeginde
amala aşýar. Şeýlelikde
Ps = fg(Pn – Pgir), (44)
bu ýerde Pn – plunžeriň üstündäki basyş
Pn = P 1 + P y + P 2 – P3 (45)
bu ýerde P1 – suwuklyk sütüniniň gidrostatiki basyşy; Py – üst basyşy; P2 – plunžer
ýokary hereket edeninde sürtülmede basyş ýitgisi; P 3 – NKT-de nebitden gazyň
gazliftden soň aýrylma netijesinde ýüklenme ýitgemesi.
Eger guýy egri bolsa we egrilik burçy ortaça wertikala görä β bolsa, onda
P1 = ρsgLcos β (46)
P3 ululyk otrisatel, sebäbi suwuklykdan aýrylýan gazy suwuklygyň gazlanmasy
netijesinde ýüklenmäni peseltmäni hasaba alýar.
P2 – turba gidrawlikasynyň adaty formulasy arkaly kesgitlenýär
(47)
Turbadaky suwuklyk tizligi υ-ni Sp/30 plunžeriň ortaça ýokary hereketiniň
tizligi hökmünde, ony plunžer kese-kesiginiň meýdanynyň turbanyňka gatnaşygyna
köpeldip ştanganyň meýdanyny hasaba alyp

(48)

(48)-i (47)-ä goýup

(49)

bu ýerde d – turbanyň içki diametri; dp – plunžer diametri; dşt – ştanga diametri; S –


plunžer hereketiniň uzynlygy; n – minutda aýlaw sany. Adatça P2 gaty uly bolman,
MPa-ň birnäçe bölegine deň, ýöne ýokary şepbeşikli suwuklyk sorylanda uly bolup
biler.
96
P3 ululygy kesgitlemek kyndyr. Ony takyk anyklamak üçin turbada
gazsuwuklyk garym hereket prosesini hasaplama usulyny ulanmaly bolar. Ýöne
ýeňliräk ýakynlaşma usuly hem bar, ol suwuklygyň galmasynda gazyň işiniň
bahasyna esaslanýar.
Turbalarda Pdoý-den Py çenli gazyň izotermiki çişmesi bolup geçýär diýip onyň
işini termodinamikanyň kanunda kesgitläris
W2 = Vpoln[(Pdoý + Po)/(Py + Po)]. (50)
Eger V – standart şertde gaz harjy m /sut, Po – atmosfera basyşy Pa, onda W 2
3

H*m/sut bolar.
Bu sutkada debiti φ deň suwuklygy x beýiklige çykarmak üçin iş harjy; W2 –
gaz energiýasy sürtülmede ýitgi we gaz typmasy zerarly doly suratda ulanylmaýany
sebäpli η PTK aňlatmasyny girizeli
(51)
V gaz harjyny Go – gaz faktor, α – gazyň erginleşme koeffisiýenti we n –
suwlanma hasaba almak bilen:
(52)
(52)-ä görä gaz harjy effektiw gaz faktorda suwuklyk debiti önümi ýaly
tapylýar. (52)-ni (51)-e goýup we φ gysgaldyp
(53)
(53)-den x bilip ýüklenme basyşy taparys
P3 = xρsq (54)
η – adaty ýagdaýda ŞGNG ulanylanda η = 0,4-0,5 kiçi san ýokary suwlanan nebit
üçin, uly suwlanmadyk önüm üçin.
Dinamiki ýüklenmäniň täsiri.
Maksimal dinamiki ýüklenme EHN we AHN ýüze çykýar. EHN-da olar
ýokary gönükdirilen we gysyp plunžere goşmaga hereket e 1 gatnaşdyrýan ştanganyň
agramyny azaldýar. AHN-da bu ýüklenmeler aşak gönükdirilen we plunžere goşmaça
e2 hereketi berýär. Şeýlelikde plunžeriň peýdaly hereketi
Sp = S – λ + e 1 + e2 (55)
e1 we e2 deformasiýalar hem Gukyň şol formulasy boýunça kesgitlenilip bilner. Ýöne
ondan tapawutlylygy λ kesgitlenilende Psuw täsiri boýunça, e1 we e2-de bolsa Pi
inersiýa güýçleriniň täsiri bilen ýüze çykýar. şol sebäpden Gukyň formulasynda L
uzynlygyň ýerine L/2 goýmaly
(56)
bu ýerde Pi.e - EHN-de maksimal inersiýa güýç; Pi.a – AHN-da maksimal inersion
güýç.
Inersion güýç massanyň tizlenmä önümine deň
Pi = Mj (57)
Bilşimiz ýaly şatun-kriwoşip mehanizm teoriýasynda kriwoşibiň r soňky
radiusynyň şatunyň l uzynlygynyň gatnaşygy bilen
97
(58)
bu ýerde ω = πn/30 – kriwoşibiň burç aýlaw tizligi. Bu ýerde položitel balansir
golowkasynyň AHN-daky ýagdaýy üçin alynýar, minus bolsa – EHN üçin. (58)
boýunça kesgitlenilýän tizlenme şatun we balansir birleşme üçin. Ştanga asgy
nokadyna geçmek üçin (58)-i a – balansiriň öň egriniň uzynlygynyň yz egin
uzynlygy b gatnaşygyna köpeltmeli. Şonlukda ştanganyň asgy nokady üçin
. (59)
Bu tizlenmäniň täsir edýän M massiw hökmünde ştanganyň M = P şt/g
massasyny almaly. Şeýlelikde
(60)

(61)
(60) (61)-i (56)-e goýup
(62)

Pşt = fştLρsg; göz öňümde tutup we gysgaltmalar geçirip:

(63)
(63)-e hemişelik sanlaryň aňlatmasyny (π = 3,1406, ρc = 7800 kg/m3, E =
2,06*10-10 H/m2) goýup
e1 + e2 = 2,076*10-10L2n2S. (64)
(64)-i (55)-e goýup we S-i daşyna çykaryp plunžeriň inersion güýçler täsir
edendäki herekedini alarys
Sp = S(1 + 2,076*10-10L2n2) – λ. (65)
Ýaý içindäki aňlatmana K hereketiniň ütüş faktory diýilýär
K = 1 + 2,076*10-10L2n2. (66)
Onda plunžeriň herekedi
Sp = Sk – λ. (67)
K ululyk adatça kiçi we birlikden 1,5-2,5 % adaty iş düzgünde üýtgeýär, ýöne
L nasos podweskaň ulalmagy bilen we n – aýlaw sanynyň ösmegi bilen ol ösýär.
Onda L=1000 m we n = 5 min -1 K = 1,0052, ýöne L = 1500 m we n = 10 min -1,
K = 1,0467 bolar.
Dinamiki ýüklenme.
Dinamiki ýüklenme ulylyklary (60) we (61) ýokarda kesgitlenildi. Adatça
ýokary ädimiň başyndaky hasapda olaryň ulanyşy taýýarlaýarlar, has takyky AHN
üçin (61) formula bilen kesgitlenilýär.
Ýöne hasaplamalar üçin formulany ýönekeýleşdiriji aşakdaky görnüşe
getirýärler
Pin = Pştm, (68)
bu ýerde

98
(69)

Bu ýönekeýleşdirmeler aşakdakylardan ybaratdyr we


deňlikleri (61)-e goýup
(70)
alarys.
Tehniki edebiýatlarda m-iň dinamiki faktory üçin sözlemlerde emele gelýän
başgaça aňlatma berlen

Gadymy agaç hiňňilliklerinde ýere eýe bolşy ýaly, bu ýerde π2 ≈ g we ;


bu ýagdaýda
(71)
m ululyk, adatça uly bolman, ol 0,05-0,12 ybaratdyr, ýagny inersial güýçleriň täsiri
netijesindäki ýüklenme ştanganyň agramyndan, 5-12 %, çenli artýandyr. Ýöne P i we
m kesgitlemegiň sadalaşdyrylan usulynda möhüm goýberme bardyr. Ol j max ululygyň
M ştanganyň ähli massasyna köpeldilýändiginden ybaratdyr ((57) formula seret). Bu
bolsa ştanganyň agramynyň balansiriň golowkasyna berkidilen şarda, jemlenmegine
deň güýçlidir. Hakykatda ştangalara goýlan her bir impuls ähli agram boýunça
ýaýraman, metalda sesiň a tizligi boýunça ýaýraýar. Şonuň üçin, impuls ştanganyň
aşakgy ujuna t = L/a wagtda ýetýänçä, ýokarky ujy kiçi tizlenmäni duýar, sebäbi bu
wagtyň dowamynda kriwoşip φ = ωHa rad burça öwrülip ýetýär we asma nokadynda
j < jmax tizlenmäni ýüze çykarar. Netijede Pi hakyky ululyk hasaplanylýandan kiçi
bolar. Ýöne bu ýakynlaşan hasaplamada Pi-ni ulaldýan planteriň aşagyndaky
suwuklyk zolagynyň inersiýany hasaba alynmadyk. Sesiň tizligi ştanga materialynda
a ≈ 4800 m/s, suwuklykda (suwda) bolsa a ≈ 1400 m/s deňdir. Şol sebäpli
suwuklygyň inersiýanyň güýjüniň täsiri güýçli gijigýar. Şeýlelikde ştanganyň ähli
agramyny hasaba almak bilen Pi –ni ulaldýarys, suwuklyk zolagynyň inersiýasyny
hasaba almazlyk bilen Pi-ni kiçeldýäris. Bu iki nätakyklyklar kompensirlenýärler
diýip hem çak edilýär. Nasos guýularynda ştanganyň işlemeginiň has kyn turbalary
bu hadysany hasaba alýar. (70) firmula bilen analogiýa görä EHN inersial ýüklenme
(72) deňdir,
bu ýagdaýda-da
(73)
Sürtülme güýji.
Sürtülme güýjiniň jemi aşakdaky sürtülme güýçlerinden ybaratdyr.
Plunžeriň gabat gelmesine bagly bolan, silindrdäki plunžeriň sürtülme
güýjinden, T1; salnigiň gysylmasy we ştok ýagdaýyna bagly bolan üst enjamlaryň
salnigindäki polirlenen ştokdan – T2 guýularyň egriligine bagly bolan ştanganyň
99
nasos turbalarynyň diwarlaryna edýän sürtülme güýjünden – T3 suwuklygyň
şepbeşikligine, ştangyň, turbalaryň we nasosyň ölçeglerine bagly bolan, ştangyň
turbalardaky suwuklyga edýän sürtülme güýjünden – T4.
Sürtülme güýji hereketiň garşysyna ugrukdyrylandyr. Sürtülme güýji EHN we
AHN laýyk gelýän, ştangalaryň hereketsiz wagtyndaky momentde nula deňdir. Ýöne
balansiriň golowkasy bilen özüniň ortaky ýagdaýyny geçende onuň hereket tizligi we
ştanga maksimal derejesine ýetýär, şol sebäpli wagtyň bu momentinde ştangalaryň
suwuklyga edýän sürtülme güýji iň uly bahasyna ýetýär.
Sürtülme güýji suwuklyga, haçanda inersiýa güýji ýüteninde täsir edýär.
Umumy sürtülme güýji ŞNG-de emperiki formula arkaly kesgitleýärler P t =
2500S, bu ýerde Pt – sürtülme güýçleriň jemi, H; S – polirlenen ştok hereketi, m.
Käbir maglumatlara görä T1 we T2 sürtülmeleriniň jemi bahasy: T1 + T2 = 200-
500 H. Bu ýerde kiçi baha uly yşly nasoslar üçin III gruppa nasadkaly: 120-170 mkm;
uly baha bolsa – kiçi yşly üçin (I gruppa nasadkaly: 20-70 mkm).
Ştanga ýokary assak hereket edenindäki onuň turba diwarlaryndaky sürtülme
güýji dürli, sebäbi ony turba gysýan çekilme ýokary hereketde Pşt + Psuw, aşak
hereketde bolsa Pşt. Ştanganyň adaty çekilme güýjini we guýynyň egriligini hasaba
alyp T3 aşakdaky ýaly hasaplarys:
ýokary hereket üçin T3 = (Pşt + Psuw)ηtsin β;
aşak hereket üçin T3 = Pştηtsin β (74)
bu ýerde β – guýynyň ortaça egrilik burçy; ηt – sürtülme koeffisiýenti.
Arassa nebit alynanda ηt = 0,08-0,10.
Suwlanan nebit alynanda ηt = 0,1-0,13.
(74)-de görşümiz ýaly wertikal guýy üçin T3 = 0, sebäbi β = 0, sin β = 0.
T3-i (74) bilen Pşt + Psuw = 50000 H we ηt = 0,1 bolanda:
β = 5o, T2 = 435 H;
β = 10o, T2 = 867,5 H;
β = 15o, T2 = 1708,3 H.
T4 hem ştanga ýokary assak hereket edeninde dürli. Aşak hereketde suwuklyk
sütüni hereketsiz (soryjy klapan ýapyk) we ştanga aşaky tizlik bilen düşýär
υn = Sp/30 (75)
Ştanganyň ýokaryk orta tizligi ve ştanganyň ortaça tizligi we turbadaky
suwuklyk tizliginiň tapawudyna deňdir
(76)
bu ýerde F – plunžer meýdany; Ft – fşt – turbanyň meýdany.
F, Fşt, Ft meýdanlaryň kese-kesigini we diametrlerini (plunžer, ştanga we
turbanyň) kwadratlara galdyryp
(77)

Eger badyň sürtülmede ýitgisini kesgitlesek hsür, onda basyşa geçip we


turbanyň kese-kesiginiň meýdanyna köpeldip sürtülme güýjini taparys
T4 = hsürρsuwgfş (78)
hsür-ni turba gidrawlikasynyň kanuny arkaly kesgitläp bileris

100
(79)
bu ýerde λ = 64/Re; Re = υd ş/v – laminar akym üçin sürtülme koeffisiýenti we
Reýnoldsyň sany. Hasaplamalaryň görkezmesine görä kiçi diametrde we kiçi tizlikde
Re sany gaty kiçi.
(79)-a n(Re) bahasyny we υ-ni goýup (75)-e görä aşak hereket üçin we (77)
aşak hereket üçin we soň (78)-de netijeleri deňeşdirip ştangalaryň suwuklyga
sürtülme formulasyny taparys:

Aşak hereket üçin: (T4)a = .

Gysgaltmalardan soň:
(80)

Edil şonuň ýaly ýokary hereket üçin:

(81)

υ – suwuklygyň kinematiki şepbeşikligi, m2/s; ρsuw – suwuklyk dykyzlygy, kg/m3; Lş


– ştanganyň uzynlygy, m; S – ştogyň polirleme hereketi, m; n – minutda hereket
sany, min-1.

27-nji sapak
Tema. Ştanga nasosly guýularyň enjamlaşdyrylyşy.
Soraglar:
1. Goýulmaýan nasoslar.
2. Goýulan nasoslar.

ŞGN (ştangaly guýy nasoslar)


Nasoslar goýulmaýan ýa-da turba we goýulýan görnüşde ikä bölünýärler.
Olaryň esasy özboluşlyklary:

Goýulmaýan nasoslar. Plunžersiz silindr NKT-de guýa sallanylýar. Silindre


plunžer soryjy klapan bilen bile salynýar. Plunžeri päcgelçiliksiz nasosyň silindrne
eltmek üçin silindriň içki diametri plunžeriň daşky diametrinden (6 mm) uly bolmaly
Goýulmaýan nasosy çalyşmak ýa-da abatlamak maksady bilen çykarmak üçin
başda plunžer sallanan ştangany soň bolsa nasos silindrli nasos turbalaryny
çykarmaly.
101
Goýulýan nasoslar. Plunžer bilen birlikde silindr we klapan ştangalarda
sallanylýar. Bu ýagdaýda nasos turbalarynyň soňuny gonma ýorite gurluş
birleşdirilýär – gulp daýanjy (gonma amala aşýar we nasosy dykyzlandyrýar). Bu
nasosy haýsydyr bir sebäp bilen çykarmak üçin diňe ştangany çykarmak ýeterlikli,
onuň bilen bile ähli nasos gurluş gaýdýar.
Bu nasosda turbadan diňe plunžer däl, eýsem kožuh bilen silindr hem geçýär
we şol sebäpden goýulýan nasosyň plunžeriniň diametri turbanyňkydan köp kiçi
bolmaly. Şol sebäpden goýulýan nasosyň berijiligi şol diametrli turbada
goýulmawynyň kadan kiçi.
Nasoslaryň silindrleri. Silindrler kožuha ýörite oturtmalaryň kömegi bilen
oturdylan we gyralaryndan kožuhyň muftalary bilen gysylan, gysga (0,3 m) polat we
soýun wtulkalaryndan ýygnalýandyr. NGN-1 nasoslarda wtulkalaryň sany 2-7 çenli,
bu bolsa plunžeriň hereketini 0,9 m çenli üpjün edýär, NGN-2 nasoslarda 6-dan 24-e
çenli we NGW-1 nasoslarynda 9-dan 27-ä çenli, bu bolsa plunžeriň hereketini 6 m
çenli üpjün edýär. Käbir ýagdaýlarda gysgahereketli nasoslaryň silindrlere içki topary
ýylmamak edip ýasalan bütewi polat turbalaryndan ýasalýar. Uzyn bütewi silindrleri
tehniki taýýarlamak kyn, sebäbi bu ýagdaýda gerekli takyklygy saklap bolmaýar.
Konstruktiw oturtma nasoslar, oturdyp bolmaýan nasoslara garanda
çylşyrymlyrak.
Ähli nasoslar plunžeriň we silindriň esasyndaky jaýrygy boýunça oturtmalaryň
3 toparyna bölünýärler:
Oturmanyň topary I II III
Jaýryk, mkm 20-70 70-120 120-170
Oturtmanyň III toparyna degişli nasoslar çuň bolmadyk guýulardan şepbeşik
nebiti we emulsiýany sorduryp çykarmakda hem-de köp mukdarda suwuklygy
saýlamaklykda ulanylýar. Oturtmagyň II toparynyň nasoslary orta çuňluklarda we
ýag nebitini sörduryp çykarmakda ulanylýar. I toparyň nasoslary çuň guýularda
sordurylýan suwuklykda çäge düýbinden ýok bolan ýagdaýynda ýag nebiti sorup
çykarmakda ulanylýar.

102
2-nji surat.
Nasoslaryň plunžerleri. Plunžerler 1,2 m deň bolan standart uzynlykly polat
turbalaryndan ýasalýar. Üstki tarapy – polirlenen, hromirlenen. Plunžerler ýylmamak
(3, a-nji, surat) halka görnüşindäki oýukly (3, b-nji surat), hyr görnüşindäki oýukly
(3, w-nji surat) we “peskroweý” tipli (3, g-nji surat) bolmaýarlar. Mundan başga-da
NGN-2R nasoslarynda ulanylýan 3 ýa-da 4 rezin halkalary bilen armirlenen
plunžerler hem bardyr, bu bolsa 2 tipli plunžerli oturdyp bolmaýan (P) rezin hyalkaly
nasosy aňladýar.

3-nji surat. Ştangaly çuňluk nasos üçin plunžer

Eger nasosyň silindri wtulkasyz, plunžeri bolsa rezin halkaly bolsa, onda şifre
B harpy goşulýar, meselem NGN-1RB. Gummirlenen plunžerli nasoslar Groznyýda
işlenip çykarylyp, ruň bolmadyk guýularda ulanylýar.
Nasosyň klapanlary (4-nji we 5-nji suratlar). Nasoslarda tiz könelişýän
düwünleriň biri klapandyr. Şarigiň suwuklyk sütüniniň täsiri astynda yzygider köp
wagtlap eýere urmagy netijesinde kontakt ýüzini bölýär we klapanyň dykyzlygy
bozulýar. Klapanyň işlemegi üçin esasy açyş şert bolup haçanda suwuklyk bilen
abraziw maddalar (çäge) gelende hem-de korrozion sreda bolanda hasap edilýär.

103
4-nji surat. Klapan uzeller.

5-nji surat. NGN-2 soryjy klapanyň ştogyny tutmak üçin tutujysy bilen aşaky kowyjy
klapan.

Goýulýan we goýulmaýan nasoslaryň ýokarky geçirijisinde gaçma basylýar we


onda: 1 – öndüriji zawodyň haryt belgisi, 2 – nasosyň zawod nomeri, 3 – nasosyň
şifri, diametri, plunžer hereketiniň rugsat berlen uzynlygy we maksimal çuňluga
goýberme, 4 – nasosyň çykarylan ýyly.
Mundan başga-da her nasosyň kožuhasynyň ýokarysynda nasosyň şifri
ýazylýar, meselem – NGN-43-4200-II-P-120. Bu diýmeklik – goýulmaýan ikinji
görnüşli, 43 mm diametrli plunžeriň maksimal hereketi 4200 mm, II-nji prigonka
toparly P – görnüşli plunžerli we şundan başga-da tehniki maglumaty girizilen
pasport hem bolýar.
Käbir nasoslarda T harpy (NGN2T) düş gelýär, bu diýmeklik turba şekilli
ştangalar üçin diýmeklik. Düzüminde köp mukdarda çäge we ş.m. bolan suwuklyk
çykarylanda olaryň silindr we plunžer arasyndaky yşlara düşüp nasosy
duruzmagynyň öňüni almak üçin alynýan suwuklyk plunžerden nasos turbalaryna
däl-de turba şekilli ştangalara gelip soň ýokary çykarylýar. Ol ştangalar hökmünde
şol turbalar ýöne kiçi diametrli (48-60 mm) ulanylýar.
Munuň tapawudy bu nasosyň kowyjy klapany (bir ýa-da iki) plunžeriň
aşagynda ýerleşen. Plunžeriň ýokary bölegi ýörite geçiriji arkaly turba şekilli
ştangalara birleşýär. Şol sebäpden suwuklyk nasos turbalary we turba şekilli ştanga
aralyga düşmeýär. Başgaça bu nasoslaryň konstruksiýasy adatylardan
tapawutlanmaýar. Turba şekilli ştanga üçin nasoslar goýulýan we goýulmaýan bolup
biler.
Ştangalar. Adaty ştangalar dört nominal ulylykda çykarylýar – diametrleri 16,
19, 22 we 25 mm. Ştangalaryň soňy galňan golowka şekilli dört burç kesikli ( açar
tutar ýaly) görnüşlidir. Olar ştanga muftalary arkaly birleşdirýär (6-njy surat, 1-nji
tablisa).

6-njy surat. Nasos ştanga we birleşdiriji mufta.

104
1-nji tablisa
Ştanga we muftalaryň häsiýetnamasy

Birleşdiriji ştanga Birleşdiriji mufta Massa, kg Ştang


Howada
anyň
sütün
ştan- şuf- kese-
NR PO NR PO NR PO NR PO massasy,
galar talar kesigi,
kg/m
sm2
16 +0,3 38 80 12,93 0,398 1,67 2,01
19 -0,5 42 82 18,29 0,545 2,35 2,84
8000 ±50 -0,8 ±1
22 +0,4 46 90 24,50 0,640 3,14 3,80
25 -0,5 55 102 31,65 1,150 4,09 4,91

NR - normal ululyk, mm; PO – aňyrbaş gyşarma, mm.


Normal uzynlykly (8 m) ştangadan başga-da kiçi 1; 1,2; 1,5; 2; 3 m standart
diametrliler hem çykarylýar. Bular asylan plunžer nasos silindrinde berlen aralykda
hereket etmesi üçin ştanga sütünini düzmek üçin gerek. Ştanga sütüniniň ýokarsy
galňan ştokly, ol üstiň dykyzlykdyryjy salniklerinden geçýär.
Ştanga sütüni konstruksiýasynda Ýa.A.Gruzinowyň nomogrammasy ulalýar.
Ştanganyň ýokaryky kesigi has ýüklenmeli bolýanlygy sebäpli, tejribede
görülişi ýaly, döwülme we üzülme onuň aşagynda bolup geçýär. Uly diametrli (56,
70, 95 mm) nasoslar ulanylanda esasynda şepbik suwuklyk alynanda we plunžeriň
ýokary tizliginde (5n > 30) aşaky ştangalarda sütün boýunça egrilme bolup we
netijede açylma we döwülme bolup biler. Bu ýagdaýda “agyrlaşdyrylan aşak” gurluşy
ulanylýar. Ol 80-360 kg 2-6 agyr ştanga ýa-da turbadan durýar. Bu ştanga sütüniň
aşak böleginiň işini aňsatlaşdyrýar we şol wagtyň özünde nasos podweskasynyň
anyrbaş çuňlugyny kemeldýär.
Ştangalar berkidilende maslahat berilýän aýlow momentler:
Ştanga diametrleri, mm 16 19 22 25
Aýlow moment, Hm 300 500 700 1000

2-nji tablisa
Ştangalaryň berklik häsiýeti we olary ulanma şertler

Stal Termoişleme Guýuda işleme şerti


40 Normalizasiýa Ulanmanyň ýeňil şerti üçin: kiçi podweska, rugsat
berlen getirme naprýaženiýe σ≤70 MPa-ly
korrodirleýji sredanyň ýoklugy
20HM Normalizasiýa Ulanmanyň orta şerti üçin: 70≤ σ≤90 MPa-da ähli
diametrli nasos podweskaly
40 Normalizasiýa +TWÇ σ≤60 MPa korrozion suwuklyk almakda.
Ulanmagyň agyr şerti üçin: (uly podweska we
forsirlenen alma) 28,32,38,43 mm nasos üçin
σ≤120 MPa
20HM Normalizasiýa +TWÇ 56,70,95 mm nasos üçin σ≤100 MPa. Aýratyn
agyr şert üçin: (gyşaran guýa korrozion sreda, uly

105
podweska)
26,32,38,43 mm nasos üçin σ≤130 MPa
56,70,95 mm nasos üçin σ≤110 MPa

Ştangalary köp sallap goýberme olaryň üzülme ýygylygyny ulaldýar. Olaryň


saklama, eltme we olary ýygnama normalary instruksiýalarda (görkezmelerde)
görkezilen.
Nasos turbalar. Nasos kompressor turbalary (NKT) tekiz we çykyşly soňly
bolýar. Tekizler hemişelik diametrli (uzynlyk boýunça) we şol sebäpden mufta üçin
kesik ýerlerde ejiz. Çykyşly (daşyna) turbalar mufta üçin kesik ýerlerde golňama
bolýar we şol sebäpden öňüni kesik ýeri berk bolýar.
NKT uzynlygy boýunça 3-e bölýärler: I – 5,5-den 8 m çenli; II – 8-8,5 m; III-
8,5-10 m.
Turbalar polatdan bäş berklik toparda bejerilýär: D, k, E, L, M. Tekiz turbalar
we onuň muftalary K, E, L, M, berklik toparda.

3-nji tablisa
Turba poladyň esasy berklik topar görkezijisi

Görkezijiler D K E L M
Wagtlaýyn garşylyk σw, MPa 650 700 750 800 900
Akym aňyrbaşy σt, MPa 380 500 550 650 750

4-nji tablisa
NKT-niň häsiýetnamasy

Tekiz NKT Ýykyşly NKT


galyňlygy,mm
Içki metr, mm

Stragirleýän ýüklenme Tc σ= σt-de σ=σt-de turbada ýükleme (Tc)


diametr,mm

hyrly birleşme üçin


Diwar
Şertli

D K E L M D K E L M

48 4 40,3 11,8 15,6 17,15 20,3 23,4 21,1 27,9 30,6 36,3 41,9
7
60 5 50,3 20,8 27,4 30,15 35,6 41,4 33,0 43,4 47,75 56,4 55,1
73 5,5 62 29,4 38,7 42,6 50,5 58,3 44,3 58,3 64,1 75,9 87,6
84 6,5 76 44,6 58,5 64,5 76,25 88,0 63,9 84,1 92,5 109,4 120,7
102 6,5 88,6 45,9 60,8 66,4 78,5 90,6 73,7 97,1 106,8 126,1 145,5
114 7 100,3 56,7 74,6 82,2 97,2 112,1 89,6 117,9 129,7 153,1 176,6

NKT-niň hyrly birleşmeleriň öz ýerli-ýerine barmagy aşakdaky aýlow


momentleriň kömegi bilen amala aşyrylýar:
Turbanyň şertli diametri, mm 48 60 73 89 102 114
106
Aýlow moment, H*m 500 800 1000 1300 1600 1700-2000
Şol sebäpden NKT-ni berkitmek we gowşatmak üçin ýörite momenti, friksion
sazlaýjy awtomat ulanmaly.
NKT-leri ýaglamazdan guýa sallamak we goraýjy halkysyz daşamak gadagan.
Gaty uly çuňlukdaky guýular üçin alýumin turbalar işlenilip düzelen. Olaryň
ýeňilligi bilen NKT-ni gaty uly çuňluklara sallap bolýar.
Tatarstanda aýnalanan, ýagny üç ýüzi aýnalanan (parafin galyndylary
bolmazlygy üçin) turbalar (NKT) giňden ulanylýar. Turba toparlarynyň her hereketi,
NKT-niň iş žurnalyna hasaba alynýar. Işe ýarowsyz turbalar topardan çykarylyp işe
goýberilmeýär.
Mufta birleşmelerini kuwalda, žekiç bilen urmak gadagan, ýöne gynaksakda
önümçilikde bu şeýle. Ygrydan soň mufta birleşmäniň berkligi ýitýär we syzma ýa-da
üzülme mümkinçiligi ýüze çykýar.
Guýynyň ýer üsti enjamlary. Ştangaly nasos guýynyň üst
enjamlaşdyrylmasy halkara giňişligi dykyzlaşdyrmak we guýy önümini sazlamak
üçin niýetlenendir.
Önüm ýygnamagyň bir turba usulynyň giňden ulanylýany sebäpli nasos
gurluşyň çykyşlarynda basyş ýokarlandy, Käbir ýlarda guýynyň üstinde 4 MPa çenli
basyş gerek bolýar. Bu bolsa üst enjamlarynyň konstruksiýasyny kynlaşdyrýar we
oňa bolan tehniki talaplary ýokarlandyrýar. Gündogar etraplarda ŞGNG
enjamlaşdyrylan guýularynda giňden ulanylýan üst birleşdirijisi 7-nji suratda
görkezilen.
Üst salnik polirlenen ştok çykyşyny dykyzlandyrýar. Salnik boşlugyna
prorezinden goýyş ýa-da nebite durnukly rezin goýulýar, olar ýokary basma muftany
aýlama arkaly dykyzlanýar. Üst salnigiň dykyzlygynyň bozulmagy, salnik
merkeziniň ştangalaryň asma kanatynyň merkezi bilen deňgelmedigi ýa-da onuň
balansir hereket edeninde ýerini üýtgetmesi sebäpli bolup geçýär. Bu näsazlyklar
stanok-kaçalka oturdylanda, balansir hereket edeninde elmydama bolup geçýär.

7-nji surat. ŞGN üçin adaty guýy üsti


üçin enjam:
1-sütün flýanesi; 2-planşaýba; 3-NKT;
4-daýanç mufta; 5-troýnik; 6-salnigiň
korpusy; 7-polirlenen ştok; 8-salnik
golowkasy; 9-salnik nabiwkasy.

107
Şol sebäpden üst salnigiň täze görnüşi – şarly şarnir birikmeli özi oturýan
golowkaly salnik düzüldi. Bu salnik Azinmaş tarapyndan işlenilip düzüldi we 4,0
MPa çydamly. Salnigiň şarly golowkasy onuň okdan wertikal boýunça 3 o islendik
ugra gyşarça durnukly. Bu ýerde dykyzlyk nebite durnukly rezinden dykyzlaýjy halka
arkaly amala aşyrylýar. Gerek wagtynda salnik nabiwkany golowkanyň gapygyny
aýlamak arkaly çekýärler.
Kanat podweska (KP). Salnik ştok balansir golowkasyna kanat podweskasy
arkaly birleşýär. KP-nyň konstruksiýasy enjam oturtmana hem rugsat berýär –
diagramma düşürmek üçin dinamograf [P(s)] ştok her hereketinden asgy nokadynda
hereket edýän güýçleriň baglanşygy.

8-nji surat. Salnik ştogyň kanat podweskasy.

Mundan başga-da KP kömegi bilen nasos silindrne plunžer oturdylmasy


sazlanýar.
KP – 1 we 4 ýokarky we aşaky trawers. 2 – zažim, 7 – kanat petlýanyň soňy; 5
– klin zažim; 3 – wintler. KP-nyň konstruksiýasynyň elementleri standartlaşdyrylan.
Kanat petlýasy balansiriň golowkasyndaky ýorite rolige oturdylýar.
Ştangaaýlaýjy. Ştangaaýlaýjy – balansir golowkasynyň her hereketinde
plunžer we ştangalar sütünini haýal aýlamak üçin salnik ştoga berkidilen mehaniki
gurluş.
Bu gurluşlar, gyşaran guýular ulanylanda plunžer, mufta we ştangalaryň bir
tarapynyň iýilmezligi üçin, ştanga sütünleriniň açylmazlygy üçin we plastiçatoý
skrebok ulanylanda giňden ulanylýar.
Adatça ştangaaýlaýjy ştoga gorizontal berkidilen tegelek diskden we tros
arkaly hereketsiz nokada birigiýän ryçag we şarnir dişinden durýar. Balansiriň her
hereketinde tros çekilýär, ryçagy oýnadýar we netijede şarnir diş diski bir ädim
aýlanýar.
Şeýlelikde ştangalar bir ädim diskde näçe diş sanyna laýyklykda edýärler.
Ştangaaýlaýjylar ŞGNT-nyň işini ulanmagyň çylşyrymly ýagdaýlarynda
gowlandyrýarlar.
28-nji sapak
108
Tema. Stanok-kaçalka (SK).
Soraglar:
1. Stanok-kaçalka (SK).
2. Balansir SK-niň shemasy.

Nebit senagatynda ulanmakda SK-nyň dürli ululyklary we konstruksiýasy bar.


Häzirki wagtda SK-ni GOST-5866-76 boýunça çykarýarlar. Mehaniki we kinematiki
nukdaý nazardan olar kämil (9-njy surat). Öňkilerden tapawutlylykda bularda öňki
ýaly balansir golowkasy zyňylýan däl-de aýlanýan we bu hem ýerasty abatlaýjy
brigadanyň işini ýeňilleşdirýär we şikes alşy mümkinçiligini ortadan aýyrýar.
Mundan başga-da kriwoşip agramy garşylaryň uzygider mehanizirlenen göçmesi göz
öňünde tutylan. GOST 5866-76 SK-niň köp görnüşini öz içine alýar (5-nji tablisa).
SK şifrinde ýükgöterijilik, reduktor balynda maksimal hereket we moment
görkezilen.
Meselem, SKZ-1,2-630 – 3 t ýük göterijilikli, 1,2 mm maksimal hereketli ,
reduktor walynda uly aýlow moment – 630 kgs.m. Täze SK-da diňe rotor
deňagramlaşdyryjy, Nowikowyň zasipleniýaly şewron diş tikirli iki basgançak
reduktor bar.
Reduktoryň haýal hereket walynda 90o burçda ýerleşen iki şponka paz bar. Bu
kriwoşipi 90o düzmäge we reduktoryň iýlendişlerini gowy dişlere çalyşmaga
mümkinçilik berýär. Bu işler reduktoryň ömrüni uzaldýar.Täze SK-lar taýýarlananda
öňkiden hem berk tehniki talaplara laýyk taýýarlanylýar.
Kaçalka iki topar el.priwody tormoz bilen enjamlaşdyrylan. Tormoz barabany
reduktoryň transmission walynda berkidilen. Tormoz arkaly balansir we garşy
agyrlyklar islendik ýagdaýda goýulyp bilner. El.dwigatel düşijilerde oturdylyp we ol
arkaly egreldilip transmission geçirijiniň tiksotrop gaýşyny çekip sazlap bolýar.

9-njy surat. Balansir SK-niň shemasy.


1-kanat podweska; 2-aýlanýan golowkaly balansir; 3-balansir danygy; 4-direg; 5-
şatun; 6-kriwoşip; 7-reduktor; 8-aýlanyjy şkiw; 9-klinoremen geçiriji; 10-el.motor;
109
11-aýlandyryjy şkiw; 12-haýat; 13-el.motor üçin düşiji; 14- rama; 15-teragram; 16-
trawersler; 17-tormoz şkiwi.

Balansiriň hereket uzynlygyny şatun paleslerini kriwoşipde üýtgetmek arkaly


sazlap bolar. Aýlow sanyny üýtgetmek üçin bolsa el.dwigateliň walyndaky şkiwi
başka ulylykly şkiwe çalyşmak arkaly amala aşyryp bolar.
Bu görkezilenlerden başga-da ŞGN üçin indiwidual priwodlar bar, ýöne olar
giňden önümçilikde ulanylmaýar. Bulara balansirsiz SK-lary girizip bolar, olarda
gidip gelme mehanizm zyňjyr ýa-da kanat arkaly amala aşýar. Kanat podweska (ýa-
da zynjyr) ştanga berkidilýär, beýleki tarapy bolsa reduktoryň kriwoşipine.
Gidropnewmatik we pnewmatik deňagramlaşdyryjy balansirli SK-lar hem bar.
Bular has kompaktly we az inersion ýüklenmeli. Ýöne olar taýýarlanmada kyn,
gymmat we gabaritleriniň kiçiligine garamazdan metal köp. Bularda deňagramlyk
rotor garşyagyrlyklary bilen hem-de ýörite silindrde oýnaýan porşendäki howaň
hasabyna amala aşyrylýar. Mundan başga-da pnewmatiki SK-larda hökmany suratda
bir silindr kompressor bar, ol deňagramlaşdyryjy ulgama howa bermek üçin
niýetlenendir.

110
5-nji tablisa
SK-nyň tehniki häsiýetnamasy
Kinematiki ulylyk, m Gabarit ulylyk, m

Komplekt massasy,
Stanok-kaçalka

şatunyň uzynlygy

kriwoşibiň uly
Ştok hereketiň

deşiginiň radisuy
uzynlygy, m

radiusy R
yzky egin k2
öňki egin k1

beýiklik N
uzynlyk L

giňlik W
kriwoşip

kg
r
l
1 SK2-0,6-250 0,3;0,45;0,6 0,74 0,74 0,84 0,295 0,365 3,15 1,15 2,0 1600
2 SK3-1,2-630 0,6;0,75;0,9;1,05;1,2 1,2 1,2 1,43 0,57 1,0 4,2 1,35 3,3 3850
3 SK4-2,1-1600 0,9;1,2;1,5;1,8;2,1 2,1 1,5 1,8 0,72 1,3 5,9 1,7 4,8 7200
4 SK5-3-2500 1,3;1,8;2,1;2,5;3,0 3,0 2,1 2,5 1,0 1,6 7,4 1,85 5,55 9900
5 SK6-2,1-2500 0,9;1,2;1,5;1,8;2,1 2,1 2,1 2,5 1,0 1,6 6,5 1,85 5,1 9600
6 SK8-3,5-4000 1,8;2,1;2,5;3,0;3,5 3,5 2,5 3,0 1,2 1,95 8,5 2,25 6,65 15100
7 SK12-2,5-4000 1,2;1,5;1,8;2,1;2,5 2,5 2,5 3,0 1,2 1,95 7,5 2,25 6,4 14800
8 SK8-3,2-5600 1,8;2,1;2,5;3,0;3,5 3,5 2,5 3,0 1,2 1,95 8,5 2,25 6,65 15600
9 SK10-3-5600 1,5;1,8;2,1;2,5;3,0 3,0 2,5 3,0 1,2 1,95 8,0 2,25 6,65 15450
10 SK10-4,5-8000 2,3;2,7;3,3;3,9;4,5 4,5 3,5 4,2 1,67 2,36 10,55 2,6 9,00 24900
11 SK12-3,5-8000 1,8;2,1;2,5;3,0;3,5 3,5 3,5 4,2 1,67 2,36 9,55 2,6 8,5 24800
12 SK15-6-12500 3,0;3,5;4,5;5,2;6,0 6,0 4,2 5,0 2,0 3,2 13,2 3,1 11,5 34800
13 SK20-4,5-12500 2,3;2,7;3,8;3,9;4,5 4,5 4,2 5,0 2,0 3,2 11,7 3,1 10,7 34500

111
29-njy sapak
Tema. Çuňluk çümme sentrobež elektronasosly guýulary ulanmak.
Soraglar:
1. Çuňlukçümme elektronasos (ÇEN) gurluşyň umumy shemasy.
2. Çuňluk çümme nasos agregaty.

Çuňlukçümme elektronasos (ÇEN) gurluşyň umumy shemasy


Guýudan suwuklygy almak üçin sentrobež nasoslary, adaty ýer üstündäki
suwuklyklary sorma nasoslaryndan köp tapawutlanmaýar.
Nasoslar daşky görnüşi boýunça turbalardan gaty bir tapawutlanmaýarlar, ýöne
içi bolsa taýýarlamagyň aňyrbaş tehnologiýasyny talap edýän köp dürli çylşyrymly
enjamlardan doly.
Çuňlukçümme elektronasoslar – bu köp basgançakly sentrobež nasos bolup
onuň her blogynda 120-ä çenli basgançak bar we olar ýörite konstruksiýasy çümme
elektrodwigatel tarapyndan herekete getirilýär. Elektrodwigateliň kabel arkasy
ýokarda ýerleşen awtotrancformator ýokarlandyryjydan ýa-da dolandyrma nokady
arkaly transformatordan elektroenergiýa bilen iýmeýlendirilýär. Çuňlukçümme
elektronasos guýa hasaplama suwuklyk derejesine adatça 150-300 m çümdirilýär.
Suwuklyk, daşy ýorite guşak bilen berkidilen we elektrokabel berkidilen NKT
boýunça berilýär. Nasos agregatynda nasos we elektrodwigatel arasynda protektor
ýa-da gidrogoranyş atlandyrylýan bir halkalaýyş bölüm bar. Çuňlukçümme
elektronasos gurluş (1-nji surat) ýagdaly elektrodwigatelden ÇED 1; protektor ýa-da
gidrogoranyş 2; nasosyň suwuklyk ýygnamak üçin kabul etme setkasy 3; köp
basgançakly wentrobež nasos ÇEN 4; NKT 5; bronlanan üç tarly elektrokabel 6;
NKT-ä kabel berkitmek üçin gaýyşlar 7; üst armatura 8; kabel barabany (tegegi) 9;
transformator ýa-da awtotransformator 10; awtomatly dolandyryş nokady 11 we
kompensator 12.

1-nji surat. Guýyny ÇSHG bilen enjamlaşdyrmagyň umumy shemasy.


Nasos, protektor we elektrodwigatel aýratyn uzel bolup olar bolt şpilkalary
bilen berkidilýär. Walyň uçlary şlisa barlanmeli, olar gurluş ýygnalanda birleşýärler.
Ýokary çuňlukdan suwuklyk almaly bolanda ÇEN seksiýalary birleşdirilýär we
basgançak sany 400-e ýetýänçä. Alynýan suwuklyk nasosyň ähli basgançaklaryndan
geçip bat bilen çykýar. ÇEN gurluş (ÇENG), az metal göwrümliligi, bad we harça
görä gowy häsiýetliligi, ýokary PTK-lylygy, almanyň ýokary göwrümliligi we
abatlama aralygynyň ululygy bilen tapawutlanýar. Soýuz boýunça bir ÇENG-ň ortaça
berijiligi 114,7 t/sut, ŞGNG-ler bolsa 14,1 t/sut.
Ähli nasoslar 2 bölege bölünýärler: adaty we könelmeýän (dargamaýan). Şu
wagt ulanýarlaryň 95 % adaty.
Ikinji görnüş nasoslar, önüm düzüminde az mukdarda çäge we beýleki
mehaniki jisimlilik (1 %) üçin niýetlenen. Kese kesik boýunça nasoslar 3 topara
bölünýär: 5, 5A we 6, bu diýmeklik, şol nasosyň goýberiljek oturtma sütün diametriň
nominal diametri (dýuýmde).
5 topar, korpusyň daşky diametri 92 mm, 5A – 103 mm, 6 bolsa – 114 mm.
Nasoslaryň walynyň aýlor ýygylygy elektrosetiň üýtgeme tok ýygylygyna bagly.
SSSR-de bu ýygylyk 50 Gs, bu bolsa – 3000 min-1. ÇEN şifrinde onuň esasy nominal
parametrleri girizilen – berijilik we bad. Meselem EUN5-40-950 diýmek: 5 topar
sentrobež elektronasos 40 m3/sut berijilikli we 950 m badly. ESNA-360-600
diýmeklik 5 topar nasosy, 360 m3/sut berijilikli we 600 m badly.
Ähli nasoslar H(Q) (bad, berijilik), η(Q) (p.t.k, berijilik), N(Q) (sarp edilýän
güýç, berijilik) baglanşykly egrili pasport häsiýetnamasyna eýedirler. Adatça bu
baglanşyklar harjyň işçi baha diapazonynda ýa-da ondan ulyrak interwalda (2-nji
surat) berilýär.

2-nji surat. Çuňlukçümme sentrobež nasos häsiýetnamasy.

Ähli sentrobež nasoslar, ÇSEN hem şonuň içinde, ýapyk zyňylma zadwižka
(A : Q = 0; H = Hmax) we zyňylmada ters basyşsyz (B : Q = Qmax; H = 0) halda işläp
bilýär. Nasosyň peýdaly işi berijiligiň bada önümine proporsionallygy üçin bu soňky
iki režim üçin nasosyň peýdaly işi nula deň bolar we p.t.k. hem nul bolar. Q we H-ň
käbir gatnaşygynda, nasosyň minimal içki ýitgisinde, p.t.k. maksimal baha eýe
bolýar, 0,5-0,6. Adatça kiçi berijilikli we kiçi işçi tigir diametrli we köp basgançak
sanly nasoslaryň pes p.t.k-sy bolýar. Maksimal p.t.k-e degişli berijilik we bad, nasos
işiniň optimal režimi hasap edilýär.

110
Guýulara görä nasos saýlama, olar guýa sallanandan soň berlen debitde şol
çuňlukda optimal ýa-da maslahat berilen režimde işleme şerti bilen amala aşyrylýar.
Şu wagt goýberilýän nasoslar 40 (ESN5-40-950)-den 500 m 3/sut (ESN6-500-
750) harç we 450 m (ESN6-500-450) den 1500 m ESN6-100-1500) çenli bada
niýetlenen görnüşde.
Mundan başga-da ýorite niýetlenen nasoslar hem bar, meselem gatlaga suw
bermek üçin. Bu nasoslaryň berijiligi 3000 m3/sut we bada 1200 m çenli.
Nasosyň geçip bilme bady onuň basgançak sanyna göni proporsionaldyr.
Optimal iş režimde bir basgançakda alynýan bolsa ol işçi tigriň ululygyna, ol bolsa
nasosyň radial gabaridine bagly. Nasosyň korpusynyň daşky diametri 92 mm bolanda
ortaça bad bir basgançakdan (suwda işlände) 3,86 m, (3,69 – 4,2 m aralykda
oýnaýar). Daşky diametri 111 m, ortaça bad 5,76 m (5,03-6,84 m).

Çuňluk çümme nasos agregat


Nasos agregady, nasosdan (3-nji a surat), gidrogoranyş uzelinden (3-nji b
surat), çuňlukçümme elektrodwigatelden (ÇED) (3-nji w surat), kompensatordan (3-
nji g surat) durýar.
Nasos indiki enjamlardan durýar: 1 – golowka; 2 – ýokarky daýanç; 3 –
ýokarky typma podşipnik; 4 – nasos korpusy; 5 – gönükdiriji apparat; 6 – işçi
halkalar; 7 – nasos waly; 8 – aşaky typma podşipnigi; 9 – esas; 10 – soňky typma
podşipnik.
Häzirki zaman ESN konstruksiýalarynda gidrogopar uzellerinde aşa basyş
emele gelmeýär, şol sebäpden suwuk transformator ýagyň syzmasy az we gurşyn –
grafit salnik gerekligi ýok.
Dwigatel boşlugy kabul etme bölekde ýönekeý tores dykyzlandyryjy bilen ikä
bölünen we onuň iki tarapynda hem basyş deň. Nasosyň uzynlygy (korpusyň) adatça
5,5 m-den geçmeýär. Haçanda gerek basgançak sanyny korpusda ýerleşdirip
bolmasa, olary iki ýa-da üç korpuslary ýerleşdirýärler we olar bir nasosyň guýa
goýberilende birleşdirilýän aýry-aýry seksiýalara bolýarlar.
Gidrogopar uzeli – özbaşdak uzel we ÇSN-a bolt birleşme bilen berkidilýär.
Gidrogopar gurluşyň iki görnüş konstruksiýasy işlenip düzülen. GD gidrogopar
ýokarda arzalan G gidrogopardan, walynda 5 rezin haltada suwuklyk ýagyň ýokary
basyşyny emele getirýän kiçi turbinkasy bilen tapawutlanýar. Korpus 6 we 5 halta
bilen daşky boşluk goýy ýag bilen dolýar we şarikli radial-daýanç podşipnigi
iýmitlendirýär. Şeýlelikde GD-ň uzeli ulanma giňden ýaýbaňlaşan. Öňler protektor
porşen diýilýän gidrogopar ulanylýardy. Bu ýerde aşa basyş puržin aşagyndaky
porşen arkaly emele getirilýärdi. GD we G-ň täze konstruksiýasy has çydamly we
köp wagtlap işleme ukyply. Ýagyň gyzmada we sowamadaky rezin halta –
kompensator (3-nji, g surat) arkaly sazlanýar.
ÇSEN-ň ýöredijisi hökmünde ýorite wertikal ÇED asinhron ýagdoly iki
polýusly elektrodwigateller ulanylýar. Elektrodwigateller nasos üçin 3 topara
bölünýärler: 5; 5A we 6.
Elektrodwigateliň korpusynyň ugry boýunça nasosyňky ýaly kabel
geçmeýändigi üçin ÇED-ň diametr ululyklary nasosa görä ulydyr. 5 toparda
maksimal diametr 103 mm, 5A – 117 mm we 6 – 123 mm ÇED markirowkasyna
111
nominal güýç (kWt) we diametr girýär: meselem ÇED (PED)65-117 – çuňlukçümme
elektrodwigatel 65 kWt güýçli, korpus diametri 117 mm, ýagny 5A topardan.

3-nji surat. Çuňlukçümme sentrobež agregat gurluşy:


a-sentrobež nasos; b-gidrogopar uzel; w-çuňlukçümme elektrodwigatel; g-
kompensator.

Kiçi diametr we ýokary güýçlilik dwigatelleri uzyn görnüşde (8 mm çenli)


taýýarlamana mejbur edýär. ÇED-ň ýokarky bölegi gidrogoparyň aşak bölegi bilen
bolt şpilkalar arkaly birleşdirilýär, wallar bolsa şlisa mufta bilen birleşýärler.
Nebit guýular üçin ulanylýan ÇED-ler adatça 10-125 kWt güýçli bolýarlar.

112
Gatlak basyşyny saklamak üçin ýörite nasos agregatlar (500 kWt güýçli ÇED-
li) ulanylýar. ÇED-ň togy 350-2000 W aralykdadyr. Ýokary ýüklenmede şol güýçde
togy kiçeldip bileris, bu bolsa kabeliň tok geçiriji siýmleriniň kesigini kiçelder we
gurluşyň kese gabaritine täsir eder. Bu has hem elektrodwigatelliň ýokary güýjinde
möhümdir. ÇED-ň rotorynyň typmasy nominal – 4 den 8,5 %, p.t.k – 73 den 84 %
çenli, töweregiň rugsat berilýän temperaturasy 100oC çenli.
ÇED işlände köp ýylylyk çykýar, şol sebäpden onuň normal işlemesi üçin
sowatma gerek. Beýle sowatma gatlak suwuklygyň elektrodwigateliň korpusy we
oturtma sütün aralyk halka giňişlikden yzygider akmasy, hasabyna amala aşyrylýar.
Şol sebäpden nasos işleninde NKT-de parafin galyndy çökmesi pes (eýleki ulanma
usullaryna garanyňda).
Önümçilik şertlerinde ýyldyryş, siým üzülmegi, doňma we ş.m. sebäplerden
wagtlaýyn güýç liniýalary toksyzlandyrýarlar. Bu bolsa ÇSENG-ň durmagyna
getirýär. Bu ýagdaýda NKT-den nasos arkaly akýan suwuklyk sütüni sebäpli nasos
waly we stator ters tarapa aýlanyp başlaýar. Eger şol wagt elektroenergiýa berilse,
onda ÇED göni hereket eder we suwuklyk sütüniň inersiýa güýji bilen aýlanma
massany ýaňýar.
Işe goýberme toklar gereginden köp bolup gurluşy hatardan çykaryp biler. Bu
ýagdaý bolmazlygy üçin ÇSEN-ň zyňyş liniýasynda şarly ters klapan oturdylan, bu
NKT-den suwuklyk akmasynyň (kemelme, dökülme) öňüni alýar.
Ters klapan adatça nasos golowkasynda oturdylýar. Ters klapan NKT-ni,
abatlamak üçin galdyrma goýbermede kynçylyk döredýär, sebäbi turbany suwuklyk
bilen bile galdyryp aýlaýarlar (boşadýarlar). Mundan başga-da bu ýangyn
howpsyzlygy üçin hem howply. Bu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin ters klapanyň
ýokarsyndan ýörite muftada dökme klapan ýerleşdirýärler. Dökme klapan – bu mufta,
onuň gapdal diwaryna iri kebşirlenen gorizontal gysga bronza trubka goýlan.
Galdyrmadan öň NKT-ä gysga metallik drotik zyňylýar. Drotik urgysy bilen bronza
trubka döwülýär we netijede muftanyň gapdal deşikleri açylyp NKT-den suwuklyk
dökülýär.
Suwuklyk dökmek üçin başga usullar hem işlenip düzülen. Muňa suflerler
girýär. Ol nasosyň sallanma çuňlugynda halkara giňişlikde manometr sallamak arkaly
basyşy bilmäge mümkinçilik berýär we halkara giňişlik we manometriň ölçeýji
boşlugy arasynda aragatnaşyk sazlaýar.
Dwigateller sowadyş sistemasyna gaty täsirlidir. Sowadyjy suwuklyk tizligi we
hili ÇED-ň temperatura režimine täsir edýär. Bilşimiz ýaly suwuň ýylylyk sygymy
4,1868 kJ/kg*Co, onda arassa nebit 1,675 kJ/kg*Co. Şol sebäpden suwlanan önümli
guýuda ÇED sowadylmasy oňat. Şol sebäpden ulanylýan materiallaryň izolýasion
häsiýeti, hili gurluşyň işleme döwrüne täsir edýär. Bilşimiz ýaly käbir izolýasiýalaryň
ýylylyk çydamlylygy (dwigateli aýlamak üçin) 180 oC çenli ýetirilen, işçi temperatura
bolsa 150oC. Temperaturany barlagda saklamak üçin ýönekeý elektrik datçikler
işlenilip düzülen. Olar ÇED-ň temperatura maglumatyny güýç elektrokabeli arkaly,
goşmaça siým ulanmazdan dolandyryş nokadyna berýär. Şu prinsipli gurluş nasos
girişindäki basyş üçin hem bar. Awariýa ýagdaýynda dolandyryş merkezi ÇED-i
awtomatik usulda öçürýär.

113
30-nji sapak
Tema. Gurluşyň elektroenjam elementleri.
Soraglar:
1. Gurluşyň elektroenjam elementlery.
2. ÇSEN bilen enjamlaşan üst armatura.

ÇED, NKT-ä parallel salanýan üçtar kabel arkaly elektroenergiýa bilen


iýmitlenýär. Kabel NKT-ň daş tarapyna berkidilýär. Kabel kyn şertlerde işleýär.
Onuň ýokarky bölegi gaz sredada, kä halatda ýokary basyşda, aşaky bölegi – nebitde,
ondan hem ýokary basyşda ýerleşýär. Nasosy galdyrma – göýberme prosesinde kabel
has hem mehaniki täsir astynda galýar. Kabelden ýokary ýüklewli elektroenergiýa
berilýär. Ýokary wolt dwigatelleri ulanmak togy peselmäge we kabeliň diametrini
kiçeltmäge mümkinçilik berýär. Ýöne kabel ýokary wolt ÇED-i iýmitlendirmek üçin
ykjam we ýokary izolýasiýaly sinklenen lenta bilen (mehaniki işkes garşysyna)
örtülen. Kabeli ÇSEN-ň daşynda goýmak bilen biz onuň gabaritini kiçeldýäris. Şol
sebäpden nasos gapdalyndan inçe tekiz kabel goýberilýär.
ÇSENG-ler üçin ähli kabeller 2-ä bölünýärler – tegelek we tekizinçe. Tegelek
kabeller rezin ýa-da polietilen izolýasiýaly: KRBP – kabel rezin bron tegelek ýa-da
KRBP – kabel rezin bron tekizinçe. Polietilen izolýasiýaly kabelde R ýerine P: KPBK
– tegelek üçin we KPBP – inçe tekiz üçin.
Tegelek kabel NKT-ä berkidilýär, tekizinçe bolsa – diňe NKT-ň aşaky
turbalaryna we nasosa. Soňky döwürde diňe tekizinçe kabele geçýärler, ol ÇED-den
NKT-ň ugru bilen dolandyryş nokadyna çenli gidýär. Ýöne beýle kabelleriň
taýýarlanyşy tegelege garanyňda gaty kyn (XI.1-nji jedwel).
Ähli kabeller tolkun sinklenen polat lenta bronly we bu gerek berkligi berýär.

1-nji jedwel
ÇSENG üçin ulanylýan kabelleriň häsiýetnamasy
Kabel Tar sany we Daş diametri, Tekiz bölegiň Massa, kg/km
kese-kesik mm daşky ulylygy,
meýdany, mm 2
mm
KRBK 3x10 27,5 - 1280
3x16 29,3 - 1650
3x25 32,1 - 2140
3x35 34,7 - 2680
KRBP 3x10 - 12,6х30,7 1050
3x16 - 13,6х33,8 1250
3x25 - 14,9х37,7 1600
KPBK 3x10 27,0 - 1016
3x16 29,6 - 1269
3x25 32,4 - 1622
3x35 34,8 - 1961
KRBP 3x4 - 8,8х17,3 380
3x6 - 9,5х18,4 466
3x10 - 12,4х26,0 738
114
3x16 - 13,6х29,6 958
3x25 - 14,9х33,6 1282

Kabeller aktiw we reaktiw garşylyklydyr. Aktiw garşylyk kabeliň kesiginden


we temperatura bagly.
Kese-kesik, mm 16 25 35
Aktiw garşylyk, Om/km 1,32 0,84 0,6
Reaktiw garşylyk cosφ bagly we onuň 0,86-0,9 bahasynda 0,1 Om/km.
Kabelde elektrik güýç ýitgisi bolup geçýär, ol adatça gurluşda umumy ýitgiden
3-15 %. Güýç ýütgisi kabelde ýüklenme ýitgisine bagly. Bu ýitgiler
elektrotehnikanyň formulalary bilen hasaplanylýar. Olar takmynan 25-125 W/km. Şol
sebäpden üstde berilýän ýüklenme ÇED-ň nominal ýüklenmesinden ýitgi bahasynda
ýokary bolmaly.
Beýle beýgeltmäni, bu maksatlar üçin obmotkalarynda birnäçe goşmaça
otwodly awtotransformatorlarda ýa-da transformatorlarda göz öňünde tutylandyr.
Üçfaza transformator we awtotransformatorlaryň başdaky obmotkasy
(sarymka) senagat elektroset ýüklenmesine laýyk, ýagny 380B. Ikilenç sarym
dwigateliň işiniň işçi ýüklenmesine laýykdyr. Bu işçi ýüklenme dürli ÇED-lerde
350B – 2000B çenli üýtgeýär. Kabelde ýüklenme düşmeginiň öwezini dolmak
maksady bilen ikinji sarymdan 6 otwod (sowma) edilýär we ol sazlanmana kömek
berýär (peremyçka süýşirip). Peremyçka bir basgançak süýşirmek ýüklenmäni 30-60
W transformatora baglylykda ýokarlandyrýar.
Transformatorlar we awtotransformatorlar 98-98,5 % PTK-ly. Olaryň massasy
güýçlerine görä 280-1240 kg çenli, gabaritleri 1060x420x800 – 1550x690x1200 mm.
ÇSEDG-ň işi PGH5071 ýa-da PGH5072 dolandyryş nokadyndan
dolandyrylýar. PGX5071 ÇED awtotransformator bilen iýmitlendirlende ulanylýar,
PGH5072 bolsa – transformatorda. PGH5071 togeltiji elementleriň ýerine säha
ütgaşmasynda derrew öçýär. Iki dolandyryş nokady ÇSED-ň indiki kontrol we
dolandyşyş mümkinçiligini ýola goýýar:
1. Gurluşy elde we awtomatiki usulda öçürmek we ýakmak.
2. Senagat setde ýüklenme dikelenden soň özünden işe goýberilme režiminde
gurluşyň awtomatik ýanmasy.
3. Jemi 24 sagatda programirlenen wagtal wagtal režimde gurluşyň
awtomatiki işi.
4. Basyşa görä gurluşyň awtomatiki ýanma we öçmesi.
5. Gysga ütgaşmada we normal iş tokdan 40 % ýokary tok geçeninde gurluşyň
derrew öçmesi.
6. ÇED 20 % nominaldan ýokary bolanda 20 c çenli wagtlaýyn öçmesi.
7. Nasosa suwuklyk berilme kesilende wagtlaýyn öçme.
Dolandyryş nokady soraý ýa-da basdyrma görnüşli ýerlerde –35 - +40 oC
temperaturada, ýerlerde ýerleşdirmäge niýetlenendir.
Nokadyň massasy 160 kg. Gabarity 1300x850x400 mm. ÇPEDG-ň
komplektine kabelli baraban hem girýär.
Guýy ulanylýan döwründe tehnologiki sebäplere görä nasosyň asma çuňlugyny
üýtgetmeli bolýar. Bu ýagdaýda kabeli kesmezlik ýa-da başga goşmazlyk üçin
115
nasosyň maksimal asma çuňlugyna laýyklykda alynýar, kiçi çuňlukda artykmaç
kabeli barabanda goýulýar.

4-nji surat. ÇSEN bilen enjamlaşan üst armatura.

Baraban rewers we friksion bilen elektropriwod bilen herekete getirilýär.


Nebit kärhanalarynda köp sanly ESNG ulanylýany üçin ATE-6 KaAZ-255B
bazasynda ýörite barabanlary transport agregaty ulanylýar. ÇSEN ulanmak üçin
enjamlaşdyrylan guýynyň üst armaturasy (XI.4-nji surat) durýar: 1- krestowina; 2 –
razýöm wkladyş; 3 – uplotneniýe (dykyzlaýjy); 4 – kabel girelgesi; 5 – flýanesi.

31-nji sapak
Tema. Ýörite niýetlenen ÇSEN gurluş.
Soraglar:
1. Ýörite niýetlenen ÇSEN gurluş.
2. ÇSN gurluşyň kabel-kanatda ýerleşişi.

Çuňluk çümme sentrobež nasoslar diňe bir alyjy guýularda ulanylmaýar.


Olar ulanylýarlar:
1. Suw haýat we artezian guýularda gatlak basyşyny saklamak sistemalaryny
tehniki suw bilen üpçinçilik we hojalyk maksatlary üçin.
2. GBS sistemada ýokary basyş gatlak suwlary ulanylanda.
3. Aşaky suwly gatlakdan ýokarky nebitli gatlaga ýa-da ýokarky suwly
gatlakdan aşaky nebitli gatlaga bir guýy aşyp, gatlak içi GBS sistemasynda.
4. Nasosyň korpusynda, bir wagtda iki ýa-da ondan hem köp gatlagy bir
guýuda aýratyn ulanmak üçin, komponowkalar we akym kanawalary.
116
5. Kabel kanatda ÇSEN-ň ýörite gurluşlary.
ESNB şiferli nasosy ((B) – (turbasyz)) amatlylygy.
1. Oturtma sütüni has giňden ulanmak.
2. Badyň göterme turbalarda gidrawliki ýitgisini doly ýoklugy.
3. Nasosyň we elektrodwigatelliň ulaldylan diametri bady, berijiligi we PTK-
ny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
4. Nasos galşylanda abatlaýyş işleri geçirilende ol işleriň mehanizmlenmegi
we arzan düşmesi.
5. NKT ýoklugy sebäpli gurluşyň metallylygynyň we bahasyny düşürip, guýa
sallanýan enjamyň massasy 14-18-den 6-6,5 çenli peselýär.
6. Galdyrma – sallanma işlerinde kabeliň işkes alma mümkinçiliginiň
peselmesi.
Mundan başga-da ÇSED gurluşyň etmezçiligi:
1. Nasos çykymyň basyşy aşagyndaky enjamyň has çylşyrymly şertde
işlemesi.
2. Kabel – kanat guýudan alynýan suwuklykda ýerleşen.
3. Gidrogopar uzeli, ÇED we kabel-kanat giriş basyş bilen däl-de ondan
ýokary bolan çykyş basyş bilen iş keslenen.
4. Suwuklyk oturtma sütünden ýokary çykarylanlygy üçin parafin galyndylary
diwarda we kabelde galyp işi kynlaşýar.
Bu gurluşyň birnäçe görnüşi we ulylyklary bar (5-nji surat).

5-nji surat. ÇSN gurluşyň kabel-kanatda ýerleşişi.


1-şlipsli paker; 2-kabul ediji tor; 3-klapan; 4-oturtma halka; 5-ters klapan; 6-nasos; 7-
ÇED; 8-şteker; 9-gaýka; 10-kabel; 11-kabel opletkasy; 12-deşik.
117
Guýy üstünde kabel-kanat armaturanyň üst saloniginde dykyzlanýar we onuň
ujy dolandyryş nokadyndan transformatora birleşýär.
Gurluşy kabel tegek kömegi bilen goýberýärler we galdyrýarlar. Ol agyr
wezdehod-awtomobiliň şassisinde (APBE-1,2/8A) ýerleşýär.
Gurluşyň çuňluga goýbermesi 1000 m – 30 min, galdyrma – 45 min.
Nasos agregat guýudan galdyrylanda soryjy patrubka pakerden çykyp tabak
klapana ýapmana mümkinçilik berýär. Bu fontan we ýarym fontan guýularda nasosy
galdyrma – sallama işlerini guýyny duruzmazdan amala aşyrmaga mümkinçilik
berýär.
(UESNB5A-250-1050)-de 123 basgançak, (UESNB6-250-800) – 95 we
(UESNB5-160-1100) – 165.

6-njy surat. ESNB5A-250-1050 kanat-kabelde goýberilýän nasosyň häsiýeti.


H – bad häsiýetnamasy; N – ulanylýan güýç; η – p.t.k.

Şeýlelik bilen işçi tigiriň diametrini ulaltmak bilen bir basgançagyň bady 8,54;
8,42 we 6,7 m. Bu adaty nasos kompanowkasyndan 2 esse köp. Dwigateliň güýji 46
kWt. Nasoslaryň maksimal PTK-sy – 0,65. Mysal hökmünde (6-njy surat)-da
UESNB5A-250-1050-ň işçi häsiýeti berlen. Bu nasosa: berijilik Q = 180-300 m 3/sut,
bad H = 1150-780 m. Nasosyň doly massasy (kabelsiz) 860 kg maslahat berilýär.

32-nji sapak
Tema. Gidroporşenli nasoslar.
Soraglar:
1. Gidroporşenli nasosyň (GPN) işleme prinsipi.
2. Işçi suwuklygyň basyş täsiri.

Gidroporşenli nasosyň (GPN) işleme prinsipi


GPN-ler iki esasy bölekden ybarat: göwrüm görnüşli gidrawlik porşenli
dwigatel D (1-nji surat) we dwigatel bilen umumy ştok arkaly birigýän iki taraplaýyn
hereketli porşenli nasos H. GPN-ň esasy elementi hökmünde onuň işini dolandyrýan
3 zolotnik gurluş. Ol iş prinsipi boýunça dört basgançak işleýän kran bilen meňzeş.

118
Zolotnigiň içki bölegi kanally we 90o öwrülip iki ýagdaýda bolup bilýär (1-nji
surat, yzygider we kesik çyzyklar). Beýle aýlowlar dwigateliň ştogyndan awtomatik
usulda amala aşyrylýar.

1-nji surat. Iki tarap hereketli 2-nji surat. Differensial


zolotnikli gidroporşen nasosyň görnüşli GPN shemasy:
shemasy. a – aşak hereket; b – ýokaryk hereket

Işçi suwuklyk ýokardan güýç nasos arkaly turbageçiriji 1 boýunça (NKT)


kowylýar we zolotnigiň suratdaky ýagdaýynda D dwigateliň silindriniň ýokarky
boşlugyna berilýär. Şol bir wagtda silindriň aşaky boşluga zolotnik kömegi bilen 2
çykyş (zyňylma) liniýa bilen baglanyşýar (halkaly giňişlik).
Işçi suwuklygyň basyş täsiri bilen 3 porşen aşak hereket edýär. Suwuklyk
porşenden zolotnik arkaly 2 zyňylma turbageçirijä geçýär. Aşak hereket soňunda dört
basgançakly kran 90o-a öwrülýär, onuň kanallary 1-nji suratda kesikli çyzyk bilen
görkezilen ýagdaý geçýär. Işçi suwuklyk turbageçirijiden, zolotnigiň täze
ýagdaýynyň kömegi bilen D dwigateliň silindriniň aşak boşlugyna geçýär. Işlenen
suwuklyk ýokarky boşlukdan zyňylma liniýa 2-ä geçýär. Aşaky boşluga düşen
suwuklyk basyşy täsiri bilen 3 porşen ýokaryk hereket edýär. Hereket soňunda
zolotnik 90o yzyna öwrülýär, onuň kanallary bolsa öňki ýagdaýa geçýär. Bu işçi
suwuklygyň dwigateliň ýokary boşlugyna geçmegine we aşak hereket etmegine
mümkinçilik berýär. Porşeniň hereket tizligi we onuň aýlow sany işçi suwuklygyň
berilme tizligine bagly. Ýöne aýlow tizligi çäksiz ýokarlanyp bilmez. Porşen topar
agregatyň, zolotnigiň we suwuklygyň kanaldaky inersiýasy basgançak (hereket) sany
çäklenýär, adatça 100-den ýokary bolmaýar.
Zolotnik konstruktiw taýdan fasonly wtulka görnüşinde dwigateliň ştogynda
oturyp süýşip bilýär.
Dwigateliň ştogynyň ýokarky we aşaky böleklerinde gyska pazalar – kanallar
bar. Olar arkaly işçi suwuklyk, zolotnik silindrine düşýär we fasonly wtulkany
süýşirip silindr (dwigateliň) we turbageçiriji 1 we 2 aralyk açýar.
119
Bir hereketli, differensial görnüşli GPN-lar hem bar. Bularda gatlak
suwuklyklary diňe ýokary hereketde bolýar (2-nji surat).
Bu nasosyň işi, ýokarda işçi suwuklygyň ýokary pulsasiýasy bilen amala
aşyrylýar. Işçi suwuklygyň basyşyny ölçäp GPN işiniň dinamogrammasyny alyp
bileris. Bu görnüş nasosyň “Koub” amerikan firmasynyň çykarýany “Gidrolift”
atlandyrylýar. Ol 50-137 mm nominal ululykly, hereket 1,53 m we önüm berijiligi 24
– 2400 m3/sutka.
Üç kanal sistemalar hem bar, bu ýagdaýda işçi suwuklyk NKT-den girip,
NKT-ň birinji we ikinji hatar aralyk halkadan, gatlak suwy bilen garyşman ýokaryk
çykýar. Gatlak suwy bolsa 3-nji halkadan (2-3) ýokaryk çykýar. Görşimiz ýaly beýle
işde NKT-ň 3 hatary gerek. Has bolmanda üçünji kanal hökmünde 2 we oturtma
sütün aralyk halka ulanylyp bilner. Bu sistemasynyň etmezçiligi onuň köp
metallylygydyr we gymmatlygydyr.
GPN-i göýbermek we guýuda enjamlaşdyrmak iki görnüşde amala aşyrylýar:
sallama we GPN-i NKT-de asma we GPN-i sallama we ony kowyjy suwuklyk bilen
ýerine oturtma (erkin GPN-ler).
3-nji suratda, a we b guýuda GPN-ň gurnamagyň görnüşleri. Kiçi diametr
NKT-ä 1, 4GPN asylýar. Onuň aşak böleginde dykyz element 7 bar. Ol oturma
konus 5 oturýar. Olaryň aşakdan NKT 2 bilen berkidmesi bar.

3-nji surat

Guýy erkin GPN bilen enjamlaşdyrylanda NKT-ň aşak böleginde hökman ters
klapan goýulýar. NKT nebit bilen dolandan soň GPN zyňylýar we NKT-ä akym bilen
aşak süýşýär. 2 hatar NKT-ň aşak böleginde ýörite stakan bar. Ol ýerde GPN oturýar.
GPN korpusynda dykyzlaýjy rezinalar we suwuklyk akar ýaly deşikler bar.
Onuň ýokary böleginde elastik rezin porşen-manžet bar, onuň diametri NKT-ň içki
120
diametrine deň. GPN ýerine oturandan soň işçi suwuklyk basyşy ýokarlanýar we
nasos işläp başlaýar. Ony guýudan çykarmak üçin 4 basgançak kran “galdyrma”
ýagdaýda goýulýar.
Işçi suwuk güýç agregatdan halkalalyga düşüp nasosyň dykyzlandyryjy
halkasynyň aşagynda basyş emele getirýär. Belli bir basyşda GPN stakandan çykyp
NKT boýunça ýokaryk itilýär (4, a surat). Erkin GPN-ň sallama we galdyrma tizligi
işçi suwuklyk harjy arkaly kesgitlenilýär. Ony sallama we galdyrma 2000 m bir adam
bilen 2-2,5 sag. amala aşyrylyp biler.

4-nji surat. Erkin GPN-i guýudan galdyrma shemasy.

33-nji sapak
Tema. Wintli çümme nasoslar (WÇN).
Soraglar:
1. Wintli çümme nasoslar (WÇN).

WÇN –ň esasy elementi çerwýak wintdir. Ol ýorite profilli rezin oboýmada


aýlanýar. Her ädimde wint we rezin oboýma aralykda suwuklykly boşluk emele
gelýär we wint oky boýunça hereket edýär. Priwod hökmünde ÇSEN-däki ýaly ÇED
ulanylýar. Ýöne ÇSEN üçin aýlow ýygylygyň köpelmegi nasosyň ulanma
häsiýetnamasyny ýokarlandyrýan bolsa, WÇN-de tersine. Daşky görnüşi boýunça
WÇN ÇSEN-den az tapawutlydyr.
Gurluş komplektine girýär: WÇN üçin awtotransformator ýa-da transformator;
gerek awtomatikaly we goragly dolandyryş stansiýasy; kabel girişini we guýyny
121
dykyzlandyryjy üst gurluş; elektrik kabel; wintli nasos; elektrodwigateliň
gidrogoraçy; ýagdoly dört polýusly üýtgeýän tokly elektrodwigatel – WÇN.
Wintli nasosyň esasy işçi organy (1-nji surat) iki polirlenen we hromlanan 2
we 4 polat kesiklerden durýar. ol 1 we 5 rezin oboýmalarda aýlanýar.

1-nji surat. Iki işçi organly 2-nji surat. Nasos wintiň


wintli nasos. we oboýmanyň kesigi.
122
3-nji suratda bir aýlowda oboýmada wint kesiginiň ýagdaýlary görkezilen.

3-nji surat. Bir aýlowda oboýmada wint kesiginiň ýagdaýlary. I –başdaky


ýagdaý; II-90o aýlowda; III-180o aýlowda; IV-270o aýlowda; V-360o aýlowda; k –
wint ýüzünde bellenen nokat.

Polat wintiň islendik kese-kesigi dogry tegelekdir, ýöne bu tegelegiň merkezi


wint liniýasynda ýatýar. Rezin oboýmanyň içki boşlugy wintiň oky boýunça islendik
ýerde bir we azyrak bir-birine öwrümli.
Dwigatel işlände wint öz okunyň daşynda aýlanýar. Şonuň bilen birlikde
wintiň oky özi d = 2e diametrde aýlanýar.
Her ädimde alynýan suwuklyk wint we oboýma aralyk boşlugy doldyrýar.
Şeýlelikde wint nasosyň sutkada berijiligi

Q = 4eΔTn * 60 * 24α (1)

n – ÇED-ň walynyň aýlow ýygylygy; α- nasos berijilik koeffisiýenti;


boşluklaryň garyş düzüminde gaz barlagy sebäpli doly dälligi.
Ýokarky we aşaky wintler diňe öz okynyň daşynda däl-de eýsem d = 2e
diametrli töwerekden hem aýlowy üçin olar ekssentrik mufta bilen (XIII.1-nji surat)
birigen.
Eksentrik muftalar suwuklykda işleýär. Nasosda iki tarap suwuklyk kabul etme
we ýokarky bilen aşaky wint aralyk boşluga çykyş bar. Soň suwuklyk halka aralyga
gidýär. Soň ýörite gyşyk kanallardan, ýokarky wintiň giriş toryny inkärläp WÇN-ň
esasy bölegine düşýär. Goranyş klapandan geçip şlagi turbasyna barýar we NKT-ä
düşýär.
Radial – maýyşgak podşipnik we dykyzlaýjy salnik aşagynda, nasosyň aşak
böleginde işe goýberiji mufta ýerleşen. Ol protektor walyny we dwigateli birikdirýär,
soň wal dwigateliň maksimal aýlow momendine deň aýlow edýär. Munuň üçin işe
goýberiji muftada süýşirilýän eksentrik kulaçoklar bar. Bular nasosy maksimal aýlow
momendinde berk saklaýar.
Mundan başga-da olar nasos walyny gyra aýlanmagynyň öňüni alýar.
Dört eksentrik mufta şarnir hereketi hasabyna gerek aýlow momendi bermäge
we wintlere çylşyrymly plonetar hereket etmäge mümkinçilik döredýär.
WÇN guýudan çykarylanda suwuklyk NKT-den şol öňki sebäpler üçin halkara
giňişlige akyp bilmeýär. Bu ýagdaýda porşen – zolotnik klapan NKT we halkara
bilen aralygy açýar we suwuklyk dökülýär.
123
Eger gerek suwuklyk gatlakdan guýa gelmese ýa-da suwuklykda köp
mukdarda gaz bolsa goraýjy klapanyň zolotnigi NKT-den belli bir suwuklyk gapdal
klapanlardan halkaralyga akýar ýaly edip gurnalýar. Haçanda nasos normal berijiligi
berende klapanyň zolotnigi ýapylýar we ähli suwuklyk NKT-ä akýar.
Şlam turbasy nasosy gaty bölejiklerden we onuň işçi organlaryny sandan
çykarýan bölejiklerden gorýar. Ol ýokarsy dykylan, gapdallary deşijekli adaty
patrubka görnüşlidir. Çökündi gaty bölejikler NKT-ň ir topary we şlam turbasy bilen
aralykda ýygnanýar.
Gürrüň berlişine laýyklykda, WÇN az enjamly çylşyrymly bolmadyk
maşyndyr. Ol gaty ykjam we abatlama döwür aralygy uly. Ýurdymyzda önümçilikde
eýýäm birnäçe gurluş tejribe geçirildi, olaryň berijiligi 40, 80 we 100 m 3/sut. 146 we
168 mm diametrli oturtma sütünde.
Wintli nasoslar sentrobež nasoslar ýaly şiferli. Meselem, EWNT5A-100-1000
diýmeklik: elektro wintli nasos (EWN) ýuwaş hereketli (T), 5A kolonna üçin, 100
m3/sut berijilikli we 1000 m badly. Bularyň içinde 1400 m badlysy hem bar. Ýokarda
görkezilen nasos suwda maksimal p.t.k eýe 0,68-0,7. Eger azajyk suwuklyk
şepbeşikligi ýokarlansa 0,4 sm3/s (çenli), onuň maksimal p.t.k-sy 0,73-0,75 çenli
galar.
4-nji suratda EWNT5A-100-1000 nasosyň 1,35 sm3/s suwda we gliserinde
işleme häsiýetleri görkezilen.

4-nji surat. ENWG5A-100-1000-ň suwda we glisirinde wint nasosyň işçi


häsiýetnamasy.

ÇWN göwrümli maşyn bolany üçin onuň berijiligi ÇSEN-ka garanyňda bada
az bagly. Meselem, bady H = 1000 m we berijiligi 40-100 m 3/sut nasosyň p.t.k-sy
350-1000 m ýatýar.
ÇWN-ň çykarmasyz işleme dowamlylygy kä halatlarda 16 aý boldy.
ÇWN-i ýokary şepbeşikli nebit almada ulanmak effektiwdir. Olara nebitde gaz
bolmagyna az tapawutlydyr, gaz bolupda işçi organa düşäýse berijilik kesilmeýär.
ÇWN-ň asylma çuňlugy we onuň iş parametrleri ÇSEN-ňki ýaly kesgitlenilýär.

124
34-nji sapak

Tema. Gatlaklary bir guýuda bölek ulanmak.


Soraglar:

1. Umumy prinsipler.
2. Gatlaklary aýratyn ulanmak üçin guýynyň käbir enjamlarynyň shemalary.

Umumy prinsipler

Nebit alnanda köp gabat gelinýän nogsanlyklaryň biri dürli häsiýetli iki nebitli
gorizonty bir guýuda ulanmakdyr. Mundan başga-da her gorizont kä halatlarda dürli
häsiýetli birnäçe gatlakly bolýar, olaryň hersi indiwidual özleşdirme talap edýär.
Hatda bir gatlakda hem geologik birmeňzeşlikde dürli geçirijilikli geçirmeýji inçe
gatlajyklar bilen bölünen gatlajyklara duş gelmek bolýar. Bu gatlajyklar boýunça
foltrasiýa garaşsyz amala aşýar. Mundan başga-da käbir gatlaklarda dürli basyş bolup
nebit hem dürli häsiýetli bolup biler. Bu hem olary aýratyn ulanmaga ýol açýar.
Birnäçe dürli häsiýetli gorizontlar ýa-da gatlaklaryň bolmagy, olary hususy guýy
torlarynda özleşdirmäge mejbur edýär.
Nebit känlerini özleşdirme tejribesiniň görkezişine görä pul ýatyrymlaryň
ýaryndan köpüsi guýy burawlamana gidýär. Şeýlelikde hemişe haýsydyr bir
gatlajyklary, gatlak ýa-da gorizontlary bir ýa-da birnäçe özleşdirme obýektine
birikdirip bir guýy torunda ulanma meselesi ýüze çykýar.
Beýle meseläni özleşdirmäniň baş döwründe çözme gerek bolýar. Şol
sebäpden guýularda birnäçe gatlagy perferirläp olary “umumy filtr” bilen ulanmak
gerek bolýar. Bu bolsa uly serişdeleri we material serişdeleri tygşytlamana
mümkinçilik berer. Käbir ýagdaýda nebitli gatlaklar ýa-da gatlajyklar suwuklyk
bermäniň ýerine umumy filtr bilen açylanda tersine siňdirýär. Beýle ýagdaý
debitomer bilen akymyň profili alnanda ýüze çykýar. Siňdirme dürli gatlakda dürli
basyş bolanlygy üçin ýüze çykýar, ýa-da olar bilen kowyjy guýular bilen
baglanşygynyň ýoklugy üçin. Diňe düýp basyşy gaty kiçeltmek arkaly kiçi basyşly
gatlaklardan nebiti almak bolar. Bu ýagdaýda beýle gatlaklary basyş tapawudy
(depressiýa) hem dürli bolar we olaryň özleşdirmede paýy hem dürli bolar.
Bu ýagdaýdan çykmagyň iň oňat ýoly her gatlaga aýratyn torly guýyly
garaşsyz özleşdirme sistemasyny gurmakdyr. Bu bolsa haçanda birmeňzeş häsiýetli
gatlaklar toparlanyp bir özleşdirme obýektine geçirilip umumy filtrden ulanylsa
amala aşar. Ýöne bu aýratyn ulanma ýa-da bir guýy geçip dürli gatlaklara suw
goýbermegi sübitlamaýar.
Şol maksat bilen aýratyn ulanma tehnologiýasynyň önüm etapynyň başynda
köp hatar guýy taslamalary hödürlendi we amala aşyryldy. Bir burawlanan uly
diametrli nule iki ýa-da üç kiçi göwrümli oturtma sütünleri goýberildi, olar
sementlenip hersi öz gatlagynyň gabadynda üçüplanýan perforasiýa arkaly
perforirlendi. Bu kiçi çuňluklarda mümkin we soň ulanma we abatlama we ş.m.
işlerinde kynçylyk ýüze çykdy. Soň bu mesele üçin ösüş, ýörite enjamlar ulanma
ugryna ýol aldy. Ol enjam guýa goýberilmeli we iki ýa-da üç gatlagy açyp bilmelidi.
125
Beýle enjamyň esasy elementi pakerdir. Ol gatlaklary biri-birinden izolirleýär we
onda suwuklyk ýokary çykar ýaly aýratyn kanallar bar.
Bir guýudan gatlaklary aýratyn ulanmak üçin enjam aşakylara boýun bolmaly:
- her açylan gatlak garşysynda berlen basyşy ýüze çykarmaly we saklamaly;
- her gatlakdan alynýan suwuklyk debiti ölçemeli;
- ýokarda, dürli gatlaklaryň önümini guýuda garmazdan almak;
- her gatlagy, barlag nusga nebiti almak ýa-da BDE almak usuly bilen
öwrenmek;
- guýuda abatlaýyş işleri we enjam galyşygy;
- her gatlakdan alynýan suwuklygy sazlamak;
- akymy çagyrma işleri we guýyny özleşdirmek.
Iki gatlagy suwuklygyň guýa akma şertine baglylykda indiki usullarda aýratyn
ulanmak bolar:
1. Iki gatlak hem çuwdürümli bolsa.
2. Bir gatlak çüwdürimde, beýleki mehaniki usulda.
3. Iki gatlak hem mehaniki usul bilen.
Kabul edilen terminalogiýa laýyklykda bilelikde ulanylýan tehnologik
sistemany gysgalma geçirilýär. Ol aýdylanda başda aşaky soň ýokarky gatlak
ulanmanyň sistemasyny (shemasyny) aňladýar. Meselem, nasos – fontan (çüwdürim)
shema diýmeklik aşaka gatlak nasos bilen, ýokarka bolsa fontan usulda ulanylýar
diýmeklikdir. Şeýlelikde aşakdakylar: fontan – fontan; fontan – gazlift; gazlift –
fontan; nasos – fontan; fontan – nasos; nasos – gazlift; gazlift – nasos; nasos – nasos;
gazlift – gazlift. Bir guýuda üç gatlagy ulanmak has ýeňil şertlerde mümkin, şol
sebäpden ol gaty seýrek ulanylýar.

Gatlaklary aýratyn ulanmak üçin guýynyň käbir enjamlarynyň


shemalary

Bir wagtda iki gatlagy bir guýuda ulanmagyň ýönekeý enjamlaşdyryş shemasy
iki paralel hatar NKT (XIV.1-nji surat) fontan – fontan shemada işleýän. Turba
hatarlaryň biriniň ujynda 1 paker bar, ol iki gatlak arada goýulýar. Aşaky gatlagy
ulanýan NKT-de kiçi göwrümli 3 klapan oturdylýar. Ýokarky gatlagy ulanýan
klapanda hem ýörite klapan 4 oturdylýar. Üstiň enjamlary 5 troýnikden we 6 iki hatar
salnikden ybarat. Her gatlagyň nebidi garyşmaýar we 7 troýnikden ýygnanyş nokada
berilýär. Iki gatlak hem 5 troýnige gaz bermek arkaly ulanylýar. Normal fontanlama
režime geçeninden soň gaz berilme bes edilýär.
Aýratyn ulanmakda ÇSEN gurluşy shema çylşyrymlydyr (XIV.2-nji surat).
Galdyrma sistema 1 pakerden 2 sentrobež nasosdan, 3 kožuhdan, 4 bölüjiden, 5
plunžerden ybaratdyr. Bu ýerde aşaky gatlak suwuklygy pakerden 3 we 2 aralykdan
elektrodwigateli sowadyp geçýär.

126
1-nji surat. Fontan-fontan shwma
boýunça iki hatar paralell turba bilen iki
gatlagy aýratyn ulanma gurluşyň
shemasy.

2-nji surat. Nasos – fontan (ÇSEN-li görnüşde gatlaklary aýratyn ulanmak üçin
gurluş shemasy.
127
3-nji surat. Fontan-nasos (ÇSEN-li görnüşde gatlaklary aýratyn ulanmak üçin
gurluş shemasy.

Bu ýerasty enjam NKT-ä sallanýar we oturtma sütünde ýorite turba ýakor 6


bilen asylýar, bu ýerde elektrodwigateliň geçelgesi göz öňünde tutulan. Turba ýakor
NKT-ň agyrlygyny 7 kabul edýär we ony nasosa bermeýär. Guýynyň üstünde bolsa
adaty fontan armaturasy 9 oturdylýar. Mundan başga-da ÇSEN-10, 11
awtotransformatorly dolandyryş stansiýasy hem ýerleşen. Gurluş guýyny adaty
usullar bilen öwrenmäge, barlamaga mümkinçilik bermeýär. Ýöne basyşy manometr
bilen 4 üstünde ölçemäge mümkinçilik bar. Ol basyşy we plunžer ştuserinde ýitgini
bilip, fontan gatlak garşysyna basyşy kesgitläp bolar. Fontan-nasos (3-nji surat)
128
shemada işlenende gatlaklar 1 paker arkaly bölünýär. ÇED 2, ÇSEN 3, 4 bölüjy,
aýlow geçiriji kanal 12 we 6 turba ýakordan durýan toplum NKT-ä sallanýar, 8 kabel
arkaly. Ýer ýüzünde adatça 9 fontan armatura, 10 dolandyryş stansiýa we 11
awtotransformator ýerleşdirilýär.
Gatlaklary ştangaly nasosly aýratyn ulanmak hem çylşyrymly bolup durýar.
Alyşdyr inženerler tarapyndan gatlaklary bir guýuda aýratyn ulanmagyň dürli
gurluşlary oýlanyp düzüldi. Olaryň aglabasy iş şerti indiki ýetmezçilikleri sebäpli
önümçilikde ulanmaga giňden ýaýramady.

4-nji surat. ŞGN-li nasos-nasos görnüşinde gatlaklary aýratyn ulanmak üçin


gurluş shemasy.

ŞGN-ŞGN (4-nji surat) shema boýunça her gatlakdan suwuklyk alma goşulan
ştangaly nasos ulanmak arkaly ýerine ýetirilýär. Iki nasos hem bir turba sallanýar we
bir ştanga sütün bilen SK arkaly herekete getirilýär. Aşaky ŞGN 1, 2 pakerden
suwuklyk alýar we ýokarky ŞGN 3 ýakorsyndaky NKT giňişlige berýär. ýokarky
gatlakdan suwuklyk ýokarky nasos girelgesine 5 gapdal deşiklerden gelýär. ýokarky
ŞGN-den hem suwuklyk NKT-ä düşýär. Şeýlelik bilen iki gatlagyň suwuklyklary
garylýar we NKT arkaly ýokary çykýar. Gatlaklar biri birinden paker arkaly
izolirlenen.

35-nji sapak
Tema. Bir guýudan iki gatlaga aýratyn suw bermek.
Soraglar:
1. Bir guýudan iki gatlaga aýratyn suw bermek.
2.
Bir guýudan iki gatlaga aýratyn suw berme enjamy (ABE) dürli kowma
basyşda iki aýratyn kanal arkaly suw bermekden ybarat. Basyşy defferensirleme iki
suw getiriji goýmak bilen ýa-da basyşy drossirleme arkaly amala aşyrylýar. Ikinji
129
ýagdaýda umumy suw getirmede doýgunlaşma basyşa deň ýa-da ondan ýokary
bolmaly. Emma basyşy drosselirleme energetik nukdaý nazardan amatly bolmadyk
energiýa ýitgisi bilen baglanşyklydyr. 146 mm (ORZ-2P-5) we 168 mm (ORZ-2P-6
kolonnalarda iki gatlaga aýratyn suw bermek üçin ýerasty enjamlar konstruksiýasy
işlenilip düzülen. Nasos turbalar sütüninde 1 guýa 3 şlipsli paker goýberilýär (XIV.5-
nji surat.

5-nji surat. ORZ-2P-5 görnüşli bir bölüji paker bilen iki gatlaga aýratyn suw
bermek üçin enjamlaşdyrma shemasy.

Aýratyn suw berme enjamy suw siňdirýän gatlak filtri wagtal-wagtal ýuwmaly.
Shema boýunça suwy halkara giňişlikden bermä seredilýär, ýokarky suw siňdirýän
gatlaga. Merkezi turbadan bolsa aşaky suw siňdirýän gatlaga. Ýokarky gatlaga
berilýän suwuň basyşy aşak 9 klapana berilýär we ol ýapylýar. Şeýlelikde guýuda
aşaky gatlaga suw geçmeýär. NKT boýunça 7-den aşaky gatlaga barýar.
Ýuwujy klapan ýuwujy suwy NKT-ä kowmaga mümkinçilik berýär. Bu
ýagdaýda suw NKT-den aşaky gatlak filtrini ýuwyp we başmakdan geçip ýuwyjy
klapan 9-a geçýär. Eger onuň aşagynda basyş ýokarsyndakydan ýokary bolsa, ol
açylar we suwy geçirer we oturtma sütüne goýberer. Munuň bilen birlikde ýokarky
gatlagyň foltr bölegi hem ýuwylar. Ýuwyjy suw ýer ýüzine halkara giňişlikden
çykýar.
Beýle komponowkada guýy sütüniniň enjamlary we iki gatlagyň hem filtrleri
halkara suw bermek arkaly ýuwylýar. Iki gatlaga berilýän suw harjy ýer ýüzünde
ölçenýär. Enjam guýa sallananda manžetleri goramak üçin oňa enjam guýyda
gysylandaky suwuklyk basyşy täsiri asdynda aýrylýan metallik kožuh geýdirilýär.
Manžetden ýokarda paker serdeçniginde çäklendiriji wtulkalar oturdylýar. 168 mm
kolonna üçin ORZ-2P-6 enjam konstruksiýasy ýokarda seredilene meňzeş. Ýöne
munda tehnologik shemada NKT boýunça ýokarky basyşa has ýokary basyş
ulanylýar. Ulanma sütün boýunça aşaky gatlaga pes basyş ulanylýar. Guýyny ýuwma
ters ýuwma usulda amala aşyrylýar. Eger ýokary berilýän suw basyşy oturtma sütün
130
üçin howply däl bolsa, onda ORZ-2P-6 enjamy guýa diňe aölüji paker bilen
sallanýar. Ýokarky paker goýulmaýar.
Iki gatlaga aýratyn suw bermek üçin başga konstruksiýalar hem bar. Olaryň
tarypy we häsiýetlerini ýorute edebiýatlarda tapylýar.

EDEBIÝAT

1. Gurbanguly Berdimuhamedow.Eserler ýygyndysy. – Aşgabat: Türkmen döwlet


neşirýat gullugy, 2007.
2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan
eserler. 1-nji tom. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2008.
3. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan
eserler. 2-nji tom. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.
4. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan
eserler. 3-nji tom. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.
5. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: Halka
daýanyp, halkyň hatyrasyna. – A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.
6. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan
eserler. 4-nji tom. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.
7. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – melhemler mekany. –
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.
8. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan
eserler. 5-nji tom. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2012.
9. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan
eserler. 6-njy tom. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013.
10.Gurbanguly Berdimuhamedow. Döwlet guşy. – Aşgabat: Türkmen döwlet
neşirýat gullugy, 2013.
11.Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan
eserler.7-nji tom. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.
12.Gurbanguly Berdimuhamedow. Bilim-bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk. –
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.
13.Gurbanguly Berdimuhamedow. Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi.–
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015.
14.Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan
eserler.8-nji tom. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015.
15.Gurbanguly Berdimuhamedow. Çaý – melhem hem ylham.– Aşgabat:
Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016.
16. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi.
– Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017.
17.Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli
maksatnamasy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.
18.Муравьев И.М. Разработка и эксплуатация нефтяных месторождений. М.
Недра. 1971.
19.Щуров В.В. Технология и техника добычи нефти. М. Недра. 1978.

131
20.Бойко В.Н. Разработка и эксплуатация нефтяных месторождений. М.
Недра. 1980.
21.Лутошкин Г.С. Сбор и подготовка нефти, газа и воды. Учебник. M.
Недра. 1979.
22.Коротаев Ю.П., Ширковский А.И. Добыча, транспорт и подземное
хранение газа. Учебник. M. Недра. 1984.
23.Batyrow S., Geldimämmedow D. “Nebit çykarmagyň tehnikasy we tilsimaty”
dersinden umumy, tejribe sapaklaryň ýazgylary. Aşgabat. 2006.
24.Batyrow S., Geldimämmedow D. “Nebit çykarmagyň tehnikasy we tilsimaty”
dersinden ýyllyk işi üçin usuly görkezme. Aşgabat. 2006.

132
Mazmuny

1-nji sapak Giriş. Guýulary ulanylyşa taýýarlamak. 1


2-nji sapak Guýulary deşmeklik tehnikasy. 5
3-nji sapak Çäge akymly deşmeklik. 8
4-nji sapak Nebit guýularyny özleşdirmegiň usullary. 16
Guýulary suwuklygyň sorulmasy bilen özleşdirmegiň
5-nji sapak 21
gidrawliki hasaplamasy.
6-njy sapak Göçme kompressor desgalar. 26
7-nji sapak Guýynyň düýp ýaka zolagynda iş geçirmegiň usullary. 29
8-nji sapak Termokislotaly işlemek. 35
9-njy sapak Terrigen kollektory kislotaly işlemek. 37
10-nji sapak Gatlagy gidrawliki ýarmak. 40
11-nji sapak Gidroýarmagy geçirmek. 46
12-nji sapak Gatlagy gidroýarmak üçin tehnika. 51
13-nji sapak Guýynyň düýp ýaka zolagyny ýylylyk bilen işlemeklik. 57
14-nji sapak GDÝZ-da termogazhimiki iş geçirmek. 59
15-nji sapak Guýyny derňemegiň usullary. 62
Guýyny gidrodinamiki derňemek üçin tehnikalar we
16-njy sapak 64
enjamlar.
17-nji sapak Çüwdürim guýularyň enjamlary. 68
18-nji sapak Çüwdürim guýularyň işini sazlamak. 73
Çüwdürim guýylarynda näsazlyklaryň ýüze çykmagy
19-njy sapak 74
we olaryň öňüni almak.
20-nji sapak Guýyny ulanmagyň gazlift usuly. 77
21-nji sapak Gazlift göterijileriň konstruksiýasy. 79
22-nji sapak Ştangaly nasos bilen guýyny ulanmak. 82
23-nji sapak ŞGN-nyň berijiligi we berijilik koeffisiýenti. 83
24-nji sapak ŞGN-nyň berijiligini peseldýän faktorlar. 85
25-nji sapak ŞGN-nyň berijiligini peseldýän faktorlar (dowamy). 89
Ştanga täsir edýän ýüklenmeler we olaryň plunžeriň
26-njy sapak 91
hereketine täsiri.
27-nji sapak Ştanga nasosly guýularyň enjamlaşdyrylyşy. 99
28-nji sapak Stanok-kaçalka (SK). 106
29-njy sapak Çuňluk çümme sentrobež elektronasosly guýulary ulanmak. 109
30-njy sapak Gurluşyň elektroenjam elementleri. 114
31-nji sapak Ýörite niýetlenen ÇSEN gurluş. 116
32-nji sapak Gidroporşenli nasoslar. 118
33-nji sapak Wintli çümme nasoslar (WÇN). 121
34-nji sapak Gatlaklary bir guýuda bölek ulanmak. 125
35-nji sapak Bir guýudan iki gatlaga aýratyn suw bermek. 129
Edebiýat 131

133

You might also like